Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 13
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Eminiň Tamary zorlamagy (1—22)

      • Abselimiň Emini öldürişi (23—33)

      • Abselim Geşura gaçyp gidýär (34—39)

2 Şamuwel 13:1

Parallel aýatlar

  • +1Tr 3:9
  • +2Şm 3:2

2 Şamuwel 13:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: durmuşa çykmadyk.

2 Şamuwel 13:3

Parallel aýatlar

  • +2Şm 13:35
  • +1Şm 16:9; 1Tr 2:13

2 Şamuwel 13:4

Parallel aýatlar

  • +3Ms 18:9; 20:17

2 Şamuwel 13:6

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ýürek şekilli külçe.

2 Şamuwel 13:12

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:2, 7; Ser 20:5, 6
  • +3Ms 18:9, 29; 20:17; 5Ms 27:22

2 Şamuwel 13:19

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 7:6; Est 4:1; Ýer 6:26

2 Şamuwel 13:20

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:3; 13:1
  • +3Ms 18:9; 5Ms 27:22

2 Şamuwel 13:21

Parallel aýatlar

  • +Nak 19:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2015, sah. 17

2 Şamuwel 13:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 34:7
  • +Nak 18:19

2 Şamuwel 13:23

Parallel aýatlar

  • +Ýah 11:54
  • +1Pa 1:9, 19

2 Şamuwel 13:26

Parallel aýatlar

  • +Zb 55:21; Nak 10:18; 26:24—26

2 Şamuwel 13:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2022, sah. 11

2 Şamuwel 13:32

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:9; 1Tr 2:13
  • +2Şm 13:3
  • +2Şm 12:10
  • +1Ms 27:41; Zb 7:14; Nak 18:19
  • +3Ms 18:9, 29; 2Şm 13:12—14

2 Şamuwel 13:34

Parallel aýatlar

  • +2Şm 13:38

2 Şamuwel 13:35

Parallel aýatlar

  • +2Şm 13:3

2 Şamuwel 13:37

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:3

2 Şamuwel 13:38

Parallel aýatlar

  • +5Ms 3:14; Ýuş 12:4, 5; 2Şm 14:23

Umumy salgylar

2 Şam. 13:11Tr 3:9
2 Şam. 13:12Şm 3:2
2 Şam. 13:32Şm 13:35
2 Şam. 13:31Şm 16:9; 1Tr 2:13
2 Şam. 13:43Ms 18:9; 20:17
2 Şam. 13:121Ms 34:2, 7; Ser 20:5, 6
2 Şam. 13:123Ms 18:9, 29; 20:17; 5Ms 27:22
2 Şam. 13:19Ýuş 7:6; Est 4:1; Ýer 6:26
2 Şam. 13:202Şm 3:3; 13:1
2 Şam. 13:203Ms 18:9; 5Ms 27:22
2 Şam. 13:21Nak 19:13
2 Şam. 13:221Ms 34:7
2 Şam. 13:22Nak 18:19
2 Şam. 13:23Ýah 11:54
2 Şam. 13:231Pa 1:9, 19
2 Şam. 13:26Zb 55:21; Nak 10:18; 26:24—26
2 Şam. 13:321Şm 16:9; 1Tr 2:13
2 Şam. 13:322Şm 13:3
2 Şam. 13:322Şm 12:10
2 Şam. 13:321Ms 27:41; Zb 7:14; Nak 18:19
2 Şam. 13:323Ms 18:9, 29; 2Şm 13:12—14
2 Şam. 13:342Şm 13:38
2 Şam. 13:352Şm 13:3
2 Şam. 13:372Şm 3:3
2 Şam. 13:385Ms 3:14; Ýuş 12:4, 5; 2Şm 14:23
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 13:1—39

Ikinji Şamuwel

13 Dawudyň ogly Abselimiň Tamar atly owadan uýasy bardy+. Dawudyň ogly Emin+ oňa aşyk boldy. 2 Tamar päk* gyzdy. Emin uýasy Tamar sebäpli däli⁠-⁠diwana boldy, arzuwyna ýetip bilmerin öýdüp, agyr derde galdy. 3 Eminiň Ýehonadap+ atly bir dosty bardy, ol Dawudyň dogany Şimegaýyň+ ogludy. Ýehonadap örän mekir adamdy. 4 Ol Emine: «Eý şazada, keýpiň ýok⁠-⁠la. Aýt hany, näme boldy?» diýdi. Emin: «Men doganym Abselimiň uýasy Tamara aşyk boldum»+ diýdi. 5 Şonda Ýehonadap: «Sen kesellän kişi bolup ýat. Kakaň ýagdaýyňy soramaga geler welin: „Uýam Tamar gelip, bir zat bişirip beräýsin. Ýanymda nahar bişirip, öz eli bilen iýdirse sagalaryn“ diý» diýdi.

6 Emin kesellän kişi bolup ýatdy, patyşa ony görmäge geldi. Şonda Emin: «Uýam Tamar gelip, iki sany çapady* bişirip beräýsin. Men Tamaryň öz elinden iýjek» diýdi. 7 Dawut Tamaryň yzyndan köşge adam iberip: «Doganyň Eminiň öýüne gel⁠-⁠de, nahar bişirip ber» diýdi. 8 Tamar doganynyň öýüne bardy. Şol wagt Emin düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup ýaýdy⁠-⁠da, doganynyň ýanynda çapady bişirdi. 9 Ol çapadyny Eminiň öňünde goýdy. Emin çapadydan datman: «Baryňyz çykyň!» diýip gygyrdy. Hemmeler daşaryk çykdy.

10 Emin Tamara: «Nahary ýatýan jaýyma elt, öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar çapadylary alyp, dogany Eminiň ýatýan otagyna bardy. 11 Tamar çapadylary Eminiň öňünde goýan badyna, ol uýasyna ýapyşyp: «Gel, meniň bilen ýatsana!» diýdi. 12 Emma Tamar: «Ýok, doganym, beýdip namysyma degme! Bihaýalyk edip+, Ysraýylda masgara bolma!+ 13 Munuň ýaly masgaraçylykdan soň iliň⁠-⁠günüň ýüzüne nädip seredeýin? Sen hem Ysraýylda biabraý bolarsyň. Ýalbarýaryn, patyşa bilen gepleş, ol meni saňa berer» diýdi. 14 Ýöne Emin gulak asman, uýasyny zorlap, namysyna degdi. 15 Soňra ol Tamary şeýle bir ýigrendi welin, ýigrenji başdaky söýgüsinden has güýçli boldy. Emin uýasyna: «Tur, gümüňi çek!» diýdi. 16 Şonda Tamar: «Ýok, doganym, meni kowma, bu edeniň öňki edeniňden hem beter bolar!» diýdi. Emma Emin Tamary diňlemek hem islemedi.

17 Emin bir hyzmatkär ýigidi çagyryp: «Muny gözümiň alnyndan ýok et, daşaryk çykar⁠-⁠da, gapyny gulpla!» diýdi. 18 Tamaryň egninde nagyşly dony bardy, şeýle dony patyşanyň durmuşa çykmadyk gyzlary geýýärdi. Hyzmatkär Tamary daşaryk çykaryp, gapyny gulplady. 19 Tamar başyndan kül sowrup+, egnindäki owadan donuny ýyrtdy. Ol kellesini tutup, ýolboýy aglap gitdi.

20 Dogany Abselim+ uýasyny görüp: «Emin seni zorladymy? Uýam, muny hiç kime aýtma. Näme bolsa⁠-⁠da, ol doganyňdyr+. Bolan zatlary ýüregiňe alyp ýörme» diýdi. Şondan soň Tamar ile çykman, dogany Abselimiň öýünde ýaşady. 21 Bolan zatlary eşidip, Dawut patyşanyň gany depesine urdy+. Emma ol Eminiň göwnüne degmek islemedi, sebäbi uly ogly bolansoň, ony juda gowy görýärdi. 22 Abselim uýasy Tamaryň namysyna degeni üçin+ Emini ýigrenýärdi+. Ýöne ol Emine ýagşydan⁠-⁠ýamandan hiç zat diýmedi.

23 Tegelek iki ýyl geçdi. Abselim Efraýymyň+ golaýynda, Bagal⁠-⁠hazorda goýun gyrkdyrýardy. Ol meýlis gurap, patyşanyň hemme ogluny çagyrdy+. 24 Ol patyşanyň huzuryna baryp: «Guluňyz goýun gyrkdyryp ýör. Patyşa⁠-⁠da hyzmatkärlerini alyp, meniň bilen gitse gowy bolar» diýdi. 25 Emma patyşa: «Ýok, oglum. Barymyz gidip, saňa ýük bolmaly» diýdi. Abselim näçe ýalbarsa⁠-⁠da, Dawut gitmedi, ýöne ogluna ak pata berdi. 26 Şonda Abselim: «Özüň gitmeseň, doganym Emini bir iberäý»+ diýdi. Patyşa: «Eminiň näme işi bar?» diýdi. 27 Abselim ýalbaryp duransoň, patyşa Emini we ogullaryny iberdi.

28 Abselim hyzmatkärlerine: «Emin şerap içip, keýpini köklär welin, „Ony öldüriň!“ diýerin. Şonda onuň ýoguna ýanyň. Gorkmaň, buýruk mendendir. Dogumly we batyrgaý boluň» diýdi. 29 Hyzmatkärler Abselimiň tabşyryşy ýaly, Emini öldürdiler. Patyşanyň beýleki ogullary bolsa gatyrlaryna münüp, gaçyp gitdiler. 30 Heniz ýoldakalar, Dawuda: «Abselim hemme ogullaryňy öldüripdir, ýekejesini⁠-⁠de diri galdyrmandyr» diýip habar berdiler. 31 Patyşa muny eşidip, ýakasyny ýyrtdy⁠-⁠da, bagryny ýere berip ýatdy. Ýanynda duranlar hem ýakasyny ýyrtdylar.

32 Emma Dawudyň dogany Şimegaýyň+ ogly Ýehonadap+: «Patyşahym, ogullaryňyzyň hemmesi däl, diňe Emin öldürilipdir+. Muny Abselimiň buýrugy bilen edipdirler+. Uýasy Tamaryň namysyna degen gününden+ bäri Abselim ondan ar aljak bolup ýördi. 33 Şa hezretleri, hemme ogluň ölendir öýtme, diňe Emin öldi» diýdi.

34 Abselim bolsa gaçyp gitdi+. Biraz wagtdan garawul dagyň eteginden birtopar adamyň gelýänini gördi. 35 Ýehonadap+ hem patyşa ýüzlenip: «Patyşahym, serediň, ogullaryňyz gelýär! Aýdanym dogry bolup çykandyr görseň» diýdi. 36 Ol sözüni soňlap⁠-⁠soňlamanka, patyşanyň ogullary gelip, ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen hyzmatkärleri⁠-⁠de möňňürip agladylar. 37 Abselim gaçyp, Geşuryň hany Emihut ogly Talmaýyň+ ýanyna bardy. Dawut bolsa ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 38 Abselim Geşurda+ üç ýyl ýaşady.

39 Eminiň ölüminden birnäçe wagt geçipdi. Dawut biraz köşeşip, Abselimi göresi gelip başlady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş