Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Luka 15
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Luka kitabynyň mazmuny

      • Ýiten goýun hakdaky mysal (1—7)

      • Ýiten teňňe hakdaky mysal (8—10)

      • Ýiten ogul hakdaky mysal (11—32)

Luka 15:1

Parallel aýatlar

  • +Mat 9:10, 11; Mar 2:15, 16; Luk 5:29, 30; 1Tm 1:15

Luka 15:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 198

Luka 15:4

Parallel aýatlar

  • +Hyz 34:11, 16; Mat 18:12, 13; Luk 19:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2020, sah. 28, 29

    «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!», sah. 127

Luka 15:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2020, sah. 28, 29

    «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!», sah. 127

Luka 15:6

Parallel aýatlar

  • +Mat 18:14; Rim 12:15; 1Pe 2:25

Luka 15:7

Parallel aýatlar

  • +Hyz 33:11; Luk 5:32

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 57

    «Isa — ýol», sah. 198, 199

Luka 15:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: drahmasy. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2020, sah. 24, 25

    «Mukaddes Kitap», sah. 1987

Luka 15:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: drahmamy. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Luka 15:10

Parallel aýatlar

  • +Mat 9:13; Mar 2:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 199

Luka 15:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 200

Luka 15:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 200

Luka 15:15

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:7, 8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 200, 201

Luka 15:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 200, 201

Luka 15:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: oglunyň boýnuna böküp.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 202

    «Ýehowa dolanyň», sah. 10

Luka 15:21

Parallel aýatlar

  • +2Tr 7:14; Zb 32:5; 51:4; Nak 28:13; Luk 18:13; 1Ýh 1:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 202

Luka 15:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: aýakgap; köwüş.

Luka 15:24

Parallel aýatlar

  • +Rim 6:13; Efs 2:4, 5

Luka 15:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 202, 203

Luka 15:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 202, 203

Umumy salgylar

Luka 15:1Mat 9:10, 11; Mar 2:15, 16; Luk 5:29, 30; 1Tm 1:15
Luka 15:4Hyz 34:11, 16; Mat 18:12, 13; Luk 19:10
Luka 15:6Mat 18:14; Rim 12:15; 1Pe 2:25
Luka 15:7Hyz 33:11; Luk 5:32
Luka 15:10Mat 9:13; Mar 2:17
Luka 15:153Ms 11:7, 8
Luka 15:212Tr 7:14; Zb 32:5; 51:4; Nak 28:13; Luk 18:13; 1Ýh 1:9
Luka 15:24Rim 6:13; Efs 2:4, 5
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
Luka 15:1—32

Luka

15 Salgytçylar we günäkärler Isany diňlemek üçin daşyna üýşdüler+. 2 Fariseýler bilen kanunçylar bolsa hüňürdeşip: «Ol günäkärleri gowy garşylaýar, olar bilen iýip içýär» diýişdiler. 3 Isa olara şeýle mysaly gürrüň berdi: 4 «Eger siziň 100 goýnuňyz bolup, biri ýitse, 99 goýnuňyzy çölde goýup, ýiten goýnuňyzy gözlemäge gitmersiňizmi?+ 5 Eger ýiten goýnuňyzy tapsaňyz, begenjiňizden ýaňa ony egniňizde göterersiňiz. 6 Öýüňize gelip, dost⁠-⁠ýarlaryňyzy we goňşy⁠-⁠golamlaryňyzy çagyryp: „Ýiten goýnumy tapdym, bile şatlanalyň“+ diýersiňiz. 7 Size diýýärin, toba mätäç bolmadyk 99 dogruçyl adama garanyňda toba eden ýekeje günäkär+ üçin gökde has köp begenerler.

8 Bir aýalyň on kümüş teňňesi* bolup, birini ýitirse, çyrany ýakar⁠-⁠da, öýüni süpürişdirip, teňňesini tapýança gözlemezmi? 9 Teňňesini tapanda, joralaryny we goňşularyny çagyryp: „Ýitiren teňňämi* tapdym, bile şatlanalyň“ diýer. 10 Size diýýärin, bir günäkär toba etse, Hudaýyň perişdeleri has köp begenýärler»+.

11 Isa sözüni şeýle dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bardy. 12 Körpe ogly: „Kaka, mal⁠-⁠mülküňden meniň paýymy ber“ diýdi. Şonda ol mal⁠-⁠mülküni iki ogluna bölüp berdi. 13 Birnäçe günden körpe ogly ähli zadyny ýygnap, başga ýurda gitdi. Ol keýpi⁠-⁠sapada ýaşap, ähli zadyny ýele sowurdy. 14 Bar puluny sowanda, şol ýurtda açlyk başlady. Şonda ol köp horluk çekdi. 15 Ol hatda şol ýurtda biriniň öýünde hyzmat edip başlady. Öýüň eýesi oglany doňuz bakmaga iberdi+. 16 Oglan hatda doňuzlara berilýän iýmden iýmäge⁠-⁠de razydy, ýöne hiç zat bermeýärdiler.

17 Ol akylyna aýlananda, öz⁠-⁠özüne şeýle diýdi: „Kakamyň hakyna tutan işçileriniň iýere çöregi bar, men bolsa açlygymdan ölüp barýaryn. 18 Gowusy, kakamyň ýanyna baryp: „Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim. 19 Men seniň ogluň bolmaga mynasyp däl. Men hakyna tutan işçiň bolaýyn“ diýeýin“. 20 Şeýlelikde, ol kakasynyň ýanyna gitdi. Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awady. Ol ylgap bardy⁠-⁠da, ogluny gujaklap* ogşady. 21 Ogly: „Kaka, men Hudaýyň we seniň öňüňde günä etdim+. Seniň ogluň bolmaga mynasyp däl“ diýdi. 22 Kakasy gullaryna: „Hany, çaltrak boluň! Iň gowy dony getirip, oňa geýdiriň, barmagyna ýüzük dakyň, aýagyna⁠-⁠da çaryk* geýdiriň. 23 Baga bakylan öküzçäni soýuň. Geliň, toý tutalyň, iýip içeliň! 24 Sebäbi oglum ölüpdi, indi direldi+, ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýdi. Şeýlelikde, olar şatlandylar.

25 Şol wagt uly ogly mellekde işläp ýördi. Ol öýüne golaýlanda, aýdym⁠-⁠sazyň we tans edýänleriň sesini eşitdi. 26 Ol hyzmatkärleriň birini çagyryp, öýde näme bolýandygyny sorady. 27 Hyzmatkär oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Onuň sag⁠-⁠aman gelendigi üçin, kakaň semiz öküzçe soýdurdy“ diýdi. 28 Ol gaharlanyp, öýe⁠-⁠de girmedi. Kakasy daşaryk çykyp, ogluna ýalbaryp başlady. 29 Ol hem kakasyna şeýle diýdi: „Saňa ençeme ýyl bäri hyzmat edýärin, hemişe gulak asýaryn. Ýöne dostlarym bilen iýip, şatlanar ýaly ýekeje owlagam bermediň. 30 Emma mal⁠-⁠mülküňi ahlaksyz aýallara sowran ogluň geldi welin, onuň üçin semiz öküzçe soýduň“. 31 Şonda kakasy: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, ähli zadym seniňki ahyryn. 32 Ýöne doganyň ölüpdi, indi direldi, ýitipdi, tapyldy. Şonuň üçin hem şatlanyp toý tutýarys“ diýdi».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş