Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Mutlaben*. Dawudyň aýdymy.
א [Elip]
9 Eý Ýehowa, saňa ýürekden alkyş aýdaryn,
Ajaýyp işleriňi gürrüň bererin+.
ב [Bet]
3 Duşmanlarym yza çekiler+,
Ýykylyp ýok bolarlar.
4 Sen hakymy alyp berýärsiň,
Tagtyňda oturyp, adalatly höküm çykarýarsyň+.
ג [Gimel]
5 Halklara käýäp+, erbetleri ýok etdiň,
Atlaryny ebedilik öçürdiň.
6 Duşmanlaryňy hemişelik ýok etdiň,
Şäherlerini ýer bilen ýegsan etdiň.
Olaryň ady hiç haçan agzalmaz+.
ה [He]
ו [Waw]
ז [Zaýn]
11 Eý Sionda ýaşaýanlar, Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň,
Işlerini halklara yglan ediň+.
ח [Het]
13 Ölüm penjesinden gutarýan Ýehowa Hudaýym+,
Maňa rehim eýle, duşmanlarymyň sütem edişini gör.
14 Sionyň* derwezelerinde ajaýyp işleriňi yglan ederin+,
Halas edişiňi görüp şatlanaryn+.
ט [Tet]
15 Halklar öz gazan çukuryna özleri düşýär,
Guran toruna özi çolaşýar+.
16 Ýehowa çykaran hökümleri bilen tanalýar+,
Erbetler öz pälinden tapýar+.
(Higaýon*. Sela)
י [Ýod]
17 Allany unudan halklar,
Erbet adamlar mazara* iner.
כ [Käp]
19 Aýaga gal, eý Ýehowa, adam ogly üstün çykmasyn,
Goý, halklar seniň öňüňde höküm edilsin+.
20 Eý Ýehowa, goý, halklar senden gorksun+,
Başy ölümli ynsandygyny bilsin. (Sela)