Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 2
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Ýahuda patyşasy Dawut (1—7)

      • Ysraýyl patyşasy Işboşet (8—11)

      • Şawulyň maşgalasy bilen Dawudyň maşgalasynyň arasyndaky uruş (12—32)

2 Şamuwel 2:1

Parallel aýatlar

  • +4Ms 27:21; 1Şm 28:6
  • +1Ms 23:2; 4Ms 13:22; Ýuş 14:14; 20:7; 2Şm 5:1; 1Pa 2:11

2 Şamuwel 2:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 25:43
  • +1Şm 25:42; 30:5

2 Şamuwel 2:3

Parallel aýatlar

  • +1Şm 22:1, 2; 27:2; 1Tr 12:1

2 Şamuwel 2:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 49:10; 1Şm 15:24, 28; 16:13; 2Şm 5:4, 5; 1Tr 11:3

2 Şamuwel 2:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildiripsiňiz.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 31:11—13

2 Şamuwel 2:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 9:7; 10:2

2 Şamuwel 2:8

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:50; 17:55; 26:5; 2Şm 4:1; 1Pa 2:5
  • +2Şm 4:5—8, 12
  • +1Ms 32:1, 2; Ýuş 13:29, 30

2 Şamuwel 2:9

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:8, 11
  • +Ýuş 19:17, 18
  • +Ýuş 16:5—8

2 Şamuwel 2:10

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    3/2017, sah. 32

2 Şamuwel 2:11

Parallel aýatlar

  • +1Tr 3:4

2 Şamuwel 2:12

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:8
  • +Ýuş 10:12; 18:21, 25; 21:8, 17; 2Şm 20:8; 2Tr 1:3

2 Şamuwel 2:13

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 8:16; 20:23; 1Pa 1:5, 7

2 Şamuwel 2:16

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Çakmakdaşdan ýasalan pyçaklar meýdany.

2 Şamuwel 2:18

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 10:7; 24:2; 1Pa 11:15; 1Tr 11:6
  • +1Şm 26:6; 2Şm 20:6; 1Tr 11:20
  • +2Şm 3:27; 23:24; 1Tr 27:1, 7

2 Şamuwel 2:23

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:27

2 Şamuwel 2:28

Çykgytlar

  • *

    Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.

2 Şamuwel 2:29

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Bitronyň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 1:7; Ýuş 12:2, 3
  • +Ýuş 21:8, 38; 2Şm 2:8

2 Şamuwel 2:32

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
  • +1Ms 35:19; Rut 4:11; 1Şm 16:1
  • +2Şm 2:1, 3; 1Tr 11:1

Umumy salgylar

2 Şam. 2:14Ms 27:21; 1Şm 28:6
2 Şam. 2:11Ms 23:2; 4Ms 13:22; Ýuş 14:14; 20:7; 2Şm 5:1; 1Pa 2:11
2 Şam. 2:21Şm 25:43
2 Şam. 2:21Şm 25:42; 30:5
2 Şam. 2:31Şm 22:1, 2; 27:2; 1Tr 12:1
2 Şam. 2:41Ms 49:10; 1Şm 15:24, 28; 16:13; 2Şm 5:4, 5; 1Tr 11:3
2 Şam. 2:51Şm 31:11—13
2 Şam. 2:62Şm 9:7; 10:2
2 Şam. 2:81Şm 14:50; 17:55; 26:5; 2Şm 4:1; 1Pa 2:5
2 Şam. 2:82Şm 4:5—8, 12
2 Şam. 2:81Ms 32:1, 2; Ýuş 13:29, 30
2 Şam. 2:9Ýuş 13:8, 11
2 Şam. 2:9Ýuş 19:17, 18
2 Şam. 2:9Ýuş 16:5—8
2 Şam. 2:102Şm 2:4
2 Şam. 2:111Tr 3:4
2 Şam. 2:122Şm 2:8
2 Şam. 2:12Ýuş 10:12; 18:21, 25; 21:8, 17; 2Şm 20:8; 2Tr 1:3
2 Şam. 2:131Tr 2:15, 16
2 Şam. 2:132Şm 8:16; 20:23; 1Pa 1:5, 7
2 Şam. 2:181Tr 2:15, 16
2 Şam. 2:182Şm 10:7; 24:2; 1Pa 11:15; 1Tr 11:6
2 Şam. 2:181Şm 26:6; 2Şm 20:6; 1Tr 11:20
2 Şam. 2:182Şm 3:27; 23:24; 1Tr 27:1, 7
2 Şam. 2:232Şm 3:27
2 Şam. 2:295Ms 1:7; Ýuş 12:2, 3
2 Şam. 2:29Ýuş 21:8, 38; 2Şm 2:8
2 Şam. 2:322Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
2 Şam. 2:321Ms 35:19; Rut 4:11; 1Şm 16:1
2 Şam. 2:322Şm 2:1, 3; 1Tr 11:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 2:1—32

Ikinji Şamuwel

2 Şondan soň Dawut Ýehowadan: «Ýahuda şäherleriniň birine gideýinmi?» diýip sorady+. Ýehowa: «Hawa, gidiber» diýdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Hudaý hem: «Hebrona»+ diýdi. 2 Şeýdip, Dawut iki aýalyny: ýizregelli Aganogam+ bilen karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly+ alyp, ýola düşdi. 3 Dawut adamlaryny+ we olaryň tutuş hojalygyny alyp gaýtdy. Olar Hebronda we töweregindäki şäherlerde ýaşap başladylar. 4 Ýahudalar gelip, Dawudy ýahuda taýpasyna patyşa bellediler+.

Olar Dawuda: «Şawuly ýabeş⁠-⁠gileadlylar jaýlapdyr» diýip habar berdiler. 5 Şonda ol ýabeş⁠-⁠gileadlylara habar ýollap: «Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn! Hojaýynyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepaly bolupsyňyz*+. 6 Ýehowa⁠-⁠da size wepaly bolsun, söýgüsini* gaýgyrmasyn. Eden ýagşylygyňyz üçin, menem size elimden gelen kömegi ederin+. 7 Hojaýynyňyz Şawul⁠-⁠a ýogaldy, ýöne siz dogumly hem batyrgaý boluň. Ýahudalar meni özüne patyşa bellediler» diýdi.

8 Emma Şawulyň goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ Şawulyň ogly Işboşeti+ derýanyň beýleki tarapyndaky Mahanaýyma+ alyp gitdi. 9 Ol Işboşeti Gileadyň+, aşuretleriň, Ýizregeliň+, Efraýymyň+, Benýaminiň, tutuş Ysraýylyň üstünden patyşa etdi. 10 Şawulyň ogly Işboşet Ysraýyla patyşa bolanda 40 ýaşyndady. Ol iki ýyl höküm sürdi. Ýahuda taýpasy bolsa Dawudyň tarapyndady+. 11 Dawut Hebronda Ýahuda öýüniň üstünden ýedi ýarym ýyl hökümdarlyk etdi+.

12 Birnäçe wagtdan Nur ogly Abnur we Şawulyň ogly Işboşetiň esgerleri Mahanaýymdan+ Gibgona+ gitdi. 13 Seruýanyň+ ogly Ýowap+ bolsa Dawudyň esgerleri bilen Hebrondan çykyp gaýtdy. Olar Gibgon howdanynyň ýanynda sataşdylar. Goşunlaryň hersi howdanyň bir tarapynda durdy. 14 Abnur Ýowaba: «Goý, ýigitler orta çykyp, güýç synanyşsyn» diýdi. Ýowap hem: «Bolýar» diýdi. 15 Şonda Şawulyň ogly Işboşetiň tarapdarlary benýaminlerden 12 ýigit, Dawudyň esgerlerindenem 12 ýigit orta çykdy. 16 Olaryň hersi garşydaşynyň kellesinden tutup, böwründen gylyjyny geçirdi. Şeýdip, olaryň bary öldi. Gibgondaky şol ýere Helkat⁠-⁠hasurym* diýildi.

17 Şol gün olaryň güýç synanyşmagy gazaply söweşe ýazdy. Abnur bilen ysraýyllar Dawudyň esgerlerinden ýeňildi. 18 Seruýanyň+ üç ogly Ýowap+, Abyşaý+, Asahel+ hem şol ýerdedi. Asahel sähra keýigi deý çalt ylgaýardy. 19 Ol Abnury kowalap başlady. Asahel hiç ýana sowulman, edil yzyndan barýardy. 20 Abnur yzyna seredip: «Asahel, senmi?» diýdi. Ol: «Hawa, men» diýdi. 21 Şonda Abnur: «Yzymdan gal. Ýigitlerden birini tut⁠-⁠da, şondan islän zadyňy al» diýdi. Ýöne Asahel galar ýaly däldi. 22 Abnur ýene⁠-⁠de: «Yzymdan gal diýýärin, ýogsam öldürerin. Onsoň doganyň Ýowabyň ýüzüne nädip seredeýin?» diýdi. 23 Emma Asahel badyny gowşatmady. Şonda Abnur naýzasynyň ters tarapyny Asaheliň içinden geçirdi+, naýza onuň arkasyndan çykdy. Asahel ýykylyp, şol ýerde jan berdi. Onuň ýatan ýerinden geçenleriň bary aýak çekip, aňk⁠-⁠taňk bolup seredýärdi.

24 Soňra Abnury Ýowap bilen Abyşaý kowalap başlady. Gün ýaşyp barýarka, olar Gibgon çölüne barýan ýoldaky Giýanyň garşysynda ýerleşýän Gamma baýyrlygyna ýetdiler. 25 Benýaminler bolsa Abnuryň daşyna üýşdüler. Olar jemlenişip, bir baýra çykdylar. 26 Abnur gygyryp, Ýowaba: «Gandöküşligiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň gowulyk bilen gutarmajagyny bileňokmy?! Adamlaryňa aýt, doganlaryny kowalamagy bes etsin!» diýdi. 27 Ýowap bolsa: «Hak Hudaý diri şaýatdyr, özüň dillenmedik bolsaň, olar daňa çenli yzyňdan galmazdy» diýdi. 28 Soňra ol surnaý* çaldy, esgerler ysraýyllary kowalamagy bes etdi. Şeýlelikde, uruş togtady.

29 Abnur esgerleri bilen Arabanyň+ içinden uzak gije ýol ýöräp, Iordandan geçdi⁠-⁠de, jülgäniň* içi bilen Mahanaýyma+ gitdi. 30 Ýowap Abnuryň yzyndan galansoň, esgerlerini ýygnady. Asaheli hasaplamanyňda, Dawudyň esgerlerinden 19 adam kem çykdy. 31 Dawudyň esgerleri bolsa benýaminlerden we Abnuryň esgerlerinden 360 sanysyny öldüripdi. 32 Olar Asaheli+ Beýtullahama+ äkidip, kakasynyň mazarynda jaýladylar. Şondan soň Ýowap esgerleri bilen uzak gije ýol ýöräp, daňdan Hebrona+ ýetdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş