Zebur
Maskil*. Zeralardan Etanyň+ aýdymy.
89 Ýehowanyň wepaly söýgüsini* hemişe wasp ederin,
Wepasy hakda neslime gürrüň bererin.
2 Men: «Wepaly söýgiň ebedilik durar+,
Gökde wepadarlygyň düýbüni tutduň» diýdim.
5 Eý Ýehowa, asman täsin işleriňi yglan edýär,
Mukaddesleriň ýygnagynda wepadarlygyňy wasp edýär.
6 Gökde Ýehowa taý geljek barmy?+
Hudaýyň ogullarynyň+ arasynda Ýehowa ýaly barmy?
8 Serkerdebaşy Ýehowa!
Ýah, seniň ýaly güýçli kim bar?+
Sen hemişe wepaly+.
10 Rahawy*+ boýun egdirdiň, janyny aldyň+,
Duşmanlaryňy güýçli goluň bilen ýok etdiň+.
14 Tagtyň dogruçyllyk, adalatlylyk bilen berkidilendir+.
15 Seni şatlanyp wasp edýän halk nähili bagtly!+
Eý Ýehowa, olar seniň nuruňda* gezýärler.
16 Olar uzakly gün seniň adyňa guwanýarlar,
Adalatyň olaryň abraýyny artdyrýar.
18 Bize galkan beren Ýehowadyr,
Patyşamyzy saýlan Ysraýylyň Mukaddes Hudaýydyr+.
19 Şol döwür wepaly gullaryňa görnüş* beripdiň:
21 Men oňa ýardam bererin+,
Golum bilen berkiderin.
22 Duşman oňa salgyt salmaz,
Zalym adam sütem etmez+.
24 Men oňa wepaly bolaryn, mährim* bilen çoýaryn+.
Adymyň hatyrasyna güýjüni hem abraýyny artdyraryn.
25 Deňizleri onuň eline bererin,
Derýalary sag eline bererin+.
26 Ol maňa: „Sen meniň Atam,
Hudaýym, Halasgär Arkadagym!“+ diýer.
29 Onuň zürýady ebedilik höküm sürer,
Tagty asman kimin müdimilik durar+.
30 Eger onuň ogullary kanunymy bozsa,
Permanlarymy ýerine ýetirmese,
31 Kanunlaryma gulak asmasa,
Tabşyryklarymy berjaý etmese,
32 Gulak asmandygy* üçin taýaklaryn,
Günäleri üçin gamçy bilen temmi bererin+.
33 Emma ondan wepaly söýgimi gaýgyrmaryn+,
Beren wadalarymdan boýun gaçyrmaryn.
35 Mukaddesligimden bir gezek ant içdim,
Dawuda ýalan sözlemerin+.
37 Asmanyň wepaly şaýady Aý kimin,
Onuň tagty hiç haçan ýok bolmaz». (Sela)
38 Emma sen ondan ýüz öwürdiň, terk etdiň+,
Saýlan guluňa gaharlandyň.
39 Guluň bilen baglaşan ähtiňi bozduň,
Täjini ýere zyňyp, haram etdiň.
40 Daşdan salnan diwarlaryny ýykdyň,
Galalaryny ýer bilen ýegsan etdiň.
41 Öten-geçenler ony talaýarlar,
Goňşy-golamlary ýaňsylaýarlar+.
42 Duşmanlaryna ýeňiş berdiň+,
Ýagylaryny begendirdiň.
43 Sen onuň gylyjyny küteltdiň,
Söweşde goldamadyň.
44 Ony abraýdan düşürdiň,
Tagtyny ýer bilen ýegsan etdiň.
45 Ony tiz garratdyň,
Masgaraçylyk donuny geýdirdiň. (Sela)
46 Ýehowa, haçana çenli ýüzüňi sowjak? Ebedilikmi?+
Lowlaýan gazabyň haçan köşeşer?
47 Ömrümiň gysgadygyny unutma+.
Ynsany biderek ýere ýaratdyňmy?
48 Dünýä gelenleriň haýsy biri ölümi datmady?+
Adam mazaryň* penjesinden gutulyp bilermi? (Sela)
49 Eý Ýehowa, wepaly Hudaýym! Dawuda ant içeniňi,
Wepaly söýgiň bilen eden işleriňi unutdyňmy?+
50 Eý Ýehowa, gullaryňa aýdylan ýaňsylaýjy sözleri,
Halklaryň maňa aýdan ajy sözlerini unutma.
51 Eý Ýehowa, duşmanlaryň kemsitmelerini unutma,
Olar saýlan guluň her bir işini ýazgardylar.
52 Ýehowa ebedilik alkyş bolsun! Omyn, omyn!+