Işaýa
51 «Adalaty agtarýanlar, diňläň!
Ýehowany gözleýänler, gulak goýuň!
Gaýa serediň, siz ondan alyndyňyz,
Çukura serediň, siz ondan çykdyňyz.
2 Ataňyz Ybraýyma,
Sizi dünýä inderen Bibisara+ serediň.
3 Ýehowa Siona teselli berer+,
Weýran bolan ýerlerini dikelder*+.
Çölleri Erem bagy deý bolar+,
Düz ýerleri Ýehowanyň bagyna öwrüler+.
Şatlyk we begenç sesi ýaňlanar,
Alkyş we aýdym owazy ýaň salar+.
4 Halkym, meni diňläň!
Halkym+, maňa gulak asyň!
5 Adalaty dikeltjek günüm+,
Adalar maňa umyt baglar+,
Kuwwatly golumyň galmagyna garaşarlar.
6 Başyňyzy göge galdyryň,
Aşak, ýere serediň.
Gökler tüsse kimin dargar,
Ýer eşik kimin çüýrär,
Adamlar çybyn deý öler.
Başy ölümli ynsan üstüňizden gülse, gorkmaň,
Olar kemsitse, heder etmäň.
Emma adalatym müdimilik durar,
Gutulyşym nesilden-nesle dowam eder»+.
9 Ýehowanyň goly, oýan!+
Oýan, güýjüňe güýç goşulsyn!
Gadymy günlerde, ata-babalarymyzyň döwründe oýanyşyň ýaly oýan!
10 Deňzi, çuň suwlary guradan sen dälmi?+
Töleg töläp alan halkyň geçer ýaly,
Deňziň içinden ýol çeken sen dälmi?+
11 Ýehowanyň halas edenleri geler+.
Olar begener, şatlanar,
Gaýgy-gamy unudar+.
12 «Men size göwünlik bererin+.
Başy ölümli ynsandan,
Ot kimin saralyp-solýan adamdan näme üçin gorkjak?+
Gaharjaň hojaýyn öldürer öýdüp,
Siz her gün gorkup ýördüňiz.
Hany, gaharjaň hojaýynyňyz nirede?
15 Emma men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.
Men deňzi çaýkaýaryn, tolkun atdyrýaryn+.
Adym Serkerdebaşy Ýehowadyr+.
16 Size sözümi yglan etdirerin,
Golumyň saýasynda sizi gizlärin+.
Şonda gökleri ýaýaryn, ýeriň düýbüni tutaryn+,
Siona: „Meniň halkym“+ diýerin.
17 Eý Iýerusalim, oýan! Oýan, aýaga gal!+
Sen Ýehowanyň beren gazap käsesinden içdiň.
Sen käseden içdiň,
Käsäni boşatdyň, serhoş bolduň+.
18 Dünýä inderen ogullaryň hiç biri ýol görkezmez,
Kemala getiren ogullaryň hiç biri eliňden tutmaz.
19 Şu dertleriň ikisinem çekersiň.
Kim saňa göwünlik berer?
Talanarsyň, weýran bolarsyň,
Açlyk çekersiň, başyňdan gylyç iner+.
Kim saňa teselli berer?+
20 Ogullaryň huşuny ýitirdi+,
Tora düşen dag goçy ýaly,
Köçäniň çatryklarynda çaşyp ýatyrlar.
Ýehowanyň gazap käsesinden içdiler,
Hudaýyň temmisini aldylar».
21 Şerap içmän serhoş bolan aýal,
Görgüli aýal, gulak goý!
22 Halkyny goraýan Hudaý,
Hökümdaryň Ýehowa şeýle diýýär:
23 Ony saňa sütem edenleriň eline bererin+,
Olar: „Ýere ýüzin düş, seni basgylap geçjek“ diýdiler.
Olar ýerden, köçeden ýörän ýaly,
Arkaňy depeläp geçdiler».