Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Resullar 17
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Resullar kitabynyň mazmuny

      • Pawlus bilen Silas Selanikde (1—9)

      • Pawlus bilen Silas Weriýada (10—15)

      • Pawlus Afinada (16—22a)

      • Pawlus Ares depesinde söz sözleýär (22b—34)

Resullar 17:1

Parallel aýatlar

  • +1Sl 2:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 133

Resullar 17:2

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Ýa⁠-⁠da: pikir alyşdy.

Parallel aýatlar

  • +Res 9:19, 20; 13:13, 14; 14:1; 18:4
  • +Res 18:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 88

    «Wagyz ediň», sah. 134, 135

    «Wagyz mekdebi», sah. 251, 252

Resullar 17:3

Parallel aýatlar

  • +Zb 22:7; 34:20; 69:21; 118:22; Işa 50:6; 53:3, 5
  • +Zb 16:10; Luk 24:45, 46

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 134, 135

Resullar 17:4

Parallel aýatlar

  • +Res 15:22, 40

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 135

Resullar 17:5

Parallel aýatlar

  • +Res 13:45

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 135, 136, 139

Resullar 17:6

Parallel aýatlar

  • +Res 16:19—21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 135, 136

Resullar 17:7

Parallel aýatlar

  • +Luk 23:1, 2; Ýah 19:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 135, 136

Resullar 17:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 136

Resullar 17:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 136, 137

Resullar 17:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 137, 138

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 2

    «Garawul diňi»,

    15/6/2011, sah. 25

Resullar 17:13

Parallel aýatlar

  • +Res 14:2, 19

Resullar 17:14

Parallel aýatlar

  • +Mat 10:23

Resullar 17:15

Parallel aýatlar

  • +Res 16:1, 2; 1Sl 3:2

Resullar 17:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 140

Resullar 17:17

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: pikir alyşýardy.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 140, 141

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 18

Resullar 17:18

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ýah 5:28, 29; 11:25; 1Kr 15:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 141, 142

Resullar 17:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1867

Resullar 17:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: taňrylardan gorkýan.

Parallel aýatlar

  • +Res 17:33, 34
  • +Res 17:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Adamlary söýüň», sap. 5

    «Wagyz ediň», sah. 142, 143

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30

    «Wagyz mekdebi», sah. 252

Resullar 17:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Adamlary söýüň», sap. 5

    «Wagyz ediň», sah. 143

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30

Resullar 17:24

Parallel aýatlar

  • +Zb 146:6
  • +1Pa 8:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 144

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30

Resullar 17:25

Parallel aýatlar

  • +Zb 50:12
  • +Işa 42:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 144

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 38

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30

Resullar 17:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 5:2
  • +1Ms 1:28
  • +5Ms 2:5, 19; 32:8; Zb 74:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar», mak. 64

    «Wagyz ediň», sah. 144, 145

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30, 31

Resullar 17:27

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:29; Zb 145:18; Rim 1:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 42

    «Wagyz ediň», sah. 145

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30, 31

Resullar 17:28

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 145, 146

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 38

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30, 31

Resullar 17:29

Parallel aýatlar

  • +1Ms 1:27
  • +5Ms 5:8; Işa 37:19; 40:18—20; 46:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 146

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 30, 31

Resullar 17:30

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: nadanlygyna.

Parallel aýatlar

  • +Efs 4:17, 18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 146, 147

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 31

Resullar 17:31

Parallel aýatlar

  • +Zb 96:13; 98:9; Ýah 5:22; Res 10:42
  • +Ýah 11:25; Res 2:24; 13:32, 33

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 147

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 31

    15/1/2008, sah. 20

Resullar 17:32

Parallel aýatlar

  • +1Kr 1:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 147

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 31

Resullar 17:34

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/7/2010, sah. 31

Umumy salgylar

Res. 17:11Sl 2:1
Res. 17:2Res 9:19, 20; 13:13, 14; 14:1; 18:4
Res. 17:2Res 18:19
Res. 17:3Zb 22:7; 34:20; 69:21; 118:22; Işa 50:6; 53:3, 5
Res. 17:3Zb 16:10; Luk 24:45, 46
Res. 17:4Res 15:22, 40
Res. 17:5Res 13:45
Res. 17:6Res 16:19—21
Res. 17:7Luk 23:1, 2; Ýah 19:12
Res. 17:13Res 14:2, 19
Res. 17:14Mat 10:23
Res. 17:15Res 16:1, 2; 1Sl 3:2
Res. 17:18Ýah 5:28, 29; 11:25; 1Kr 15:12
Res. 17:22Res 17:33, 34
Res. 17:22Res 17:16
Res. 17:24Zb 146:6
Res. 17:241Pa 8:27
Res. 17:25Zb 50:12
Res. 17:25Işa 42:5
Res. 17:261Ms 5:2
Res. 17:261Ms 1:28
Res. 17:265Ms 2:5, 19; 32:8; Zb 74:17
Res. 17:275Ms 4:29; Zb 145:18; Rim 1:20
Res. 17:291Ms 1:27
Res. 17:295Ms 5:8; Işa 37:19; 40:18—20; 46:5
Res. 17:30Efs 4:17, 18
Res. 17:31Zb 96:13; 98:9; Ýah 5:22; Res 10:42
Res. 17:31Ýah 11:25; Res 2:24; 13:32, 33
Res. 17:321Kr 1:23
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
Mukaddes Kitap
Resullar 17:1—34

Resullar

17 Pawlus bilen Silas Amfipolyň we Apollonyň üstünden geçip, Selanik şäherine geldiler+. Şäherde ýehudylaryň sinagogasy bardy. 2 Pawlus hemişekisi ýaly+ sinagoga bardy. Ol üç hepdeläp Sabat güni* mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy*+. 3 Ol adamlara Mesihiň görgi görüp ölüp+, soňra direlmelidigini+ düşündirip, subut edýärdi. Pawlus: «Men Isa hakda wagyz edýärin. Ol Mesihdir» diýýärdi. 4 Şeýlelikde, käbirleri iman edip, Pawlus bilen Silasa goşuldylar+. Olara hak Hudaýa sežde edýän köp grekler we birnäçe abraýly aýallar hem goşuldy.

5 Ýehudylar bolsa olara göriplik edip+, bazarda işsiz oturan birgiden erbet adamlary ýygnap, bütin şäheri galagoplyga düşürdiler. Olar Pawlus bilen Silasy märekäniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne kürsäp girdiler. 6 Olary tapmansoňlar, Ýasony we başga⁠-⁠da käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna süýräp getirip: «Hemme ýerde agzalalyk döredýän adamlar indi bärik gelipdirler+. 7 Ýason hem olary myhman alypdyr. Olar Sezaryň kanunlaryna garşy çykyp, Isa diýen adamy patyşa hasaplaýarlar»+ diýdiler. 8 Muny eşidip, şäheriň ýolbaşçylary we ilaty howsala düşdi. 9 Soňra Ýasondan we ýanyndaky adamlardan girew alyp, olary goýberdiler.

10 Gün ýaşan badyna, doganlar Pawlus bilen Silasy Weriýa ugratdylar. Olar şähere girip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar. 11 Selaniklilere garanda, Weriýada ýaşaýan adamlaryň dünýägaraýşy giňdi, sebäbi olar Hudaýyň sözüni höwes bilen kabul edip, eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirýärdiler. 12 Şeýlelikde, olaryň köpüsi iman etdiler. Olaryň arasynda atly⁠-⁠abraýly grek aýallar bilen başga⁠-⁠da käbir adamlar bardy. 13 Ýöne Selanikdäki ýehudylar Pawlusyň Hudaýyň sözüni Weriýada hem wagyz edýändigini eşidip, olara garşy märekäni öjükdirmek üçin geldiler+. 14 Şonda doganlar Pawlusy derrew gämi duralgasyna ugratdylar+. Ýöne Silas bilen Timoteos şäherde galdy. 15 Doganlar Pawlusy Afina eltip, yzlaryna dolandylar. Pawlus olardan Silas bilen Timoteosy+ hem çaltrak ibermegi haýyş etdi.

16 Pawlus olara Afinada garaşýarka, şäheriň butlardan doludygyny görüp gahary geldi. 17 Şonuň üçin ol sinagogadaky ýehudylar we Hudaýa sežde edýän beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolýardy*. Şeýle⁠-⁠de ol her gün bazarda duşýan adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy. 18 Emma käbir epikurçy* we stoik* filosoflary Pawlus bilen jedelleşip başladylar. Olaryň käbiri: «Ol näme ýaňrap dur⁠-⁠aý?» diýýärdi, beýlekiler bolsa: «Başga taňrylar hakda wagyz edýän bolaýmasa» diýýärdiler, sebäbi Pawlus Isa baradaky hoş habary we direliş hakda wagyz edýärdi+. 19 Olar Pawlusy Ares depesine getirip: «Öwredýän zatlaryň hakda bize⁠-⁠de gürrüň bersene. 20 Sen geň⁠-⁠taň zatlary gürrüň berýäň, biziňem bilesimiz gelýär» diýdiler. 21 Afinalylar we başga ýerden gelen adamlar bar boş wagtlaryny şol ýerde oturyp, biri⁠-⁠birine eşiden zatlaryny gürrüň berýärdiler we biri⁠-⁠birini diňleýärdiler. 22 Pawlus Ares depesiniň+ ortarasynda durup, şeýle diýdi:

«Eý afinalylar! Siz başgalara garanyňda, örän hudaýhon* adamlar ekeniňiz+. 23 Men şäherde aýlanyp ýörkäm, seždegähleriňizi gördüm. Gurbanlyk ojaklaryň birinde „Nätanyş Hudaýa“ diýen ýazgyny okadym. Men siziň şol tanamaýan Hudaýyňyz hakda wagyz edýärin. 24 Ol bütin dünýäni we ondaky zatlary ýaradan Hudaý. Ýeriň hem gögüň Eýesi+ ynsan elleri bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar+. 25 Ol adamlaryň kömegine mätäç däl+, sebäbi adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady özi berýär+. 26 Ol bir adam arkaly+ ähli milletleri döredip, olary ýer ýüzünde ýaşadýar+. Ol her bir zadyň wagtyny belledi we adamlaryň ýaşajak ýerlerine çäk goýdy+. 27 Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär+. Aslynda, ol hiç kimden uzakda däldir. 28 Sebäbi biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiri: „Biz hem onuň perzentleri“ diýýärler.

29 Biz Hudaýyň perzentleri+ bolýan bolsak, onda ussanyň altyndan, kümüşden ýa⁠-⁠da daşdan ýasan heýkellerine Hudaý diýip bilmeris+. 30 Dogrudan⁠-⁠da, Hudaý geçmişde adamlaryň düşünjesizligine* göz ýumdy+, indi ol hemmeleri toba etmäge çagyrýar. 31 Sebäbi Hudaý öz saýlan adamy arkaly ähli ynsanlary adalatly höküm etmek üçin+ bir gün belledi. Hudaý ony direldip, niýetini amala aşyrjakdygyny görkezdi»+.

32 Pawlusyň direliş hakda aýdýanlaryny eşidenlerinde, adamlaryň käbiri üstünden güldüler+, käbirleri bolsa: «Seni başga gün diňläýeris» diýdiler. 33 Şonda Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy. 34 Käbir adamlar bolsa iman etdiler. Olaryň arasynda Ares depesindäki kazyýetiň kazysy Diýonis, Damaris atly aýal we başga⁠-⁠da adamlar bardy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş