Ikinji Petrus
2 Ysraýyl halkynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň hem araňyzda ýalan mugallymlar dörär+. Olar bölünişik* döredýän taglymatlary bildirmän girizerler, özlerini satyn alan hojaýyndan+ hem ýüz öwrerler, şonuň üçin tizden heläk bolarlar. 2 Köp adamlar olaryň haýasyz* işlerine+ baş goşarlar, şeýle adamlar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler+. 3 Şeýle-de olar ýalan sözläp, sizi öz bähbitleri üçin ulanarlar. Emma höküm birmahal çykarylan bolsa-da+, eglenmän geler, olar hökman ýok ediler+.
4 Hudaý günä eden perişdeleri+ temmisiz goýmady, olary Tartara*+ zyňyp, höküm edilýänçä tüm-garaňkylykda zynjyrlar bilen baglap goýdy*+. 5 Ol gadymy dünýäni hem ýok etmän goýmady+, hudaýsyz adamlary tupan bilen ýok etdi+. Emma ol dogruçyllyk hakda wagyz eden Nuh pygamber+ bilen ýedi adamy halas etdi+. 6 Hudaý Sodom bilen Gomorra şäherlerine-de jeza berip, ýakyp kül etdi+. Şeýdip, hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny görkezdi+. 7 Şeýle-de Hudaý zalym adamlaryň haýasyzlygyny* görüp, ejir çekýän dogruçyl Luty halas etdi+. 8 Şol dogruçyl adam zalymlaryň arasynda ýaşaýardy, olaryň edýän erbet işlerini görüp hem eşidip, her gün jany ýanýardy. 9 Diýmek, Ýehowa* wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýar+, erbetleri bolsa höküm gününde ýok etmek üçin saklaýar+. 10 Hudaý başgalary ahlaksyzlyk bilen hapalamaga çalyşýanlary+ we häkimiýeti äsgermeýänleri*+ ýok etmegi başarýandyr.
Haýasyz we özdiýenli adamlar şöhrata eýe bolanlara dil ýetirmäge gorkmaýarlar. 11 Perişdeler has güýçli we ygtyýarly bolsalar-da, Ýehowanyň* hatyrasy üçin ýalan mugallymlary ýamanlamadylar, erbet sözleri aýtmadylar+. 12 Şol erbet adamlar soýulmak üçin doglan düşünjesiz mal ýalydyr. Olar düşünmeýän zatlary hakda erbet gürrüňler edýärler+. Olar zalym işleri sebäpli ýok edilerler. 13 Olar erbet işleri sebäpli zyýan çekýärler.
Olar gündiziň güni keýpi-sapa kowalaşmak+ isleýärler. Olar haram, bozuk adamlardyr. Siziň bilen oturyşyklarda ýalan taglymatlary gürrüň berip lezzet alýarlar+. 14 Olaryň gözleri zynadan doýmaýar+, günäli işlere garşy durup bilmeýär we imany gowşaklary duzaga düşürýär. Ýürekleri açgözlüge öwrenişipdir. Hudaý olary temmisiz goýmaz. 15 Olar dogry ýoldan sowlup azaşdylar, sylag-serpaý üçin erbetlik eden+ Benuryň ogly Bilgamyň yzyna eýerdiler+. 16 Emma oňa günäsi üçin käýinç berildi+. Eşek ynsan dilinde gepläp, pygamberi akylsyzlyk etmekden saklady+.
17 Şol erbet adamlar gurap galan çeşmelerdir, güýçli ýel bilen kowulýan ümürdir. Olara tüm-garaňkylyk garaşýandyr+. 18 Olar agzyny dolduryp gepleseler-de, aýdýan zatlary manysyzdyr. Günäli işlerini ýaňy goýan adamlary ten höwesleri+ we haýasyz* işleri bilen duzaga salýarlar+. 19 Olar azatlygy wada berýärler, özleri bolsa azgynlygyň gullarydyr+, sebäbi adam kimden* ýeňilse, şonuň hem guly bolýandyr+. 20 Dogrudan-da, adam Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesih barada dogry bilim alyp, dünýäniň haram işlerini goýýar+. Emma ol öňki işlerine dolanyp, erbet höwesleriniň guly bolsa, onuň soňky ýagdaýy öňküsinden hem beter bolýar+. 21 Ol mukaddes tabşyrygy bilip-de, ondan däneninden, hakykat ýoly barada bilmedik bolsa has gowy bolardy+. 22 Şeýlelikde, «It gusugyny iýmek üçin yzyna dolanýar, ýuwlan doňuz bolsa ýene batgalykda ýatýar»+ diýlen nakyl olarda ýerine ýetýär.