Birinji Taryh
23 Dawut garrap, ýaşy bir çene ýetipdi. Ol ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa belledi+. 2 Soňra ähli han-begleri, ruhanylary+ we lewileri+ çagyrdy. 3 Lewileriň 30 ýaşdan ýokary erkeklerini ýekän-ýekän sananlarynda+, jemi 38 000 adam çykdy. 4 Lewilerden 24 000 adam Ýehowanyň öýündäki işlere gözegçilik edýärdi, 6 000 adam serkerde we kazydy+, 5 derwezebanlar+ 4 000 adamdy, 4 000 adam bolsa saz çalyp+, Ýehowany şöhratlandyrýardy. Dawut şol saz gurallary Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ýasandygyny aýdypdy.
6 Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat we Merar+ diýen ogullaryna görä toparlara böldi+. 7 Gerşonyň neslinden Ladan bilen Şimeý bardy. 8 Ladanyň ogullary: Ýehiýel baştutan, Zetam we Ýowel+; jemi üç adam. 9 Şimeýiň ogullary: Şelemut, Hazyýel we Haran; jemi üç adam. Olar Ladanyň nesliniň tirebaşylarydy. 10 Şimeýiň ogullary: Ýahat, Zenaý, Ýeguş we Beriýa. Şimeýiň dört ogly bardy. 11 Ýahat baştutandy, ondan soň Zezady. Emma Ýeguş bilen Beriýanyň ogly az bolany üçin, olary bir hojalyk diýip hasaba aldylar we şol bir jogapkärçilige bellediler.
12 Kohatyň ogullary: Imram, Ýyshar+, Hebron we Uzyýel+; jemi dört adam. 13 Imramyň ogullary: Harun+ bilen Musa+. Harun bilen ogullary iň mukaddes otagda hyzmat etmäge bellenipdi+. Olar Ýehowanyň öňünde gurbanlyklary hödürläp, hyzmat etmelidi we Hudaýyň adyndan halka ak pata bermelidi+. 14 Hak Hudaýyň guly Musa we onuň ogullary lewi taýpasy bilen hasaba alnypdy. 15 Musanyň ogullary: Gerşom+ bilen Alygezer+. 16 Gerşomyň ogullaryndan Şebuwel+ baştutandy. 17 Alygezeriň nesillerinden* Rehabaý+ baştutandy. Alygezeriň başga ogly ýokdy, Rehabaýyň bolsa ogly köpdi. 18 Ýysharyň+ ogullaryndan Şelomit+ baştutandy. 19 Hebronyň ogullary: ulusy Ýeriýa, ikinjisi Emirýar, üçünjisi Ýahazyýel, dördünjisi Ýekaman+. 20 Uzyýeliň+ ogullary: Mikaý baştutan, ondan soň Ýyşa.
21 Meraryň ogullary: Mahly bilen Muşe+. Mahlynyň ogullary: Algazar bilen Kiş. 22 Algazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olar garyndaşlary* Kişiň ogullaryna durmuşa çykdylar. 23 Muşeniň ogullary: Mahly, Eder we Ýeremot; jemi üç adam.
24 Şeýlelikde, lewileri tirelerine we tirebaşylaryna görä hasaba aldylar. Olaryň 20 ýaşdan ýokary ähli erkekleriniň adyny ýazyp, Ýehowanyň öýünde gulluk etmäge bellediler. 25 Dawut: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa halkyna asudalyk* berdi+. Hudaý Iýerusalimde baky mesgen tutar+. 26 Indi lewiler mukaddes çadyry we esbaplaryny ondan-oňa göçürmeli bolmaz»+ diýdi. 27 Dawudyň buýrugy bilen, 20 ýaşdan ýokary lewiler hasaba alyndy. 28 Olar Ýehowanyň öýünde hyzmat edýän Harunyň ogullaryna kömek etmelidi+. Ybadathananyň howlularyna+, naharhanalaryna, mukaddes zatlaryň arassaçylygyna we hak Hudaýyň öýündäki başga-da işlere seretmelidi. 29 Hödür çöregine+, galla sadakasy üçin ýokary hilli una, çelpege*+, saçda bişirilýän külçelere, ýag goşulyp ýugrulýan hamyra+, ählisiniň ölçegine we möçberine gözegçilik etmelidi. 30 Olar her gün ertirine-agşamyna+ bellenen ýerinde durup, Ýehowa alkyş aýdyp, Hudaýy şöhratlandyrmalydy+. 31 Şeýle-de Kanunda tabşyrylyşy ýaly, Sabat günlerinde+, Täze aý+ baýramynda we beýleki baýramçylyklarda+ Ýehowa hödürlenýän ýakma gurbanlyklary bermäge kömekleşip, Ýehowanyň huzurynda hyzmat etmelidi. 32 Olar ýygnak çadyrynda*, mukaddes ýerde borçlaryny ýerine ýetirip, Ýehowanyň öýünde hyzmat edýän Harunyň ogullaryna kömek etmelidi.