Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 9
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Eýýup söze başlaýar (1—35)

        • Başy ölümli ynsan Alla bilen jedelleşip bilmez (2—4)

        • Hudaý akyla sygmajak beýik işleri edýär (10)

        • Hudaý kazyýete barmaz (32)

Eýýup 9:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:4; Zb 143:1, 2; Rim 3:23

Eýýup 9:3

Parallel aýatlar

  • +Eýp 40:2; Rim 9:20

Eýýup 9:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Hudaýyň ýüregi paýhaslydyr.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 36:5; Zb 104:24; Işa 40:26; Dan 2:20
  • +Nak 14:16; 28:14; Işa 30:1; Dan 5:18, 20; Zek 7:12; Rim 2:5

Eýýup 9:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 75:3

Eýýup 9:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 1:16

Eýýup 9:8

Parallel aýatlar

  • +1Ms 1:1; Zb 33:6; Işa 44:24
  • +Eýp 38:8—11

Eýýup 9:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: As.

  • *

    Sözme-söz: Kesil.

  • *

    Sözme-söz: Kima.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 38:31; Ams 5:8

Eýýup 9:10

Parallel aýatlar

  • +Işa 40:28; Rim 11:33
  • +Zb 40:5

Eýýup 9:12

Parallel aýatlar

  • +Dan 4:35; Rim 9:20

Eýýup 9:13

Çykgytlar

  • *

    Uly deňiz jandaryny aňladýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:22
  • +Eýp 26:12

Eýýup 9:15

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Dawagärime.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 10:15

Eýýup 9:17

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:3; 34:5, 6

Eýýup 9:19

Parallel aýatlar

  • +Işa 40:28

Eýýup 9:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: egri hasaplar.

Eýýup 9:24

Parallel aýatlar

  • +1Ýh 5:19

Eýýup 9:25

Parallel aýatlar

  • +Eýp 7:6; Zb 90:10; Ýak 4:14

Eýýup 9:28

Parallel aýatlar

  • +Eýp 21:6

Eýýup 9:29

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: erbet.

Parallel aýatlar

  • +Zb 73:13

Eýýup 9:30

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:22; Mel 3:2

Eýýup 9:32

Parallel aýatlar

  • +Işa 45:9; Rim 9:20

Eýýup 9:33

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: töwellaçy; araçy.

Eýýup 9:34

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: urmagyny bes etsedi.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 13:21

Umumy salgylar

Eýp. 9:25Ms 32:4; Zb 143:1, 2; Rim 3:23
Eýp. 9:3Eýp 40:2; Rim 9:20
Eýp. 9:4Eýp 36:5; Zb 104:24; Işa 40:26; Dan 2:20
Eýp. 9:4Nak 14:16; 28:14; Işa 30:1; Dan 5:18, 20; Zek 7:12; Rim 2:5
Eýp. 9:6Zb 75:3
Eýp. 9:71Ms 1:16
Eýp. 9:81Ms 1:1; Zb 33:6; Işa 44:24
Eýp. 9:8Eýp 38:8—11
Eýp. 9:9Eýp 38:31; Ams 5:8
Eýp. 9:10Işa 40:28; Rim 11:33
Eýp. 9:10Zb 40:5
Eýp. 9:12Dan 4:35; Rim 9:20
Eýp. 9:135Ms 32:22
Eýp. 9:13Eýp 26:12
Eýp. 9:15Eýp 10:15
Eýp. 9:17Eýp 2:3; 34:5, 6
Eýp. 9:19Işa 40:28
Eýp. 9:241Ýh 5:19
Eýp. 9:25Eýp 7:6; Zb 90:10; Ýak 4:14
Eýp. 9:28Eýp 21:6
Eýp. 9:29Zb 73:13
Eýp. 9:30Ýer 2:22; Mel 3:2
Eýp. 9:32Işa 45:9; Rim 9:20
Eýp. 9:34Eýp 13:21
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
Eýýup 9:1—35

Eýýup

9 Eýýup söze başlady:

 2 «Men aýdylan zatlaryň dogrudygyny bilýärin.

Emma başy ölümli ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi?+

 3 Alla bilen jedelleşmek isleýän adam+,

Onuň müň sowalyndan birine jogap berip bilermi?

 4 Hudaý akyldardyr*, golunda kuwwat bardyr+.

Oňa garşy çykan adam aman galyp bilermi?+

 5 Ol daglary ýumurýar, gahar⁠-⁠gazaby bilen agdarýar,

Emma adamlar mundan habarsyz galýar.

 6 Ol dünýäni sarsdyrýar,

Sütünlerini titredýär+.

 7 Güne buýruk berýär, şöhle saçmaýar,

Ýyldyzlara möhür basýar, ýagtylyk bermeýär+.

 8 Ol gök gümmezini eli bilen ýazýar+,

Deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär+.

 9 Uly Ýedigeni*, Üç Ýyldyzy* we Ülker ýyldyzyny*+,

Günorta ýyldyzlar toparyny ýaradan Alladyr.

10 Akyla sygmajak beýik işleri+,

Ençeme gudratlary edýän⁠-⁠de oldur+.

11 Ýanymdan geçýär, ony görmeýärin,

Geçip gidýär, ony duýmaýaryn.

12 Bir zatdan mahrum edende, kim oňa garşy çykar?

Kim oňa: „Näme edýärsiň?“ diýip biler?+

13 Hudaý gahar⁠-⁠gazabyny saklamaz+,

Rahawyň*+ ýaranlary⁠-⁠da Allanyň öňünde dyza çöker.

14 Jedel etse näme jogap bererin?

Oýlanyp sözlemegim gerek!

15 Günäm ýok bolsa⁠-⁠da, jogap berere dilim barmaz+,

Kazyma* ýalbaryp, günämi öt diýerin.

16 Ony çagyranymda jogap berermi?

Ahy⁠-⁠nalamy asla eşitmez.

17 Sebäbi başyma bela⁠-⁠beteri inderýär,

Ýaralarymy sebäpsiz ýere köpeldýär+.

18 Meni gaýgy⁠-⁠hasratdan doýurdy,

Demimi dürsäre maý bermedi.

19 Güýçlüler hakda söz açsak, Hudaýdan güýçli kim bar?+

Adalat barada dil ýarsak, kim ondan hasabat sorap biler?

20 Meniňki dogry bolsa⁠-⁠da, dilim meni ýazgarar,

Ýazyksyz bolsam⁠-⁠da, ol meni günäkär eder*.

21 Ýazyksyz bolsam⁠-⁠da, maňa näme boljagyny bilemok,

Men janymdan doýdum.

22 Men: „Ol günälini hem günäsizi ýok edýär“ diýýärin.

Şonuň üçin tapawudy näme?!

23 Sil duýdansyz inip, gyrgynçylyk getirse⁠-⁠de,

Ol dertli bigünäniň üstünden gülerdi.

24 Ol dünýäni erbetleriň eline berýär+,

Kazylaryň gözüni baglaýar.

Eger ol etmeýän bolsa, onda kim edýär?

25 Günlerim çapardan çalasyn geçýär+,

Ýagşylygy görmän ötüp barýaryn.

26 Gamyş gaýyk kimin ýüzüp gidýärler,

Awuny gören bürgüt deý okdurylyp barýarlar.

27 „Hasratymy unudaýyn,

Şat bolaýyn, ýüzüm nurlansyn“ diýsem⁠-⁠de,

28 Jebir⁠-⁠jepa gözümiň oduny aldy+,

Meni ýazykly hasaplajagyňy bilýärin.

29 Biderek ýere göreşmek nämä gerek?

Barybir meni günäli* hasaplarlar+.

30 Garyň suwuna ýuwunsam⁠-⁠da,

Ellerimi sabyn bilen ýuwsam⁠-⁠da+,

31 Sen meni batga taşlardyň,

Donum hem meni ýigrenerdi.

32 Hudaý ynsan däl, jogap bererim ýaly,

Onuň bilen kazyýete bararym ýaly+.

33 Dawamyzy çözjek,

Bize kazylyk etjek adam* ýok ahyryn.

34 Ol taýagyny depämden aýyrsady*,

Meni gorkuzmagyny bes etsedi+,

35 Şonda onuň bilen gorkman gepleşerdim,

Çekinmän sözleşerdim.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş