Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
139 Eý Ýehowa, meni doly barladyň, tanadyň+.
2 Meniň haçan oturyp, haçan turanymy görýärsiň+,
Pikirlerimi uzakdan bilýärsiň+.
3 Ýöränimde, ýatanymda meni synlaýarsyň,
Ähli ýollarymy bilýärsiň+.
4 Eý Ýehowa, agzymdan söz çykmanka,
Näme diýjegimi bilýärsiň+.
5 Sen meniň çar tarapymy goraýarsyň,
Eliňi başyma goýýarsyň.
6 Sen meni şeýle gowy tanaýarsyň welin,
Men haýran galyp, akylyma sygdyryp bilemok+.
7 Seniň ruhuňdan nirä gaçyp gideýin?
Seniň nazaryňdan gaçyp nirede gizleneýin?+
9 Säheriň ganatlarynda uçup,
Uzak adalarda mesgen tutsam-da,
10 Şol ýerde-de eliň bilen ýol görkezersiň,
Sag eliň bilen ýardam berersiň+.
11 Men: «Tümlükde gizlensedim!» diýenimde,
Garaňkylyk ýagtylyga öwrülýär.
12 Tümlük seniň üçin garaňky bolmaz,
Gije-de gündiziň güni ýaly ýagty bolar+.
Tümlük seniň üçin ýagtylyk kimindir+.
14 Men şeýle täsin ýaradylypdyryn welin+,
16 Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň.
Beden agzalarym peýda bolmanka,
Olaryň ählisi hakda,
Emele geljek günleri barada seniň kitabyňda ýazylandyr.
17 Seniň pikirleriňi gowy görýärin.
Eý Alla, olaryň san-sajagy ýokdur+.
18 Olary sanasam, deňiz çägesinden hem köpdür+.
Men ukudan oýanyp, ýene-de sen hakda oýlanaryn*+.
19 Eý Hudaý, zalymlary ýok etsediň!+
Şonda olar maňa zyýan ýetirip bilmezdi,
20 Päliýaman saňa dil ýetirmezdi,
Duşmanlaryň seniň adyňy biderek ýere çagyrmazdy+.
22 Olary ganym duşmanym hasaplaýaryn,
Men olary ýigrenýärin+.
23 Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi gör+.
Meni syna-da, gaýgy-aladamy bil+.