Ýunus
2 Ýunus balygyň garnyndan Ýehowa Hudaýyna doga edip+, 2 şeýle diýdi:
Sen sesimi eşitdiň.
Güýçli tolkunlar üstümi basdy+.
4 Men: „Hudaýyň öňünden kowuldym!
Mukaddes ybadathanaňy ýene görerinmi?“ diýdim.
Başyma otlar oraldy.
6 Daglaryň düýbüne düşdüm,
Daşymdan ýeriň derwezesi ebedilik ýapyldy,
Ýehowa Hudaýym, sen janymy çukurdan halas etdiň+.
7 Demimi sanap ýatyrkam, diňe Ýehowa hakda oýlandym+.
Şonda dogamy mukaddes ybadathanaňdan eşitdiň+.
8 Butparazlar Hudaýyň söýgüsinden* ýüz öwürdiler*.
9 Men bolsa saňa alkyş aýdyp, gurbanlyk bererin,
Wadamy berjaý ederin+.
Diňe Ýehowa halas edip bilýändir!»+
10 Ýehowa balyga emr etdi, balyk Ýunusy gury ýere gusdy.