Mikaý
Olar Ysraýyl kazysynyň ýüzüne taýak bilen urýarlar+.
Sen Ýahuda tireleriniň* iň kiçisi bolsaň-da,
Ysraýylyň hökümdary senden çykar,
Ol islegimi berjaý eder+.
Onuň asly gadymy döwürdendir, geçmişdendir.
3 Göwreli aýal dogurýança,
Hudaý halkyna nazar salmaz.
Şonda aman galan doganlary Ysraýyla dolanar.
4 Ol Ýehowanyň güýji bilen,
Ýehowa Hudaýyň beýik ady bilen çopançylyk eder+.
Assiriýalylar ýurdumyzy basyp aljak bolsa,
Berk diňlerimizi ýumurjak bolsa+,
Olar bilen söweşer ýaly,
Adamlaryň içinden ýedi çopany, sekiz serdary belläris.
Assiriýalylar ýurdumyza gelip, topragymyzy depelese,
Şol hökümdar halas eder+.
7 Ýakubyň aman galanlary köp halklaryň arasynda
Ýehowanyň gök otlara inderýän çygy deý,
Ýagdyrýan ýagşy deý bolar.
Sebäbi çyg-da, ýagyş-da adam ogullaryna bagly däldir,
Olaryň üstünden ynsanyň ygtyýary ýokdur.
8 Ýakubyň aman galanlarynyň penjesinden
Hiç kim halas bolup bilmez.
Olar köp halklaryň, milletleriň içinde,
Jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan kimin bolar,
Goýunlaryň arasyndaky şir kimin,
Sürä topulyp, ony tüýt-müýt eden ýolbars kimin bolar.
9 Sen duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanarsyň,
Ähli ýagylaryňy ýok edersiň».
10 Ýehowa şeýle diýýär:
«Şol gün atlaryňy ýok ederin,
Söweş arabalaryňy bölek-bölek ederin.
11 Şäherleriňi weýran ederin,
Berk galalaryňy ýer bilen ýegsan ederin.
12 Gözbagçylaryňy ýok ederin,
Araňyzda jadygöýler bolmaz+.
13 Oýma butlaryňyzy,
Keramatly sütünleriňizi çym-pytrak ederin.
Siz indi elleriňiziň ýasan zadyna sežde etmersiňiz+.
15 Maňa gulak asmaýan milletlerden,
Gahar-gazap bilen ar alaryn».