Zebur
3 Ol seni guş awçysynyň duzagyndan,
Gyrgynçylyk getirýän mergiden halas eder.
4 Ol perleri bilen üstüňi örter,
Ganatlary saňa pena bolar+.
Onuň wepasy+ galkan+ we diwar bolar.
5 Gijesine hiç bir howp-hatardan+,
Gündizine atylan okdan gorkmarsyň+.
6 Tüm-garaňky gijede ýokanç mergiden,
Süýr günortan heläkçilikden gorkmarsyň.
8 Sen olara syn edersiň,
Erbetlere berlen temmini görersiň.
9 Sebäbi sen: «Ýehowa meniň penam» diýdiň.
Allatagalany gaçybatalga* edindiň+.
10 Başyňa betbagtçylyk inmez+,
Çadyryň golaýyna gyrgynçylyk gelmez.
14 Hudaý diýdi: «Ol meni ýürekden söýýär, ony halas ederin+,
Meniň adymy bilýär, ony goraryn+.
15 Ol meni çagyrar, menem jogap bererin+,
Agyr güne düşende ýanynda bolaryn+.
Halas ederin, abraýyny arşa galdyraryn.