Ýakubyň haty
4 Siziň araňyzda näme üçin uruş we dawa-jenjel turýar? Ten* höwesleri sebäpli dälmi?+ 2 Siz näçe arzuw etseňiz-de, arzuwyňyza ýetip bilmeýärsiňiz. Siz ýigrenýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, ýöne maksadyňyza ýetmeýärsiňiz. Siz sögüşip, bir-biriňiz bilen uruşýarsyňyz+. Alladan dilemeýändigiňiz üçin hiç zat alyp bilmeýärsiňiz. 3 Siz näçe dileseňiz-de, alyp bilmersiňiz, sebäbi ten höwesleriňizi kanagatlandyrjak bolup, ýaman niýet bilen dileýärsiňiz.
4 Eý biwepalar*, siz dünýä bilen dostlaşyp, Hudaýyň duşmany bolýandygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam Hudaýyň duşmany bolýar+. 5 Eýsem: «Içimizde mesgen tutan göriplik elmydama bir zatlar isleýär»+ diýen sözler ýöne ýere ýazyldymy? 6 Emma Hudaýyň ýagşylygy* has uludyr, sebäbi: «Hudaý tekepbirlere garşy çykýar+, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär»+ diýip ýazylgy.
7 Şeýlelikde, Hudaýa tabyn boluň+, Iblise garşy duruň+, şonda ol sizden gaçar+. 8 Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar+. Eý günäkärler+, elleriňizi arassalaň! Eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň!+ 9 Gynanyň, hasrat çekiň we dady-perýat ediň+. Goý, siziň gülkiňiz hasrata, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin. 10 Ýehowanyň* öňünde pesgöwünli boluň+, şonda sizi beýgelder+.
11 Doganlar, indi biri-biriňizi ýamanlamaň+. Doganyny ýamanlaýan ýa-da ýazgarýan* adam kanuna garşy çykýandyr, kanuny ýazgarýandyr. Eger kanuny ýazgarýan bolsaňyz, kanuny berjaý edýän däl-de, kazy bolarsyňyz. 12 Emma ýeke-täk Kanun çykaryjy we Kazy bar+. Adamlary halas edýän-de, ýok edýän-de Oldur+. Eýsem ýakynyňy ýazgarar* ýaly sen kim?+
13 Siziň käbiriňiz: «Şu gün ýa ertir pylan şähere gidip, bir ýyllap söwda-satyk ederis, pul gazanarys» diýýärsiňiz+. 14 Emma siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz+, sebäbi siziň ýaşaýşyňyz ümür ýaly. Siz biraz wagtlyk peýda bolup, soňra ýitip gidýärsiňiz+. 15 Emma siz: «Ýehowa* halasa+, başymyz dik bolsa, ony ederis, muny ederis» diýmeli. 16 Siz bolsa öwnüp, tekepbirlik edýärsiňiz. Öwünjeňlik erbet zatdyr. 17 Şonuň üçin nämäniň dogrudygyny bilip-de, etmeýän adam günä edýändir+.