Ikinji Korinfliler
13 Men siziň ýanyňyza üçünji gezek barjak bolýaryn. «Biriniň dogry ýa-da ýalan sözleýändigini iki ýa üç şaýat tassyklamalydyr»+. 2 Häzir ýanyňyzda bolmasam-da, meni ýanyňyza ikinji gezek baran ýaly kabul ediň. Sebäbi öň aýdyşym ýaly, günä edenlere we beýlekilere ýene-de duýdurýaryn: men baranymda, olary temmisiz goýmaryn. 3 Şonda araňyzda ejiz däl-de, güýçli Mesihiň men arkaly gepleýändigine göz ýetirersiňiz. 4 Hawa, Mesihi ejiz wagty pürse çüýlediler, ýöne ol Hudaýyň güýji bilen diridir+. Onuň ejiz bolşy ýaly, biz hem ejiz bolsak-da, Hudaýyň güýji arkaly onuň bilen ýaşarys+.
5 Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň+. Eýsem siz Isa Mesih bilen agzybirligi saklaýarsyňyzmy? Eger saklamaýan bolsaňyz, Hudaý sizden razy bolmaz. 6 Siz Hudaýyň bizden razydygyna düşünersiňiz diýip umyt edýärin.
7 Adamlar bizi kabul etmese-de, biz siziň nädogry işleri däl-de, ýagşy işleri etmegiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Ýöne muny adamlara görünmek üçin etmeýäris. 8 Sebäbi biz hakykata garşy hiç zat edip bilmeýäris, gaýtam diňe hakykat üçin edýäris. 9 Biz ejizkäk siz güýçli bolsaňyz, muňa elmydama begeneris. Şol sebäpli hem düzelmegiňiz üçin doga edýäris. 10 Halypamyz maňa sizi ruhdan düşürmek üçin däl-de, imanyňyzy berkitmek üçin ygtyýar berdi+. Men ýanyňyza baranymda, berlen ygtyýardan peýdalanyp, size ýowuz daraşmaz ýaly, ähli zady hat arkaly ýazýaryn.
11 Şeýlelikde, doganlar, size şuny ündeýärin: hemişe şatlanyň, düzeliň, biri-biriňizi ruhlandyryň+, bir pikirde boluň+ we agzybirlikde ýaşaň+. Şonda söýýän we parahatlyk berýän Hudaý+ siziň bilen bolar. 12 Bir-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. 13 Size ähli mukaddesler hem salam aýdýar.
14 Halypamyz Isa Mesihiň ýagşylygy, Hudaýyň söýgüsi we mukaddes ruhy siziň bilen bolsun!