Eýýup
27 Eýýup sözüni dowam etdi:
2 «Maňa adalatsyzlyk eden Alla diri şaýatdyr+,
Meni ynjydan Gudratygüýçli diri şaýatdyr!+
3 Heniz dem alýarkam,
Içimde Hudaýyň beren ýaşaýyş demi barka+,
4 Agzymdan nähak söz çykmaz,
Dilim ýalan sözlemez!
5 Siziň aýdanlaryňyz bilen asla razylaşmaryn.
Soňky demime çenli wepaly* bolaryn!+
7 Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe,
Ýagylarym zalymlaryň gününe düşsün.
9 Başyna betbagtçylyk inende,
Hudaý ahy-nalasyny eşidermi?+
10 Ol Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarmy?
Hudaýy hemişe çagyrarmy?
11 Size Hudaýyň güýç-kuwwaty hakda öwrederin*,
Gudratygüýçli hakynda hiç bir zady gizlemerin.
12 Siziň ähliňiz görnüş* gören bolsaňyz,
Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz?
13 Hudaýyň erbetlere berjek paýy+,
Gudratygüýçlüniň zalymlara berjek mirasy şudur:
14 Ogul-gyzlary köp bolsa-da, gylyçdan geçer+,
Nesilleri açlykdan horluk çeker.
15 Aman galanlary gyrgynçylykdan öler,
Dul aýaly ýasyny tutmaz.
16 Kümşi çäge kimin,
Lybasy palçyk kimin üýşürse-de,
17 Aňyrsyna basyp goýsa-da,
Ony dogruçyl adam geýer+,
Bigünäler kümşüni paýlaşar.
18 Salan jaýy ýüpek gurçugyň pilesi ýaly,
Garawulyň kepbesi+ kimin gowşak bolar.
19 Baý uklanda, mal-mülkünden hiç zat galmaz*,
Gözüni açanda, baýlygy zym-zyýat bolar.
20 Gorky ony sil kimin basar,
Gije tupan turup ýok eder+.
21 Gündogar ýeli alyp gider.
Mekanyndan süpürip taşlar+.
22 Janhowluna gaçanda,
Tupan rehimsizlik bilen üstüni basar+.