Dördünji Musa
6 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Eger erkek ýa aýal özüni Ýehowa nezir*+ hökmünde bagyş etmek barada ant içse, 3 onda ol şerap ýa-da şoňa meňzeş içgileri içmesin. Üzümden we başga zatlardan edilen sirke*, üzüm şiresini-de içmesin+. Üzüm hem, kişmiş hem iýmesin. 4 Nezirlik döwri üzümden taýýarlanan hiç zady, hatda çig üzümi-de, gabygyny-da agzyna almasyn.
5 Nezirlik döwri onuň başyna päki degmeli däldir+. Ýehowa bagyş edilen günleri tamamlanýança, ol saçyny ösdürip, mukaddes bolsun. 6 Nezir Ýehowa bagyşlanan günleri jesede golaýlaşmasyn. 7 Hatda ene-atasy, dogany ýa uýasy ölse-de, jesede golaýlaşyp+, özüni haram etmesin. Sebäbi başyndaky saçy Hudaýyň öňünde nezirdigini aňladýandyr.
8 Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddesdir. 9 Eger ýanynda biri tarpa-taýyn ölse+, ol hem jesede degip, nezirlik saçyny haram etse, onda tämizlenen güni, ýagny ýedinji gün saçyny syrsyn+. 10 Sekizinji gün iki gumryny ýa-da iki kepderini* ýygnak çadyrynyň* agzyna getirip, ruhana bersin. 11 Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy edip berip, jesede degen neziri günäden arassalasyn+. Şol gün nezir özüni* mukaddes etsin. 12 Ol ýene-de Ýehowanyň neziri bolmak üçin, ýazyk gurbanlygy hökmünde erkek tokly getirsin. Ol nezirligini haram etdi, şonuň üçin nezirliginiň öňki günleri hasaba alynmaz.
13 Nezir baradaky kanun şeýledir: nezirlik döwri+ tamamlananda, ony ýygnak çadyrynyň agzyna getirsinler. 14 Ol Ýehowa gurbanlyk berer ýaly, ýakma gurbanlygy+ üçin şikessiz erkek tokly, günä gurbanlygy+ üçin şikessiz urkaçy tokly, parahatlyk gurbanlygy+ üçin şikessiz goç, 15 ýokary hilli undan ýaga ýugrulan bir sebet halka görnüşli petir*, çelpek*, olaryň ýany bilen galla+ we şerap sadakalaryny+ getirsin. 16 Ruhany olary Ýehowanyň huzuryna getirip, onuň üçin günä we ýakma gurbanlygyny hödürlesin. 17 Ol goçy we sebetdäki petirleri Ýehowa parahatlyk gurbanlygy edip bersin. Goçuň ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny hödürlesin.
18 Nezir ýygnak çadyrynyň agzynda saçyny syrsyn+. Ol nezirlik döwri ösdüren saçyny parahatlyk gurbanlygy ýakylýan oda atsyn. 19 Ruhany bolsa goçuň gaýnadylan+ goluny*, sebetden bir halka görnüşli petiri we çelpegi alyp, saçyny syrdyran neziriň eline bersin. 20 Ruhany olary Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn+. Göterme sadakasynyň döşi we gurbanlygyň budy ýaly, olar hem ruhanynyň mukaddes paýydyr+. Şondan soň nezir şerap içip biler.
21 Ant içen nezir+ şu kanuna eýersin: eger ol nezirlerden edilýän talaby berjaý edip, Ýehowa ýene-de bir zatlary bermegi söz berse, muňa ýagdaýy-da ýetýän bolsa, nezirlik kanunyna eýerip, içen antyny berjaý etsin“».
22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23 «Harun bilen ogullaryna aýt, olar ysraýyl halkyna ak pata berende+, şeýle diýsinler:
24 „Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn+, gorasyn!
25 Ýehowa nuruny saçyp+, sizden razy bolsun!
26 Ýehowa nazar salyp, parahatlyk bersin!“+
27 Olar halka meniň adym+ bilen ak pata bersin, şonda ysraýyllary ýalkaryn»+.