Ýahýa gelen Ylham
7 Şondan soň men ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze we hiç bir agaja ýel öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar. 2 Men Günüň dogýan tarapyndan* ýokary galyp barýan başga bir perişdäni gördüm. Onuň elinde Biribaryň möhüri bardy. Ol ýer ýüzüne we deňze zyýan ýetirmäge ygtyýar berlen dört perişdä batly ses bilen: 3 «Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak+, ýer ýüzüne, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň» diýdi.
4 Men 144 000 adamyň möhürlenendigini+ eşitdim. Olar ysraýyl ogullarynyň+ her taýpasyndan alnyp möhürlenipdi.
5 Ýahuda taýpasyndan 12 000 adam möhürlendi,
Ruben taýpasyndan 12 000,
Gad taýpasyndan 12 000,
6 Aşer taýpasyndan 12 000,
Naftaly taýpasyndan 12 000,
Manaşa taýpasyndan+ 12 000,
7 Şimgon taýpasyndan 12 000,
Lewi taýpasyndan 12 000,
Ysahar taýpasyndan 12 000,
8 Zebulun taýpasyndan 12 000,
Ýusup taýpasyndan 12 000,
Benýamin taýpasyndan hem 12 000 adam möhürlendi.
9 Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini+ gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde uzyn ak eşikli durdylar+, ellerinde hurma agajynyň şahalary bardy+. 10 Olar batly ses bilen: «Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa+ we Guza borçly»+ diýýärdiler.
11 Ähli perişdeler tagtyň, ýaşulularyň+ we dört perişdäniň töwereginde durdylar. Şonda olar tagtyň öňünde ýüzin ýykylyp, Hudaýa sežde etdiler-de: 12 «Omyn! Goý, şöhrat, alkyş, akyldarlyk, minnetdarlyk, hormat, güýç-kuwwat baky hem ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun!+ Omyn!» diýdiler.
13 Ýaşulularyň biri menden: «Uzyn ak eşikli adamlar+ kim? Olar nireden geldiler?» diýip sorady. 14 Men şol bada: «Agam, özüň bilýänsiň» diýdim. Ol şeýle diýdi: «Olar uly betbagtçylykdan geçenler+, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap-ak etdiler+. 15 Şonuň üçin hem olar Hudaýyň tagtynyň öňünde durlar. Olar Hudaýyň ybadathanasynda gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler. Tagtda oturan Hudaý+ olaryň üstüne çadyryny diker+. 16 Olar indi hiç haçan ajykmaz, suwsamaz. Olary ne Gün urar, ne-de jöwza ýakyp ýandyrar+. 17 Sebäbi olary tagtyň ýanynda duran Guzy+ bakar+ we ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna+ elter. Hudaý hem olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer»+.