Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 3
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Dawudyň maşgalasy barha güýçlenýär (1)

      • Dawudyň ogullary (2—5)

      • Abnur Dawudyň tarapyna geçýär (6—21)

      • Ýowabyň Abnury öldürişi (22—30)

      • Dawut Abnuryň ýasyny tutýar (31—39)

2 Şamuwel 3:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:27, 28; 24:17, 20; 26:25
  • +2Şm 2:17

2 Şamuwel 3:2

Parallel aýatlar

  • +1Tr 3:1—4
  • +2Şm 13:1
  • +1Şm 25:43

2 Şamuwel 3:3

Parallel aýatlar

  • +1Şm 25:42
  • +2Şm 15:12
  • +2Şm 13:37

2 Şamuwel 3:4

Parallel aýatlar

  • +1Pa 1:5

2 Şamuwel 3:6

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:8

2 Şamuwel 3:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: aýaly.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 21:8—11
  • +2Şm 2:10
  • +2Şm 16:21; 1Pa 2:22

2 Şamuwel 3:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgimi bildirdim.

2 Şamuwel 3:9

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:27, 28; Zb 78:70; 89:20

2 Şamuwel 3:10

Parallel aýatlar

  • +Ser 20:1; 2Şm 24:2

2 Şamuwel 3:11

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:39

2 Şamuwel 3:12

Parallel aýatlar

  • +2Şm 5:3

2 Şamuwel 3:13

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:20; 19:11; 1Tr 15:29

2 Şamuwel 3:14

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:10
  • +1Şm 18:25, 27

2 Şamuwel 3:15

Parallel aýatlar

  • +1Şm 25:44

2 Şamuwel 3:16

Parallel aýatlar

  • +2Şm 16:5; 1Pa 2:8

2 Şamuwel 3:18

Parallel aýatlar

  • +1Şm 13:14; 15:27, 28; 16:1, 13; Zb 89:3, 20; 132:17; Res 13:22

2 Şamuwel 3:19

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:20, 21; 1Tr 12:29

2 Şamuwel 3:23

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:16
  • +1Şm 14:51
  • +1Şm 14:50; 2Şm 2:8, 22

2 Şamuwel 3:27

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:20
  • +1Pa 2:5
  • +2Şm 2:22, 23

2 Şamuwel 3:28

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:6; 2Ms 21:12; 4Ms 35:33; 5Ms 21:9

2 Şamuwel 3:29

Çykgytlar

  • *

    Maýyp⁠-⁠müjrüp bolup, aýal⁠-⁠gyzlaryň el hünäri bilen meşgullanýan erkekler göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Zb 7:16; 55:23; Nak 5:22
  • +3Ms 15:2
  • +3Ms 13:44; 4Ms 5:2
  • +5Ms 27:24; Zb 109:2, 10

2 Şamuwel 3:30

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:24
  • +2Şm 2:8
  • +2Şm 2:23

2 Şamuwel 3:34

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: mis.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 2:31, 32

2 Şamuwel 3:35

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ýas çöregini; teselli çöregini.

Parallel aýatlar

  • +Ser 20:26

2 Şamuwel 3:37

Parallel aýatlar

  • +2Şm 3:28; 1Pa 2:5

2 Şamuwel 3:38

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:50; 2Şm 2:8; 3:12

2 Şamuwel 3:39

Parallel aýatlar

  • +2Şm 2:4
  • +1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 19:13; 20:10
  • +2Şm 3:29; 1Pa 2:5, 34

Umumy salgylar

2 Şam. 3:11Şm 15:27, 28; 24:17, 20; 26:25
2 Şam. 3:12Şm 2:17
2 Şam. 3:21Tr 3:1—4
2 Şam. 3:22Şm 13:1
2 Şam. 3:21Şm 25:43
2 Şam. 3:31Şm 25:42
2 Şam. 3:32Şm 15:12
2 Şam. 3:32Şm 13:37
2 Şam. 3:41Pa 1:5
2 Şam. 3:62Şm 2:8
2 Şam. 3:72Şm 21:8—11
2 Şam. 3:72Şm 2:10
2 Şam. 3:72Şm 16:21; 1Pa 2:22
2 Şam. 3:91Şm 15:27, 28; Zb 78:70; 89:20
2 Şam. 3:10Ser 20:1; 2Şm 24:2
2 Şam. 3:112Şm 3:39
2 Şam. 3:122Şm 5:3
2 Şam. 3:131Şm 18:20; 19:11; 1Tr 15:29
2 Şam. 3:142Şm 2:10
2 Şam. 3:141Şm 18:25, 27
2 Şam. 3:151Şm 25:44
2 Şam. 3:162Şm 16:5; 1Pa 2:8
2 Şam. 3:181Şm 13:14; 15:27, 28; 16:1, 13; Zb 89:3, 20; 132:17; Res 13:22
2 Şam. 3:191Şm 10:20, 21; 1Tr 12:29
2 Şam. 3:232Şm 8:16
2 Şam. 3:231Şm 14:51
2 Şam. 3:231Şm 14:50; 2Şm 2:8, 22
2 Şam. 3:272Şm 3:20
2 Şam. 3:271Pa 2:5
2 Şam. 3:272Şm 2:22, 23
2 Şam. 3:281Ms 9:6; 2Ms 21:12; 4Ms 35:33; 5Ms 21:9
2 Şam. 3:29Zb 7:16; 55:23; Nak 5:22
2 Şam. 3:293Ms 15:2
2 Şam. 3:293Ms 13:44; 4Ms 5:2
2 Şam. 3:295Ms 27:24; Zb 109:2, 10
2 Şam. 3:302Şm 2:24
2 Şam. 3:302Şm 2:8
2 Şam. 3:302Şm 2:23
2 Şam. 3:341Pa 2:31, 32
2 Şam. 3:35Ser 20:26
2 Şam. 3:372Şm 3:28; 1Pa 2:5
2 Şam. 3:381Şm 14:50; 2Şm 2:8; 3:12
2 Şam. 3:392Şm 19:13; 20:10
2 Şam. 3:392Şm 3:29; 1Pa 2:5, 34
2 Şam. 3:392Şm 2:4
2 Şam. 3:391Tr 2:15, 16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 3:1—39

Ikinji Şamuwel

3 Şawulyň maşgalasy bilen Dawudyň maşgalasynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut barha güýçlenýärdi+, Şawulyň maşgalasy bolsa gitdigiçe gowşaýardy+.

2 Hebronda Dawudyň birnäçe ogly boldy+. Nowbahar ogly Emin+ ýizregelli Aganogamdan+ boldy. 3 Ikinji ogly Kileýap karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan+ boldy, üçünji ogly Abselim+ Geşur hany Talmaýyň+ gyzy Magakadan boldy. 4 Dördünji ogly Adonyýar+ Haggytdan, bäşinji ogly Şepatýa Abytaldan boldy. 5 Altynjy ogly Itregam bolsa Egla diýen aýalyndan boldy. Olar Dawudyň Hebronda doglan ogullarydy.

6 Şawul bilen Dawudyň kowum⁠-⁠garyndaşlarynyň arasynda uruş dowam edýärdi. Abnur+ bolsa Şawulyň maşgalasynda ygtyýaryny has⁠-⁠da güýçlendirýärdi. 7 Şawulyň Rispa+ atly gyrnagy* bardy; ol Aýahyň gyzydy. Bir gün Işboşet+ Abnura: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?»+ diýdi. 8 Abnur gaharlanyp: «Men näme, Ýahudada entäp ýören itmi? Şu çaka çenli kakaň Şawulyň öý⁠-⁠içerisine, garyndaşlaryna, dost⁠-⁠ýarlaryna dönüklik eden däldirin*, seni hem Dawudyň eline bermedim. Sen bolsa bir gyrnak üçin maňa gara ýöňkeýäň. 9 Eger men Ýehowanyň Dawuda ant içişi+ ýaly etmesem, goý, Hudaý maňa beterini görkezsin. 10 Ol patyşalygy Şawulyň maşgalasyndan alyp, Dawuda berjekdigine, tagtyny Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden goýjakdygyna ant içipdi» diýdi. 11 Işboşet Abnurdan gorkýardy+, şonuň üçin gaýtargy berip bilmedi.

12 Abnur dessine Dawudyň ýanyna habarçy ýollap: «Ýurt kimiň elinde? Eger meniň bilen äht baglaşsaň, tutuş Ysraýyly seniň tarapyňa geçirmek üçin elimde baryny ederin»+ diýdi. 13 Dawudam: «Seniň bilen äht baglaşaryn, ýöne bir şertim bar: geleniňde, Şawulyň gyzy Mihaly+ getir, ýogsam meni görmersiň» diýdi. 14 Soňra Dawut Şawulyň ogly Işboşetiň+ ýanyna habarçy ýollap: «Aýalym Mihaly yzyna ber. Oňa öýlenmek üçin 100 piliştlini sünnetläp, pürçügini getiripdim»+ diýdi. 15 Işboşet Mihaly getirtmek üçin, onuň äri Laýyş ogly Paltaýeliň+ ýanyna adam iberdi. 16 Mihalyň äri aglap⁠-⁠aglap, tä Bahurime+ çenli yzyndan galmady. Ahyry Abnur oňa: «Bar, öýüňe gaýt!» diýdi. Ol hem yzyna dolandy.

17 Şol aralykda Abnur Ysraýyl ýaşulularyna şeýle habar ýollady: «Siz köpden bäri Dawudyň patyşa bolmagyny isläp ýördüňiz. 18 Hany, indi munuň ugruna çykyň. Ýehowa Dawut hakda: „Gulum Dawut arkaly+ ysraýyl halkymy piliştlilerden, ähli duşmanlardan halas ederin“ diýipdi». 19 Soňra Abnur benýamin taýpasynyň+ adamlary bilen gepleşdi. Ol Hebrona baryp, Dawut bilenem ikiçäk gepleşip, ysraýyllar bilen benýaminleriň eden maslahatyny gürrüň berdi.

20 Dawut bilen görüşmek üçin Hebrona gelende, Abnuryň ýanynda 20 adam bardy. Dawut olar üçin meýlis gurnady. 21 Abnur: «Patyşahym, rugsat berseň, gidip, ysraýyllaryň baryny huzuryňa getireýin. Olar seniň bilen äht baglaşar. Onsoň isleýşiň ýaly, bütin halka patyşa bolarsyň» diýdi. Soňra Dawut Abnury ugratdy, ol sag⁠-⁠salamat ýola düşdi.

22 Şol wagt Ýowap Dawudyň nökerleri bilen birgiden olja alyp, alamançylykdan geldi. Abnur bolsa eýýäm Dawut bilen hoşlaşyp, Hebrondan gidipdi. Dawut Abnury sag⁠-⁠salamat ýola salypdy. 23 Ýowap+ esgerleri bilen gelende, oňa şeýle habar berdiler: «Patyşanyň ýanyna Nur+ ogly Abnur+ gelip gitdi. Patyşa oňa hiç zat etmän, sag⁠-⁠aman ýola salyp goýberdi». 24 Şonda Ýowap Dawudyň ýanyna baryp: «Näme üçin beýtdiň? Abnur öz aýagy bilen ýanyňa gelipdir, ony näme üçin goýberdiň? 25 Nur ogly Abnuryň nähili adamdygyny bileňokmy?! Ol seni aldap, nirede, näme işleýäniňi bilmäge gelendir» diýdi.

26 Ýowap Dawudyň huzuryndan çykyp, Abnuryň yzyndan çapar ýollady. Olaram gidip, Sira guýusyna ýeten Abnury yzyna alyp gaýtdylar. Dawut mundan habarsyzdy. 27 Abnur Hebrona gelende+, Ýowap ikiçäk gepleşjek kişi bolup, ony derwezäniň iç ýüzüne çekdi. Ol gylyjyny Abnuryň içinden geçirip, ony öldürdi+. Ýowap dogany Asahel üçin ar aldy+. 28 Biraz wagtdan muny Dawuda habar berdiler. Şonda ol: «Ýehowanyň öňünde men hem, patyşalygym hem Nur ogly Abnuryň ölümine günäkär däl+. 29 Eden etmişi üçin, goý, Ýowap bilen atasynyň hojalygy jeza çeksin+. Ýowabyň öý⁠-⁠içerisinde suwuklyk akma+, heýwere keselli+, ik egirýän*, gylyçdan ölýän, bir döwüm çörege zar erkekler hemişe bolsun»+ diýdi. 30 Şeýdip, Ýowap bilen dogany Abyşaý+ Abnury+ öldürdi, sebäbi Abnur Gibgondaky söweşde olaryň dogany Asaheli öldüripdi+.

31 Dawut Ýowap bilen adamlaryna: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýiň⁠-⁠de, Abnur üçin ýas tutuň» diýdi. Patyşa tabydyň yzyndan ýöräp barýardy. 32 Abnury Hebronda jaýladylar. Dawut Abnuryň mazarynyň başynda ses edip aglady, tutuş halkam dady⁠-⁠perýat etdi. 33 Patyşa Abnuryň hatyrasyna şeýle ýas aýdymyny aýtdy:

«Wah, Abnur akmak kimin ölmelidimi?

34 Seniň gollaryň baglanmady,

Aýaklaryňa gandal* salynmady.

Jenaýatçylaryň eline düşen adam deý heläk bolduň»+.

Şonda tutuş halk Abnur üçin ýene aglap başlady.

35 Öýlän adamlar Dawudyň ýanyna gelip, çörek* hödür etdiler. Emma ol: «Gün ýaşmanka, agzyma çörek alaýsam ýa bir zat dadaýsam+, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin!» diýip ant içdi. 36 Halk Dawudyň aýdanlaryny makullady. Olar patyşanyň ähli işini göwnejaý hasaplaýardylar. 37 Şol gün ähli ysraýyllar we Dawudyň adamlary Nur ogly Abnuryň ölümine patyşanyň günäkär däldigine+ göz ýetirdi. 38 Soňra patyşa hyzmatkärlerine: «Bilýäňizmi, şu gün Ysraýylda beýik adam, beg+ aradan çykdy. 39 Patyşa bellensem⁠-⁠de+, bu gün Seruýanyň ogullaryna+ gaýtawul berer ýaly güýjüm ýok+, men olardan ejiz gelýärin. Goý, Ýehowa päliýamanlara etmişine görä jeza bersin!»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş