Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 6
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Süleýmanyň guran ybadathanasy (1—38)

        • Içki otag (19—22)

        • Keruplar (23—28)

        • Şekiller, gapylar, içki howly (29—36)

        • Ybadathana ýedi ýylda gurulýar (37, 38)

1 Patyşalar 6:1

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B8.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 12:14, 51
  • +1Pa 6:37
  • +1Tr 28:11, 12; 2Tr 3:1, 2

1 Patyşalar 6:2

Çykgytlar

  • *

    Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 3:3; Hyd 6:3

1 Patyşalar 6:3

Çykgytlar

  • *

    Ýagny ybadathananyň esasy binasy.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 3:4

1 Patyşalar 6:4

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: öýde.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:26

1 Patyşalar 6:5

Çykgytlar

  • *

    Ýagny iň mukaddes otag.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 16:2; 2Tr 5:7; Ýew 9:3
  • +1Pa 6:10; Hyz 41:5, 26

1 Patyşalar 6:6

Çykgytlar

  • *

    Ýagny ybadathananyň esasy binasy.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:6, 7

1 Patyşalar 6:7

Parallel aýatlar

  • +1Pa 5:17

1 Patyşalar 6:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: sag.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:11

1 Patyşalar 6:9

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:38
  • +1Pa 5:6; 6:20

1 Patyşalar 6:10

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:5

1 Patyşalar 6:12

Parallel aýatlar

  • +5Ms 17:18, 19; 1Pa 8:25; 1Tr 28:9
  • +2Şm 7:13; 1Tr 22:9

1 Patyşalar 6:13

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:8; 3Ms 26:12; Zb 132:13
  • +1Tr 28:20

1 Patyşalar 6:15

Parallel aýatlar

  • +1Pa 5:8; 2Tr 3:5

1 Patyşalar 6:16

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:5
  • +2Tr 3:8, 9; Ýew 9:3

1 Patyşalar 6:17

Parallel aýatlar

  • +Ýew 9:2

1 Patyşalar 6:18

Parallel aýatlar

  • +1Pa 7:24
  • +2Ms 25:33

1 Patyşalar 6:19

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:21; 1Pa 8:6
  • +Ýew 9:3

1 Patyşalar 6:20

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:16
  • +2Ms 30:1; 1Pa 7:48

1 Patyşalar 6:21

Parallel aýatlar

  • +2Ms 26:29; 2Tr 3:7
  • +2Ms 26:33

1 Patyşalar 6:22

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:1, 3; 40:5

1 Patyşalar 6:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: sosna. Aleppo sosnasy göz öňünde tutulýan bolmagy mümkin.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 3:24; 2Pa 19:15; Zb 99:1
  • +2Tr 3:10—13; 5:8

1 Patyşalar 6:27

Çykgytlar

  • *

    Ýagny iň mukaddes otag.

Parallel aýatlar

  • +Zb 80:1; Işa 37:16; Ýew 9:4, 5

1 Patyşalar 6:29

Parallel aýatlar

  • +2Tr 3:14
  • +Hyz 41:17, 18
  • +2Ms 25:33; 1Pa 6:18

1 Patyşalar 6:34

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:24, 25

1 Patyşalar 6:36

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:9; 2Tr 4:9; 7:7
  • +1Pa 7:12

1 Patyşalar 6:37

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B15.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 6:1

1 Patyşalar 6:38

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: B15.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 28:11, 12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», 1869, sah. 1988

Umumy salgylar

1 Pat. 6:12Ms 12:14, 51
1 Pat. 6:11Pa 6:37
1 Pat. 6:11Tr 28:11, 12; 2Tr 3:1, 2
1 Pat. 6:22Tr 3:3; Hyd 6:3
1 Pat. 6:32Tr 3:4
1 Pat. 6:4Hyz 41:26
1 Pat. 6:53Ms 16:2; 2Tr 5:7; Ýew 9:3
1 Pat. 6:51Pa 6:10; Hyz 41:5, 26
1 Pat. 6:6Hyz 41:6, 7
1 Pat. 6:71Pa 5:17
1 Pat. 6:8Hyz 41:11
1 Pat. 6:91Pa 6:38
1 Pat. 6:91Pa 5:6; 6:20
1 Pat. 6:101Pa 6:5
1 Pat. 6:125Ms 17:18, 19; 1Pa 8:25; 1Tr 28:9
1 Pat. 6:122Şm 7:13; 1Tr 22:9
1 Pat. 6:132Ms 25:8; 3Ms 26:12; Zb 132:13
1 Pat. 6:131Tr 28:20
1 Pat. 6:151Pa 5:8; 2Tr 3:5
1 Pat. 6:161Pa 6:5
1 Pat. 6:162Tr 3:8, 9; Ýew 9:3
1 Pat. 6:17Ýew 9:2
1 Pat. 6:181Pa 7:24
1 Pat. 6:182Ms 25:33
1 Pat. 6:192Ms 40:21; 1Pa 8:6
1 Pat. 6:19Ýew 9:3
1 Pat. 6:201Pa 6:16
1 Pat. 6:202Ms 30:1; 1Pa 7:48
1 Pat. 6:212Ms 26:29; 2Tr 3:7
1 Pat. 6:212Ms 26:33
1 Pat. 6:222Ms 30:1, 3; 40:5
1 Pat. 6:231Ms 3:24; 2Pa 19:15; Zb 99:1
1 Pat. 6:232Tr 3:10—13; 5:8
1 Pat. 6:27Zb 80:1; Işa 37:16; Ýew 9:4, 5
1 Pat. 6:292Tr 3:14
1 Pat. 6:29Hyz 41:17, 18
1 Pat. 6:292Ms 25:33; 1Pa 6:18
1 Pat. 6:34Hyz 41:24, 25
1 Pat. 6:362Ms 27:9; 2Tr 4:9; 7:7
1 Pat. 6:361Pa 7:12
1 Pat. 6:371Pa 6:1
1 Pat. 6:381Tr 28:11, 12
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
Mukaddes Kitap
1 Patyşalar 6:1—38

1 Patyşalar

6 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýdanyna+ 480 ýyl bolupdy. Ysraýylyň patyşasy Süleýman hökümdarlygynyň dördünji ýylynyň ziw* aýynda+, ýagny ikinji aýda Ýehowanyň öýüni* gurup başlady+. 2 Süleýman patyşanyň Ýehowa üçin guran öýüniň uzynlygy 60 tirsek*, ini 20 tirsek, beýikligi 30 tirsekdi+. 3 Ybadathananyň öňünde minara+ gurdular. Minaranyň ini ybadathananyň* ini ýaly 20 tirsekdi, uzynlygy bolsa ybadathananyň öňünden ölçäniňde 10 tirsekdi.

4 Süleýman ybadathanada* inçelip gidýän penjireleri+ goýdy. 5 Soňra ol ybadathananyň iki gapdalyna we arka tarapyna ýanaşdyryp, goşmaça jaý saldy. Jaý ybadathananyň mukaddes otagy bilen içki otagynyň*+ diwarlarynyň daşyna aýlanyp durdy. Jaýyň içinde⁠-⁠de otaglar bardy+. 6 Ybadathananyň* diwaryna hiç zat berkitmez ýaly, jaýyň her gatynyň diwary biraz öňe çykyp durdy. Şonuň üçin jaýyň aşaky gatyndaky otaglaryň ini bäş tirsek, ortakysynyňky alty tirsek, ýokarky gatynyňky ýedi tirsek boldy+.

7 Ybadathanany gurmak üçin daşlary ýonup getirýärdiler+, şol sebäpli gurluşyk gidip durka, ne çekijiň, ne paltanyň, ne⁠-⁠de başga demir guralyň sesi eşidilýärdi. 8 Goşmaça jaýyň aşaky otagynyň girelgesi ybadathananyň günorta* tarapynda ýerleşýärdi+. Girelgäniň ýanyndaky aýlawly basgançakdan ortaky we ýokarky otaglara çykyp bolýardy. 9 Süleýman ybadathananyň gurluşygyny doly tamamlap+, soňunda içini kedr pürsleri we tagtalary bilen örtdi+. 10 Ol ybadathananyň daşyna aýlanyp duran goşmaça jaýyň otaglarynyň+ beýikligini bäş tirsek etdi. Otaglar kedr agaçlary bilen ybadathana berkidilipdi.

11 Şol wagtlar Ýehowa Süleýmana: 12 «Eger sen meniň kanunlarymy, hökümlerimi, tabşyryklarymy ýerine ýetirip ýaşasaň+, kakaň Dawuda sen hakda, esasanam, häzirki gurýan öýüň hakda beren wadamy berjaý ederin+. 13 Men ysraýyllaryň arasynda mesgen tutaryn+, ysraýyl halkymy terk etmerin»+ diýdi.

14 Süleýman ybadathananyň gurluşygyny dowam etdi. 15 Ol ybadathananyň diwarynyň iç ýüzüni kedr agajy bilen örtdi. Diwary ýerden tä üçegiň pürslerine çenli tagtalar bilen örtüp çykdy. Ybadathananyň aşagyna arça agajyny+ ýazdy. 16 Ol ybadathananyň aňry başyndan bärligine 20 tirsek ölçäp, aşagyndan ýokarky pürslerine çenli kedr agajy bilen örtdi⁠-⁠de, içinde içki otagy+, ýagny iň mukaddes otagy+ gurdy. 17 Iň mukaddes otagdan bärde bolsa mukaddes otag+ bardy, şol otagyň uzynlygy 40 tirsekdi. 18 Otagyň içi kedr agajy bilen örtülip, ýabany garpyzlaryň+ we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezelipdi+. Ybadathana tutuşlygyna kedr agajy bilen örtülipdi, şonuň üçin daşlar görünmeýärdi.

19 Süleýman Ýehowanyň äht sandygy goýuljak+ içki otagy+ taýýarlady. 20 Içki otagyň uzynlygy 20 tirsek, ini 20 tirsek, beýikligi⁠-⁠de 20 tirsekdi+. Ol otagyň içini sap altyna gaplady. Tütetgi ojagyny*+ hem kedr agajy bilen örtdi. 21 Süleýman ybadathananyň zatlaryny sap altyna gaplady+, içki otagyň+ öňüne⁠-⁠de altyna gaplanan zynjyrlary asdy. 22 Ol ybadathananyň içini tutuşlygyna altyna gaplady. Içki otagyň golaýyndaky tütetgi ojagyny hem tutuşlygyna altyna gaplady+.

23 Süleýman senuber* agajyndan beýikligi on tirsek iki kerup+ ýasap, içki otagda goýdy+. 24 Keruplaryň her ganatynyň uzynlygy bäş tirsek, bir ganatynyň ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. 25 Ikinji kerubyň hem iki ganatynyň uzynlygy on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň⁠-⁠de ululygy we görnüşi meňzeşdi. 26 Iki kerubyň⁠-⁠da boýy on tirsekdi. 27 Süleýman keruplary+ içki otagda* goýdy. Keruplaryň ganatlary gerilgidi, şonuň üçin birinji kerubyň ganaty bir diwara, ikinji kerubyň ganaty beýleki diwara degip durdy. Olaryň beýleki ganatlary bolsa içki otagyň ortasynda biri⁠-⁠biriniňkä degip durdy. 28 Ol keruplary⁠-⁠da altyna gaplady.

29 Süleýman ybadathananyň iki otagynyň⁠-⁠da diwaryny keruplaryň+, palma agaçlarynyň+ we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezedi+. 30 Ol ybadathananyň iki otagynyň hem aşagyny altyna gaplady. 31 Içki otagyň girelgesine senuber agajyndan iki açylýan gapy, sütünler we söýeler goýdy, olar diwaryň bäşden bir bölegini tutýardy. 32 Senuber agajyndan ýasalan iki açylýan gapyny keruplaryň, palma agaçlarynyň we açylyp duran gülleriň şekili bilen bezäp, altyna gaplady. Keruplar bilen palma agaçlarynyň ýüzüne altyn çaýdy. 33 Ol mukaddes otagyň girelgesine⁠-⁠de senuber agajyndan söýeler goýdy. Olar diwaryň dörtden bir bölegini tutýardy. 34 Soňra ol arça agajyndan iki açylýan gapy ýasady. Gapyny söýelerine berkitdi. Gapynyň her ganaty petlesiniň üstünde aýlanyp, içine⁠-⁠de, daşyna⁠-⁠da açylýardy+. 35 Ol gapynyň ýüzüne keruplaryň, palma agaçlarynyň we açylyp duran gülleriň şekilini oýup ýasady⁠-⁠da, olary altyna gaplady.

36 Içki howlynyň+ haýadyny ýonulan daşlardan üç hatar edip örüp, üstüne bir hatar kedr agajyny goýdy+.

37 Süleýmanyň hökümdarlygynyň 4⁠-⁠nji ýylynyň ziw* aýynda Ýehowanyň öýüniň düýbi tutuldy+. 38 Ybadathananyň çyzgysynda görkezilen ähli zatlar 11⁠-⁠nji ýylyň sekizinji aýynda, ýagny bul* aýynda doly gurlup boldy+. Süleýman ybadathanany ýedi ýylda gurdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş