Eýýup
10 Men janymdan doýdum+.
Arz-şikaýatymy aýdaýyn,
Ýüregimi dökeýin.
2 Hudaýa diýerin: „Meni günäkärleme,
Aýt, sen näme üçin garşy çykdyň?
3 Meni gynaýarsyň, elleriň işini kemsidýärsiň+,
Erbetleriň maslahatyny goldaýarsyň.
Munuň saňa näme peýdasy bar?
4 Seniň gözleriň ynsan gözlerimi?
Ýa başy ölümli ynsan ýaly seredýärmiň?
5 Seniň günleriň başy ölümli ynsanyň günlerimi?
Ömrüň ynsan ömri deý gysgamy?+
6 Siňe seredip, ýalňyşymy agtarýarsyň,
Günämi, aýybymy gözleýärsiň+.
8 Özüň şekil berip, meni ýaratdyň+,
Indi meni kül-peýekun etjekmi?
10 Meni süýt kimin dökmänmidiň?
Peýnir kimin gatatmanmydyň?
11 Meni et hem deri bilen örtdüň,
Süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň+.
13 Emma ýamanlyk etmegi ýüregiňe düwdüň*,
Bilýärin, olary eden sensiň.
14 Günä etsem, görerdiň+,
Ýazygymy geçmezdiň.
15 Günäli bolsam, waý günüme!
16 Başymy galdyrsam, ýolbars kimin topulýarsyň+,
Bar güýjüň bilen basýarsyň.
17 Täze şaýatlary garşyma goýýarsyň.
Maňa gahar-gazabyň tutaşýar,
Derdime dert goşýarsyň.
18 Meni näme üçin dünýä inderdiň?+
Käşgä ölsedim, hiç kim meni görmezdi.
19 Ýagty jahany görmezdim,
Ejemiň göwresinden göni mazara inerdim“.