Birinji Ýahýa
1 Biz owal-başdan bar bolan hakda ýazýarys. Onuň sesini gulagymyz bilen eşitdik, gözümiz bilen gördük, synladyk we elimiz bilen elledik. Ol ýaşaýyş berýän sözdür+. 2 Hawa, bize ýaşaýyş mälim boldy, ony gördük we ol hakda şaýatlyk etdik+. Biz size Atamyzyň berýän we mälim edýän ebedi ýaşaýşy+ hakda gürrüň berdik. 3 Biziň bilen agzybir bolmagyňyz üçin, size gören-eşidenimiz hakda aýdýarys+. Biz hem Atamyz we Ogly Isa Mesih bilen agzybir+. 4 Biz şatlygymyza şatlyk goşulsyn diýip, şeýle hat ýazýarys.
5 Biziň Isadan eşidip, wagyz edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur+, onda garaňkylyk ýokdur. 6 Eger biz: «Onuň bilen agzybir» diýip-de, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýäris we hakykata görä ýaşamaýarys+. 7 Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezsek, onda ählimiz agzybir bolarys, Ogly Isanyň gany hem günälerimizi ýuwýandyr+.
8 Biz: «Günäli däl» diýýän bolsak, öz-özümizi aldap+, hakykata ynanmaýarys. 9 Eger günälerimizi boýun alsak, Hudaý bizi bagyşlar we haram işlerden arassalar+, sebäbi ol wepaly hem dogruçyldyr. 10 Biz: «Günä eden däldiris» diýsek, onda Hudaýy ýalançy hasaplap, sözüne ynanýan däldiris.