Zebur
71 Eý Ýehowa, seni pena edinýärin,
Men hiç haçan masgara bolmaýyn+.
2 Dogruçyllygyň bilen meni halas et, başymy gutar,
Aşak egil-de, diňle sözümi, meni halas et+.
3 Gaýanyň üstündäki galam bol,
Meni hemişe gora.
Buýruk ber, meni halas etsinler,
Sen meniň arkadagym hem galamsyň!+
4 Ýa Allam, meni erbetleriň elinden,
Adalatsyz duşmanyň penjesinden halas et+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa umyt edýärin,
Ýaşlygymdan bäri saňa bil baglaýaryn+.
6 Dünýä inenim bäri saňa daýanýaryn,
Sen ejemiň göwresinden ýagty jahana inderdiň+,
Hemişe saňa alkyş aýdýaryn.
7 Köpler halyma haýran galýarlar,
Ýöne men seni pena edinýärin.
8 Dilim seni hemişe wasp edýär+,
Uzakly gün şöhratyňdan söz açýar.
Dadyna ýetişjek ýokdur, ony kowalap tutalyň» diýýärler+.
12 Ýa Allam, menden uzakda durma,
Eý Hudaýym, tiz ýetiş dadyma+.
13 Maňa azar berýänler,
Abraýdan düşsünler, ýok bolsunlar+.
Başyma bela indermek isleýänler,
Masgara bolup kemsidilsinler+.
14 Men bolsa saňa garaşaryn,
Seni joşup wasp ederin.
15 Seniň adalatyňy dilimden düşürmerin+.
Halas edişiňi gaýta-gaýta aýdyp bererin.
Olar hakda uzakly gün gürrüň bererin+.
16 Men gudratly işleriň hakda söz açaryn.
Älemiň Hökümdary Ýehowa,
Diňe seniň adalatyň hakda gürrüň bererin.
17 Ýa Alla, ýaşlygymdan bäri maňa tälim berýärsiň+,
Seniň ajaýyp işleriňi şu güne çenli wagyz edýärin+.
18 Ýa Allam, saçym agarsa-da, garrasam-da, meni taşlama!+
Men geljekki nesle güýjüň hakda gürrüň bereýin,
Dünýä injeklere gudratyňy aýdyp bereýin+.
21 Meniň at-abraýymy artdyr.
Meni gora, göwünlik ber.
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy!
Arfa bilen seni wasp ederin.