Hyzkyl
27 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Tir üçin agy* aýdyp+, 3 şeýle diý:
„Deňiz derwezelerinde mekan tutan,
Adalaryň halklary bilen söwda-satyk eden Tir,
Älemiň Hökümdary Ýehowa saňa şeýle diýýär:
„Eý Tir, sen özüňe: „Men gözelleriň gözelidirin“ diýýärsiň+.
4 Sen deňziň jümmüşinde.
Ussalar görküňe görk goşdy.
5 Sen gämi ýalydyň,
Tagtalaryňy Seniriň+ arçalaryndan ýondular,
Pürsüňi Liwanyň kedr agajyndan ýasadylar.
6 Kürekleriň Başanyň dub agajyndan ýonuldy,
Seniň burnuň Kittim+ adalarynyň serwi agajyndan ýasalyp,
Pil süňki bilen bezeldi.
7 Ýelkenleriň Müsüriň al-elwan reňkli zygyr* matasyndandy,
Seniň bassyrmaň Alyşah+ adalarynyň gök ýüplüginden,
Badam reňkli ýüňünden dokaldy.
8 Sidonyň we Arwatyň+ ilaty seniň kürekçileriňdi.
Eý Tir, seniň ökde deňizçileriň bardy+.
9 Gebalyň+ tejribeli*, ökde ussalary döwükleriňi bejererdi+.
Deňziň ähli gämileri we deňizçileri gelip söwda ederdi.
10 Pars, Ludym we Put+ ilaty seniň goşunyňdy, esgerleriňdi.
Olar galkanlary bilen tuwulgalaryny senden asardylar,
Saňa şan-şöhrat getirerdiler.
11 Arwatyň batyr esgerleri
Diwarlaryň her burçunda garawulçylyk ederdiler,
Edermen ýigitleri diňleriňde durardylar.
Olar galkanlaryny diwarlaryňdan asyp,
Görküňe görk goşardylar.
12 Ummasyz baýlygyňy+ görüp, Tarşyş+ seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar kümüş, demir, galaýy we gurşun berip, seniň harytlaryňy alardy+. 13 Ýawan, Tubal+ we Meşeh+ seniň bilen söwda edip, harytlaryň deregine gullary+, misden ýasalan zatlary bererdi. 14 Togarmah+ ilaty söweş atlaryny, bedewlerini we gatyrlaryny berip, senden haryt alardy. 15 Dedan+ halky hem seniň bilen söwda-satyk ederdi. Ençeme adalaryň halky seniň täjirleriňdi. Olar saňa pil süňküni+ we gymmatbaha gara agaçlary salgyt tölärdi. 16 Köp sanly harytlaryňy görüp, Edom seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa derek pöwrize daşyny, badam reňkli ýüňi, keşdeli al-elwan ýüpek matalary, merjen hem lagyl daşlaryny bererdi.
17 Ýahuda we Ysraýyl ýurdy seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar seniň harytlaryňa+ derek Minnit+ bugdaýyny we näz-nygmatlar, bal+, zeýtun ýagyny hem melhem ýagyny+ bererdi.
18 Köp sanly harytlaryňy we ummasyz baýlygyňy görüp, Damask+ seniň bilen söwda-satyk ederdi; seniň harydyňa derek Helbon şerabyny we Zahar ýüňüni bererdi. 19 Uzalyň Wedan we Ýawan welaýatlary seniň harytlaryňa derek demir, dalçyn, hoşboý ysly gamyş bererdi. 20 Dedan+ eýerlik atkeçelerini berip, senden haryt alardy. 21 Araplar we bütin Kedar+ baştutanlary seniň täjirleriňdi; olar saňa guzy, goç we geçi getirerdi+. 22 Şeba we Raýman+ täjirleri seniň bilen söwda-satyk ederdi. Olar harytlaryňa derek her dürli saýlama atyrlary, gymmatbaha daşlary we altynlary bererdi+. 23 Haran+, Kanneh, Erem+, Şeba+, Ashur+ we Kilmat täjirleri seniň bilen söwda-satyk ederdi. 24 Olar seniň bazarlaryňda owadan lybaslary, mawy reňkli donlary, keşdeli al-elwan matalary we dürli reňkli halylary satardylar. Olaryň ählisini berk daňyp goýardylar.
26 Kürekçileriň seni deňiz jümmüşine alyp barar,
Gündogar şemaly seni deňiz ortasynda kül-peýekun eder.
27 Seniň ýykylan günüň,
Bar baýlygyň, harytlaryň, mallaryň,
Gämiçileriň we deňizçileriň,
Döwükleriňi bejerýän ussalaryň,
Söwdagärleriň+ we ähli esgerleriň+,
Sende ýaşaýan halk deňziň jümmüşinde gark bolar+.
28 Deňizçileriň ahy-nalasyndan kenardaky obalar titrär.
29 Ähli kürekçiler, deňizçiler we gämiçiler,
Gämilerinden düşüp, kenarda durarlar.
30 Olar seniň üçin dady-perýat ederler+,
Başyndan gum sowrup, kül üstünde oturarlar.
31 Saçlaryny syryp, jul* geýerler,
Ajy hasratdan ýaňa zar-zar aglarlar.
32 Seniň üçin ýas tutup, agy* aýdarlar:
„Deňiz ortasynda Tir ýaly ümsüm ýatan barmy?+
33 Gämili gelen harytlaryň bilen köpleri begendirerdiň+.
Baýlygyň we harytlaryň bilen
Patyşalarynyň döwletini artdyrardyň+.
34 Indi sen deňizde, suwuň düýbünde dargap ýatarsyň+.
Bar baýlygyň we ähli halkyň seniň bilen gark bolar+.
35 Ähli adalaryň ilaty saňa geň galyp serederler+,
Patyşalar gorkudan ýaňa sandyraşyp+,
Ýüzleri ak tam bolar.
36 Dünýäniň täjirleri seniň halyňy görüp, sykylyk çalarlar*.
Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar.
Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+.