Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 10
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Ammonyň we Siriýanyň üstünden ýeňiş (1—19)

2 Şamuwel 10:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:36, 38; Ser 10:7; 11:12, 33; 1Şm 11:1
  • +1Tr 19:1—5

2 Şamuwel 10:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildirişi.

2 Şamuwel 10:4

Parallel aýatlar

  • +3Ms 19:27

2 Şamuwel 10:5

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 18:21

2 Şamuwel 10:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: toplylardan.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 13:21
  • +2Şm 8:5
  • +Ýuş 13:13
  • +1Tr 19:6, 7

2 Şamuwel 10:7

Parallel aýatlar

  • +2Şm 23:8; 1Tr 19:8, 9

2 Şamuwel 10:9

Parallel aýatlar

  • +1Tr 19:10—13

2 Şamuwel 10:10

Parallel aýatlar

  • +1Şm 26:6; 2Şm 2:18; 23:18; 1Tr 2:15, 16
  • +4Ms 21:24

2 Şamuwel 10:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 31:6
  • +Zb 37:5; 44:5; Nak 29:25

2 Şamuwel 10:13

Parallel aýatlar

  • +1Tr 19:14, 15

2 Şamuwel 10:15

Parallel aýatlar

  • +1Tr 19:16

2 Şamuwel 10:16

Çykgytlar

  • *

    Ýewfrat derýasy göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:3—5
  • +1Ms 15:18; 2Ms 23:31

2 Şamuwel 10:17

Parallel aýatlar

  • +1Tr 19:17—19

2 Şamuwel 10:18

Parallel aýatlar

  • +5Ms 20:1; Zb 18:37, 38

2 Şamuwel 10:19

Parallel aýatlar

  • +1Ms 15:18; 5Ms 20:10, 11

Umumy salgylar

2 Şam. 10:11Ms 19:36, 38; Ser 10:7; 11:12, 33; 1Şm 11:1
2 Şam. 10:11Tr 19:1—5
2 Şam. 10:43Ms 19:27
2 Şam. 10:5Ýuş 18:21
2 Şam. 10:64Ms 13:21
2 Şam. 10:62Şm 8:5
2 Şam. 10:6Ýuş 13:13
2 Şam. 10:61Tr 19:6, 7
2 Şam. 10:72Şm 23:8; 1Tr 19:8, 9
2 Şam. 10:91Tr 19:10—13
2 Şam. 10:101Şm 26:6; 2Şm 2:18; 23:18; 1Tr 2:15, 16
2 Şam. 10:104Ms 21:24
2 Şam. 10:125Ms 31:6
2 Şam. 10:12Zb 37:5; 44:5; Nak 29:25
2 Şam. 10:131Tr 19:14, 15
2 Şam. 10:151Tr 19:16
2 Şam. 10:162Şm 8:3—5
2 Şam. 10:161Ms 15:18; 2Ms 23:31
2 Şam. 10:171Tr 19:17—19
2 Şam. 10:185Ms 20:1; Zb 18:37, 38
2 Şam. 10:191Ms 15:18; 5Ms 20:10, 11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 10:1—19

Ikinji Şamuwel

10 Birnäçe wagtdan ammonlaryň+ patyşasy aradan çykyp, ogly Hanun patyşa boldy+. 2 Şonda Dawut: «Nahaşyň maňa ýagşylyk edişi* ýaly, menem ogly Hanuna ýagşylyk edeýin» diýip, kakasynyň ölümine gynanç bildirmek üçin hyzmatkärlerini ýollady. Emma Dawudyň hyzmatkärleri ammonlaryň ýurduna baranda, 3 ammon han⁠-⁠begleri Hanuna şeýle diýdiler: «Dawut hyzmatkärlerini kakaň pahyry sylap ugradandyr öýdýäňmi? Ol hyzmatkärlerini şäherimizi gözden geçirip, bar zady anyklamaga iberendir. Ol şäheri basyp aljak bolýandyr» diýdiler. 4 Şonda Hanun Dawudyň hyzmatkärleriniň sakgalynyň bir tarapyny gyrkyp+, eşikleriniň bilinden aşagyny kesip, yzyna ýollady. 5 Dawut muny eşiden badyna, adam iberip, olara: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihonda+ galyň, soň gelersiňiz» diýdi, sebäbi olar masgara bolupdy.

6 Şondan soň ammonlar Dawuda duşman bolandyklaryna düşündiler. Olar wekil ýollap, Beýt⁠-⁠rehopdan+ we Sobadan+ siriýalylaryň 20 000 pyýada esgerini, Magak+ patyşasy bilen 1 000 adamy, Iştopdan* 12 000 adamy hakyna tutdular+. 7 Dawut muny eşidip, Ýowap bilen goşunyny we gaýduwsyz esgerlerini+ iberdi. 8 Ammonlar şäheriň öňünde hatara düzüldiler. Sobadan, Rehopdan gelen siriýalylar bolsa iştoplylar we magaklylar bilen düzlükde aýratyn durdular.

9 Ýowap duşmanlaryň öňdenem, yzdanam çozup gelýänini görende, Ysraýylyň edermen esgerlerinden käbirini saýlap, siriýalylaryň garşysynda hatara düzdi+. 10 Galan esgerleri bolsa dogany Abyşaýa+ tabşyrdy. Abyşaý olary hatara durzup, ammonlara+ gaýtawul bermelidi. 11 Ýowap oňa: «Eger siriýalylar menden üstün çykyp başlasa, sen maňa kömege gelersiň. Ýöne ammonlar senden üstün çykyp başlasa, men saňa kömege bararyn. 12 Dogumly we batyrgaý boluň, halk üçin, Hudaýymyzyň şäherleri üçin söweşiň!+ Galan zadam Ýehowanyň isleýşi ýaly bolsun!»+ diýdi.

13 Ýowap esgerleri bilen siriýalylara garşy hüjüme geçdi; duşmanlar gaçdylar+. 14 Siriýalylaryň gaçanyny gören ammonlaram Abyşaýdan gaçyp, şähere girdiler. Ýowap ammonlar bilen söweşip, Iýerusalime gaýdyp geldi.

15 Ysraýyllardan ýeňlen siriýalylar täzeden goşun ýygnadylar+. 16 Hadatgezer+ derýanyň*+ aňyrsyndaky siriýalylary çagyrmak üçin adam iberdi. Olar Hadatgezeriň goşunbaşysy Şobagyň ýolbaşçylygynda Helama geldiler.

17 Dawut muny eşiden badyna, Ysraýyl goşunyny ýygnady⁠-⁠da, Iordandan geçip, Helama bardy. Siriýalylar hatara düzülip, Dawut bilen söweşip başladylar+. 18 Emma siriýalylar ysraýyllardan ýeňildiler. Dawut olaryň 700 söweş arabaly esgerini, 40 000 atlysyny we goşunbaşysy Şobagy öldürdi+. 19 Hadatgezere hyzmat edýän hanlar ýeňlendigine düşünip, ysraýyllar bilen ylalaşyk baglaşdylar⁠-⁠da+, boýun egdiler. Şondan soň siriýalylar ammonlara kömek etmäge gorkdular.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş