Işaýa
9 Gadymy döwürler Zebulun topragy we Naftaly topragy azap çekipdi, masgara edilipdi. Indi ýurdy şol wagtky ýaly tümlük gaplamaz+. Birnäçe wagtdan Hudaý ýurdy, deňze barýan ýoly, Iordan topragyny we ýat milletleriň ýaşaýan Jelilesini arşa galdyrar.
2 Garaňkylykda ýöreýän halk
Güýçli ýagtylyk gördi.
Tüm-garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstüne
Ýagtylyk şöhle saçdy+.
3 Sen halky köpeltdiň,
Şatlygyna şatlyk goşduň.
Olar seniň öňüňde,
Hasyl ýygnaýan daýhanlar kimin begenýärler,
Olja paýlaşýan esgerler kimin guwanýarlar.
4 Sen olaryň agyr boýuntyrygyny döwdüň,
Arkasyna degýän gamçyny,
Hojaýynynyň gamçysyny üzüp taşladyň.
Sen midýanlaryň ýeňlen güni hem şeýle edipdiň+.
5 Her ädimi ýer sarsdyrýan esgerleriň,
Batyr ýigitleriň ädikleri, gana boýalan eşikleri,
Oduna derek ýakylar.
7 Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz,
Hemişe parahatçylyk bolar+.
Ol Dawudyň tagtynda+, patyşalyk tagtynda oturar.
Onuň hökümdarlygy berk bolar, sarsmaz+,
Adalatly+ hem dogruçyl+ höküm sürer,
Häzirem, gelejekde-de dowam eder.
Muny Serkerdebaşy Ýehowa höwes* bilen eder.
8 Ýehowa Ýakuba çykaran hökümini yglan etdi,
Ysraýylda jar etdi+.
9 Muny bütin halk biler,
Efraýymyň we Samariýanyň ilaty eşider.
Olar ulumsylyk we göwnüýetmezçilik bilen diýýärler:
10 «Kerpiçler ýykyldy,
Emma biz ýonulan daşlardan gurarys+.
Injir agaçlary çapylyp taşlandy,
Ýöne olary kedr agaçlaryna çalşarys».
11 Ýehowa Resiniň duşmanlaryny oňa* hüjüm etdirer,
Onuň ganym duşmanlaryny aýaga galdyrar.
12 Gündogardan Siriýany,
Günbatardan* piliştlileri çozdurar+.
Olar Ysraýyly bir demde ýalmap ýuwudar+.
Emma Onuň gahary köşeşmedi,
Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.
13 Halka jeza berilse-de, Hudaýa dolanmady,
Serkerdebaşy Ýehowany gözlemedi+.
14 Ýehowa Ysraýylyň başyny-da, guýrugyny-da,
15 Baş — abraýly adamlar, ýaşulular,
Guýruk — ýalany öwredýän pygamberler+.
16 Ýolbaşçylar halkyň başyny çaşyrýarlar,
Olara eýerýänler azaşýarlar.
17 Ýehowa olaryň ýaş ýigitlerine guwanmaz,
Ýetimlerine we dul hatynlaryna rehim etmez.
Sebäbi olaryň ählisi imandan dänen hem zalymdyr+,
Agzyndan bolgusyz sözler çykýandyr.
Emma şonda-da Onuň gahary köşeşmedi,
Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.
18 Erbetlik ot kimin tutaşar,
Ýandaklary, haşal otlary ýalmap ýuwudar.
Ol gür tokaýlary ýakar,
Tüssesi al-asmana galar.
19 Serkerdebaşy Ýehowanyň gazabyndan,
Ýurt lowlap ýanar,
Halk otda ýanyp kül bolar.
Dogan dogana rehim etmez.
20 Biri sagynda durany kesip iýer,
Emma aç galar.
Başga biri çepinde durany iýer,
Ýöne doýmaz.
Her kim öz elini iýer.
21 Manaşa Efraýymy,
Efraýym Manaşany iýer.
Ikisi bilelikde Ýahuda topular+.
Emma Onuň gahary köşeşmedi,
Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.