Işaýa
57 Hudaýhon adam dünýäden ötýär,
Ýöne muňa hiç kim üns bermeýär.
Wepaly adamyň jany alynýar+,
Hudaýhon adam betbagtçylyk sebäpli* ýok bolýar,
Ýöne hiç kim ol hakda pikirlenmeýär.
2 Ol rahatlyk tapýar.
Halal ýaşan adam mazarda* ýatýar.
4 Siz kimiň üstünden gülýärsiňiz?
Diliňizi çykaryp, kimi kemsidýärsiňiz?
Günäkärleriň, ýalançylaryň çagalary siz dälmi?+
5 Gür ýaprakly+ we uly agaçlaryň aşagynda+,
Azgyn höwesleri güýjän adamlaryň çagalary siz dälmi?
Jülgelerde, gaýalaryň arasynda,
Çagalarynyň damagyny çalanlaryň nesli siz dälmi?+
6 Jülgedäki ýylmanak daşlary alýarsyňyz+,
Olara maýyl bolýarsyňyz.
Siz olara şerap sadakalaryny, sowgatlary berýärsiňiz+.
Men muňa razy bolarynmy?
8 Siz öýüňizde* ýadygärlik dikdiňiz.
Meni taşlap gitdiňiz, eşigiňizi çykaryp ýalaňaçlandyňyz,
Daga çykyp, düşegiňizi giňden ýazdyňyz.
Oýnaşlaryňyz bilen äht baglaşdyňyz,
9 Siz melhem ýaglary, hoşboý ysly atyrlary alyp,
Mäligiň* ýanyna gitdiňiz.
Çaparlary uzak ülkelere ýolladyňyz,
Abraýdan düşüp, mazara indiňiz.
10 Köp ýollary geçdiňiz, halys tapdan düşdüňiz,
Ýöne: „Bary biderek boldy!“ diýmediňiz.
Täzeden güýç topladyňyz,
Ýadamagyň nämedigini bilmediňiz.
11 Kimden gorkduňyz?
Kimden heder edip, ýalan sözläp başladyňyz?+
Meni ýatlamadyňyz+,
Hiç zat barada oýlanmadyňyz+.
Men ümsüm oturdym, hiç zat etmedim+,
Şonuň üçin menden gorkmadyňyz.
13 Siz kömek sorap ýalbararsyňyz,
Emma butlaryňyzyň biri-de sizi halas etmez+.
Olar ýele tozap gider,
Bir üfläniňde ýok bolar.
Emma menden pena gözlän ýeri miras alar,
Mukaddes dagymda ýaşar+.
14 Şonda: „Ýol çekiň! Eý adamlar, ýol çekiň! Ýol taýýarlaň!+
Halkymyň öňündäki böwetleri aýryň“ diýerler».
«Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn+.
Ejizleri berkitmek üçin,
Ezilenlere güýç bermek üçin,
Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn+.
16 Olara hemişe temmi berip durmaryn,
Mydama gaharlanyp ýörmerin+.
Sebäbi ynsanlar muňa çydamaz+,
Ýaradan janly-jandarlarym güýçden gaçar.
17 Olar haram gazanjyň yşkyna düşüp günä etdiler+.
Şonda men gahar-gazaba mündüm,
Olary urdum, olardan ýüz öwürdim.
Emma olar dönüklik etdiler+,
Ýüregini diňläp, pälinden gaýtmadylar.
19 «Men ynsana alkyş aýtmagy öwrederin.
Uzakda we ýakynda ýaşaýanlara bol parahatlyk bererin+.
Men olary sagaldaryn». Muny Ýehowa aýdýar.
20 «Erbetler möwç urýan deňiz ýaly köşeşmäni bilmeýär,
Olar suwotyny, hapany kenara taşlaýar».
21 Hudaýym: «Erbetler asuda durmuş görmezler»+ diýýär.