Zekerýa
13 Şol gün Dawut öýi we Iýerusalim ilaty günäden hem-de haramlykdan arassalanar+ ýaly bir guýy gazylar.
2 Şol gün men ýurtdan butlary bütinleý ýok ederin+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Olar gaýdyp ýatlanmaz. Ýalan pygamberleri+ we ýigrenji işleri edýänleri* hem aýraryn. 3 Eger biri ýene-de ýalan pygamberlik etse, hatda dünýä inderen ene-atasy hem: „Sen ölersiň, sebäbi Ýehowanyň adyndan ýalan sözleýärsiň“ diýer. Ýalan pygamberlik edeni üçin, dünýä inderen ene-atasy ogluny öldürer*+.
4 Şol gün her bir pygamber gören görnüşini* gürrüň berende utanja galar. Olar ynsanlary aldamak üçin pygamberlik donuny*+ geýmez. 5 Olar şeýle diýer: „Men pygamber däl, men daýhan. Meni ýaşkam gul edip satyn aldylar“. 6 Eger biri: „Bedeniňdäki* tyg ýarasy näme?“ diýip sorasa, olar: „Dostumyň* öýünde otyrkam boldy“ diýip jogap berer».
8 Tutuş ýurduň üçden iki bölegi gyrlyp ýok bolar — muny Ýehowa aýdýar.
Üçünji bölegi bolsa aman galar.
Olar meniň adymy tutup çagyrarlar,
Menem olara jogap bererin.
Men: „Olar meniň halkym“ diýerin+,
Olar bolsa: „Ýehowa biziň Hudaýymyz“ diýerler».