Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Melek 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Melek kitabynyň mazmuny

      • Ýehowa halkyny söýýär (1—5)

      • Ruhanylar şikesli mallary gurbanlyk berýär (6—14)

        • Hudaýyň ady halklaryň arasynda şöhratlanar (11)

Melek 1:1

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Meniň habarçym.

Melek 1:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 10:15
  • +1Ms 25:25, 26

Melek 1:3

Parallel aýatlar

  • +Rim 9:13
  • +Ýer 49:20; Ýow 3:19
  • +Işa 34:10, 13

Melek 1:4

Parallel aýatlar

  • +Işa 34:5; Abd 18

Melek 1:6

Parallel aýatlar

  • +Hyz 22:26
  • +2Ms 20:12
  • +2Ms 4:22
  • +Işa 1:2

Melek 1:7

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: çöregi.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:21, 22; 1Kr 10:21

Melek 1:8

Parallel aýatlar

  • +3Ms 22:20, 22; 5Ms 15:21

Melek 1:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:13; Mik 3:11
  • +2Tr 23:4
  • +Işa 1:11; Ýer 6:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2007, sah. 27

Melek 1:11

Parallel aýatlar

  • +Zb 113:3; Işa 45:6; 59:19
  • +Zb 22:27; Sep 3:9; Mat 28:19; Ylh 15:4

Melek 1:12

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: meni masgara edýärsiňiz.

Parallel aýatlar

  • +Mel 1:7
  • +Hyz 22:26

Melek 1:13

Parallel aýatlar

  • +3Ms 22:20, 22; 5Ms 15:21; 17:1

Melek 1:14

Parallel aýatlar

  • +Zb 47:2; Ýer 10:10
  • +Ylh 15:4

Umumy salgylar

Mel. 1:25Ms 10:15
Mel. 1:21Ms 25:25, 26
Mel. 1:3Rim 9:13
Mel. 1:3Ýer 49:20; Ýow 3:19
Mel. 1:3Işa 34:10, 13
Mel. 1:4Işa 34:5; Abd 18
Mel. 1:6Hyz 22:26
Mel. 1:62Ms 20:12
Mel. 1:62Ms 4:22
Mel. 1:6Işa 1:2
Mel. 1:7Hyz 41:21, 22; 1Kr 10:21
Mel. 1:83Ms 22:20, 22; 5Ms 15:21
Mel. 1:10Ýer 6:13; Mik 3:11
Mel. 1:102Tr 23:4
Mel. 1:10Işa 1:11; Ýer 6:20
Mel. 1:11Zb 113:3; Işa 45:6; 59:19
Mel. 1:11Zb 22:27; Sep 3:9; Mat 28:19; Ylh 15:4
Mel. 1:12Mel 1:7
Mel. 1:12Hyz 22:26
Mel. 1:133Ms 22:20, 22; 5Ms 15:21; 17:1
Mel. 1:14Zb 47:2; Ýer 10:10
Mel. 1:14Ylh 15:4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
Mukaddes Kitap
Melek 1:1—14

Melek

1 Habar.

Ýehowanyň Melek* pygamber arkaly Ysraýyla aýdan habary.

2 Ýehowa: «Eý halkym, men sizi söýýärin!»+ diýýär.

Siz bolsa: «Biz⁠-⁠ä seniň söýgiňi görmedik» diýýärsiňiz.

Ýehowa şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi?+ Ýöne men Ýakuby söýdüm, 3 Ysawy ýigrendim+. Onuň daglarynda janly⁠-⁠jemende galmady+, mirasyny çöle, şagallaryň sürenine öwürdim»+.

4 «Edom: „Biz weýran edildik, ýöne dolanyp geleris, haraba öwrülen ýerleri dikelderis“ diýýär. Emma Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Olar gurar, ýöne men ýykaryn. Olara „zalymlygyň mekany“ we „Ýehowanyň hemişelik ýüz öwren halky“+ diýerler. 5 Siz muny gözüňiz bilen görüp: „Goý, Ýehowa bütin Ysraýylda şöhratlansyn!“ diýersiňiz“».

6 «Adyma ysnat getirýän ruhanylar+, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ogul atasyna, gul hem hojaýynyna hormat goýýar+. Eger men Ata bolsam+, näme üçin hormat goýmaýarsyňyz?+ Eger men Hojaýyn bolsam, näme üçin menden gorkmaýarsyňyz?“

Emma siz: „Adyňa ysnat getirer ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz.

7 „Gurbanlyk ojagyma* haram sadakalary* getirýärsiňiz“.

„Seni masgara eder ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz.

Siz: „Ýehowanyň saçagyna+ galan⁠-⁠gaçan hem bolýar“ diýýärsiňiz. 8 Kör maly gurbanlyk berip: „Kemi ýok“ diýýärsiňiz. Agsak, kesel maly getirip: „Kemi ýok“+ diýýärsiňiz».

«Şolary häkimiňe eltip berseň, kabul edermi? Seni güler ýüz bilen garşy alarmy?» Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa şikesli mallary gurbanlyk berseňiz, kabul ederinmi? Şonuň üçin Hudaýyňyza ýalbaryň, rehim etmegini diläň».

10 «Size hak tölenmese+, ybadathananyň gapylaryny ýapmaýarsyňyz+, gurbanlyk ojagynda ot ýakmaýarsyňyz. Men sizden razy däldirin. Gurbanlyklaryňyzyň hiç birini kabul etmerin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.

11 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Gündogardan günbatara çenli meniň adym halklaryň arasynda şöhratlanar+. Bütin ýer ýüzünde meniň adymyň hatyrasyna halal gurbanlyklar ýakylar, sadakalar berler. Meniň adym ähli halklaryň arasynda şöhratlanar»+.

12 «Emma siz: „Ýehowanyň saçagy, ondaky ir⁠-⁠iýmişler, näz⁠-⁠nygmatlar haramdyr“+ diýip, adyma ysnat getirýärsiňiz*+. 13 Siz: „Olardan bizar bolduk!“ diýip, ýüz⁠-⁠gözüňizi çytýarsyňyz — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siz ogurlanan, agsak we kesel mallary getirýärsiňiz. Siz nädip şeýle mallary gurbanlyk berip bilýärsiňiz?! Men olary kabul ederinmi?»+ Muny Ýehowa aýdýar.

14 «Sürüsinde sagdyn goçy bolsa⁠-⁠da, beren wadasyny berjaý etmek üçin Ýehowa şikesli maly gurbanlyk berýän hilegär adama nälet bolsun! Men beýik Patyşa!+ Ähli milletler adymdan gorkarlar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş