Ikinji Korinfliler
3 Biz özümizi täzeden tanyşdyrmalymy? Ýa-da biziň kimdigimizi görkezýän hat gerekmi? Käbir adamlaryň edişi ýaly hat ýazyp berelimi? 2 Aslynda, siz biziň hatymyz+. Siz biziň ýüregimizde, islendik adam şol haty okap biler. 3 Siziň Mesihden gelen hatdygyňyz görnüp dur. Şu haty biz, Hudaýyň gullukçylary ýazdy+. Hat syýa bilen daşyň ýüzüne däl-de+, Biribaryň ruhy bilen ýüreklere ýazylandyr+.
4 Biz Mesih arkaly Hudaýyň öňünde munuň şeýledigine ynanýarys. 5 Hudaý ukyp bermese, tabşyran işini öz güýjümiz bilen ýerine ýetirip bilmeris+. 6 Hawa, Hudaý bize ukyp berýär. Ol el bilen ýazylan kanun arkaly däl-de+, mukaddes ruhuň, ýagny täze ähtiň+ üsti bilen görkezme berýär. Sebäbi el bilen ýazylan kanun ölüme höküm edýär+, Hudaýyň ruhy bolsa ýaşaýyş berýär+.
7 Ölüme höküm edýän we daşyň ýüzüne ýazylan kanun+ şeýle şöhrat bilen geldi welin, Ysraýyl ogullary Musanyň nurly ýüzüne seredip bilmediler+. Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhrat bilen berlen bolsa, 8 onda mukaddes ruh+ has-da şöhratly berilmezmi?+ 9 Adamlary ölüme höküm edýän kanun+ şöhratly bolsa+, onda adamlary dogruçyl edýän işimiz has-da şöhratlydyr+. 10 Täze ähtiň şöhraty şeýle parlap dur welin, kanunyň şöhraty ýitip gitdi+. 11 Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhratly bolsa+, onda täze äht has köp şöhrata eýe bolýandyr+.
12 Bize şeýle umyt berlensoň+ batyrgaý gepleýäris*. 13 Ysraýyl ogullary wagtlaýyn şöhrata seredip bilmändikleri üçin, Musa mata bilen ýüzüni ýapdy+. Emma biz ýüzümizi ýapmaýarys. 14 Aslynda, Ysraýyl ogullarynyň aň-düşünjesi ýapykdy+, sebäbi köne äht okalanda, mata aýrylmaýar+, ol diňe Mesih arkaly aýrylýandyr+. 15 Hawa, şu günlerem Musanyň sözleri okalanda+, olaryň ýüreklerine mata ýapylandyr+. 16 Emma kim Ýehowa* dolansa, şol mata aýrylýandyr+. 17 Ýehowa* ruhdur+. Ýehowanyň* mukaddes ruhuny alan adam azatdyr+. 18 Biz ýüzümizi mata bilen ýapman, gaýtam Ýehowanyň* şöhratyny aýna kimin görkezýäris. Şeýtmek bilen, biz gitdigiçe Hudaýyň keşbine görä üýtgäp, şöhratyny has-da aýdyň görkezýäris. Muny Ruh bolan* Ýehowa* isleýär+.