Işaýa
49 Diňläň, eý adalar!
Üns beriň, eý uzakdaky milletler!+
Ýehowa meni dünýä inmänkäm saýlady+.
Ejemiň garnyndakam adymy tutup çagyrdy.
Meni ýiti peýkam ýaly edip,
Ok gabyna saldy.
4 Emma men: «Biderek zähmet çekdim.
Güýjümi boş zada, biderek ýere sarp etdim.
Maňa Ýehowa höküm çykarar,
Sylagymy Alla berer»+ diýdim.
5 Ýehowa maňa ejemiň garnynda şekil berdi,
Meni öz guly edip saýlady,
Ýakuby getirmegi tabşyrdy,
Ysraýyly jemlemegi buýurdy+.
Ýehowanyň öňünde şöhrata eýe bolaryn,
Hudaýym güýç-kuwwat berer.
6 Ol: «Eý gulum, sen Ýakubyň taýpalaryny dikeldersiň,
Ysraýylyň aman galanlaryny jemlärsiň.
7 Ysraýyl üçin töleg tölän Mukaddes Hudaý Ýehowa+ halkyň ýigrenen+, masgara eden adamyna, patyşalaryň hyzmatkärine şeýle diýýär:
«Patyşalar görende ýerinden turar,
Han-begler tagzym eder.
Sebäbi seni wepaly Hudaý Ýehowa+,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy saýlady»+.
8 Ýehowa şeýle diýýär:
«Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim+,
Gutulyş güni saňa kömek etdim+.
Men seni goradym, sebäbi sen halklara äht bolmaly+,
Ýurdy dikeltmeli,
Haraba bolan mirasy halkyma gaýtaryp bermeli+.
9 Tussaglara: „Azat boluň!“+
Garaňkylykda oturanlara+: „Ýagtylyga çykyň!“ diýmeli.
Olar goýun sürüsi kimin ýollaryň gyrasynda otlarlar,
Basgylanan ýodalaryň* töweregi olaryň öri meýdany bolar.
11 Men daglarymy tekiz ýol ederin,
Şaýollarymy beýgelderin+.
12 Ine, olar uzaklardan gelýär+.
Käbiri demirgazykdan, käbiri günbatardan,
Käbiri bolsa Sinim ýurdundan gelýär»+.
13 Eý asman hem ýer, şatlykdan ýaňa gygyryň!+
Goý, daglar begenip gygyrsyn!+
14 Emma Sion: «Ýehowa meni terk etdi+.
Ýehowa meni unutdy»+ diýýär.
15 Ene emdirýän balasyny unudarmy?
Bagryndan önen çagasyna rehimi inmezmi?
Ene balasyny unutsa-da, men seni hiç haçan unutmaryn+.
16 Seret, adyňy elimiň aýasyna ýazdym.
Diwarlaryň hiç haçan göz öňümden gitmeýär.
17 Ogullaryň ylgap geler.
Seni ýer bilen ýegsan edenler uzaklara giderler.
18 Başyňy galdyr, daş-töweregiňe seret,
Ählisi jem bolup ýanyňa gelýär+.
Ýehowa şeýle diýýär: «Men diri şaýatdyryn.
Olary şaý-sep kimin dakynarsyň,
Gelin kimin boýnuňa monjuk edip dakarsyň.
19 Seniň ýurduň haraba bolsa-da,
Çöle dönse-de, boşap galsa-da+,
Indi adamlardan dolar, ýer ýetmän galar+.
20 Perzentleriňden mahrum bolan döwrüň
Doglan çagalar: „Bärsi bize darlyk edýär.
Ýaşara ýer ber“+ diýerler.
21 Sen içiňden diýersiň:
„Olar kimiň çagalary?
Men çagalaryndan mahrum bolan,
Önelgesiz aýal ahyryn!
Meni sürgün etdiler, zyndana saldylar.
Kim olary kemala getirdi?+
22 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
«Milletlere el galdyraryn,
Halklar üçin bellik dikerin+.
Olar ogullaryňy gujagynda,
Gyzlaryňy boýnunda göterip getirerler+.
23 Patyşalar saňa gulluk eder+,
Şa aýallar çagalaryň enekesi bolar.
Olar ýere ýüzin düşüp, saňa tagzym ederler+,
Aýagyň tozanyny ýalarlar+.
Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiň,
Maňa umyt baglanlar utanja galmaz»+.
24 Güýçli adamyň elinden ýesirleri azat edip bolarmy?
Zalymyň sürgün edenlerini halas edip bolarmy?
25 Ýehowa şeýle diýýär:
Saňa garşy çykanlar bilen özüm söweşerin+.
Ogullaryňy özüm halas ederin.
26 Sizi ezen adamlara öz etini iýdirerin,
Süýji şerabyň ýerine ganyny içirerin.