Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 12
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Natan pygamber Dawudy ýazgarýar (1—15a)

      • Batşebanyň oglunyň ölümi (15b—23)

      • Batşeba Süleýmany dogurýar (24, 25)

      • Ammonlaryň Rapa şäheri basylyp alynýar (26—31)

2 Şamuwel 12:1

Parallel aýatlar

  • +1Pa 1:8; 1Tr 17:1; 29:29
  • +Zb 51:sözbaşy

2 Şamuwel 12:2

Parallel aýatlar

  • +2Şm 5:13; 15:16

2 Şamuwel 12:3

Çykgytlar

  • *

    Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 11:3

2 Şamuwel 12:4

Parallel aýatlar

  • +2Şm 11:4

2 Şamuwel 12:5

Parallel aýatlar

  • +5Ms 6:13

2 Şamuwel 12:6

Parallel aýatlar

  • +2Ms 22:1

2 Şamuwel 12:7

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:13; 2Şm 7:8
  • +1Şm 18:10, 11; 19:10; 23:14

2 Şamuwel 12:8

Parallel aýatlar

  • +1Şm 13:13, 14; 15:26, 28
  • +2Şm 3:7; 1Pa 2:22
  • +2Şm 2:4; 5:5
  • +2Şm 7:19

2 Şamuwel 12:9

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:13
  • +2Şm 11:15, 27
  • +2Ms 20:14, 17

2 Şamuwel 12:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:18; 2Şm 13:32; 18:33; Gal 6:7

2 Şamuwel 12:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: gündiziň günortany.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:15, 19; 13:10—15; 15:14
  • +2Ms 21:24; Eýp 31:9—11; 34:11
  • +2Şm 16:21, 22

2 Şamuwel 12:12

Parallel aýatlar

  • +2Şm 11:4, 15

2 Şamuwel 12:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 39:9; Zb 32:5; 38:3; 51:sözbaşy; 51:4; Nak 28:13
  • +2Ms 34:6; Zb 32:1
  • +3Ms 20:10; Zb 103:10

2 Şamuwel 12:16

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:22; Ýun 3:8, 9

2 Şamuwel 12:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: öýüne.

Parallel aýatlar

  • +Rut 3:3; 2Şm 14:2
  • +2Şm 6:17

2 Şamuwel 12:22

Parallel aýatlar

  • +2Şm 12:16; Ýow 1:14
  • +Işa 38:3, 5; Ýow 2:13, 14; Ams 5:15; Ýun 3:8, 9

2 Şamuwel 12:23

Parallel aýatlar

  • +Nes 9:6
  • +Eýp 30:23; Nes 3:20; Res 2:29, 34; 13:36
  • +Nes 9:5, 10

2 Şamuwel 12:24

Çykgytlar

  • *

    Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

  • *

    Ýewreý sözünden gelip çykyp, «Parahatlyk» diýmegi aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 11:3
  • +1Tr 3:5, 9; 22:9; 28:5; Mat 1:6
  • +2Şm 7:12; 1Tr 29:1

2 Şamuwel 12:25

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ýahyň eý görýäni.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 7:4, 5; 12:1; 1Pa 1:8

2 Şamuwel 12:26

Parallel aýatlar

  • +5Ms 23:3, 6
  • +5Ms 3:11; Ýuş 13:24, 25
  • +2Şm 11:25; 1Tr 20:1

2 Şamuwel 12:27

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: suwlar şäherini.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 11:1

2 Şamuwel 12:28

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: oňa meniň adymy dakarlar.

2 Şamuwel 12:30

Çykgytlar

  • *

    Ammonlaryň taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly. Molek ýa⁠-⁠da Milkom hem diýilýär.

  • *

    Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 20:2, 3
  • +2Şm 8:11, 12

Umumy salgylar

2 Şam. 12:11Pa 1:8; 1Tr 17:1; 29:29
2 Şam. 12:1Zb 51:sözbaşy
2 Şam. 12:22Şm 5:13; 15:16
2 Şam. 12:32Şm 11:3
2 Şam. 12:42Şm 11:4
2 Şam. 12:55Ms 6:13
2 Şam. 12:62Ms 22:1
2 Şam. 12:71Şm 16:13; 2Şm 7:8
2 Şam. 12:71Şm 18:10, 11; 19:10; 23:14
2 Şam. 12:81Şm 13:13, 14; 15:26, 28
2 Şam. 12:82Şm 3:7; 1Pa 2:22
2 Şam. 12:82Şm 2:4; 5:5
2 Şam. 12:82Şm 7:19
2 Şam. 12:92Ms 20:13
2 Şam. 12:92Şm 11:15, 27
2 Şam. 12:92Ms 20:14, 17
2 Şam. 12:104Ms 14:18; 2Şm 13:32; 18:33; Gal 6:7
2 Şam. 12:112Şm 12:15, 19; 13:10—15; 15:14
2 Şam. 12:112Ms 21:24; Eýp 31:9—11; 34:11
2 Şam. 12:112Şm 16:21, 22
2 Şam. 12:122Şm 11:4, 15
2 Şam. 12:131Ms 39:9; Zb 32:5; 38:3; 51:sözbaşy; 51:4; Nak 28:13
2 Şam. 12:132Ms 34:6; Zb 32:1
2 Şam. 12:133Ms 20:10; Zb 103:10
2 Şam. 12:162Şm 12:22; Ýun 3:8, 9
2 Şam. 12:20Rut 3:3; 2Şm 14:2
2 Şam. 12:202Şm 6:17
2 Şam. 12:222Şm 12:16; Ýow 1:14
2 Şam. 12:22Işa 38:3, 5; Ýow 2:13, 14; Ams 5:15; Ýun 3:8, 9
2 Şam. 12:23Nes 9:6
2 Şam. 12:23Eýp 30:23; Nes 3:20; Res 2:29, 34; 13:36
2 Şam. 12:23Nes 9:5, 10
2 Şam. 12:242Şm 11:3
2 Şam. 12:241Tr 3:5, 9; 22:9; 28:5; Mat 1:6
2 Şam. 12:242Şm 7:12; 1Tr 29:1
2 Şam. 12:252Şm 7:4, 5; 12:1; 1Pa 1:8
2 Şam. 12:265Ms 23:3, 6
2 Şam. 12:265Ms 3:11; Ýuş 13:24, 25
2 Şam. 12:262Şm 11:25; 1Tr 20:1
2 Şam. 12:272Şm 11:1
2 Şam. 12:301Tr 20:2, 3
2 Şam. 12:302Şm 8:11, 12
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 12:1—31

Ikinji Şamuwel

12 Ýehowa Natany+ Dawudyň ýanyna iberdi+. Ol Dawuda şeýle diýdi: «Bir şäherde iki adam ýaşaýan eken. Olaryň biri baý, beýlekisi garypdy. 2 Baýyň süri⁠-⁠süri maly bardy+. 3 Garybyň bolsa satyn alan ýekeje guzusyndan* başga zady ýokdy+. Ol guzusynyň aladasyny edip, öz ogullary bilen deň tutardy. Iýýän bir döwüm çöreginden, içýän suwundan berip, gujagynda ýatyrardy, gyzy ýaly eý görerdi. 4 Günlerde bir gün baýyň öýüne myhman gelipdir. Emma ol öz malyndan soýmaga dözmän, ýaňky garybyň guzusyny alyp soýupdyr we myhmanyna nahar bişiripdir»+.

5 Şonda Dawudyň gaty gahary gelip, Natana: «Ýehowa diri şaýatdyr+, muny eden adamyň başy ölümlidir! 6 Ol eden zalymlygy üçin guzynyň bahasyny dört esse edip gaýtarmaly bolar»+ diýdi.

7 Natan bolsa Dawuda: «Şol adam sen! Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men seni Ysraýyla patyşa belledim+, Şawulyň elinden halas etdim+. 8 Hojaýynyň öý⁠-⁠içerisini+, aýallaryny eliňe berip+, Ysraýyl bilen Ýahuda öýüni saňa tabşyrdym+. Şolary az görýän bolsaň, üstüne ýene goşardym+. 9 Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, näme üçin kanunyny bozduň? Het halkyndan Uryýany gylyçdan geçirdiň!+ Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürip+, aýalyny aldyň+. 10 Het halkyndan Uryýanyň aýalyny alyp, meni äsgermezlik edeniň üçin, öý⁠-⁠içeriňden hiç wagt gylyç aýrylmaz“+. 11 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen öz maşgalaňdan ýamanlyk görersiň+. Aýallaryňy gözüň alnynda başga birine bererin+. Ol hem ulus⁠-⁠iliň öňünde* aýallaryň bilen ýatar+. 12 Sen zalymlygy gizlin etdiň+, men bolsa gündiziň günortany tutuş Ysraýylyň öňünde ederin“» diýdi.

13 Şonda Dawut: «Men Ýehowanyň öňünde günä etdim»+ diýdi. Natan: «Ýehowa günäňi geçýär+, sen ölmersiň+. 14 Ýöne Ýehowany äsgermezlik edeniň üçin, ýaňy doglan ogluň öler» diýdi.

15 Soňra Natan öýüne gaýtdy.

Ýehowa Uryýanyň aýalynyň Dawuda dogrup beren çagasyny keselletdi. 16 Dawut oguljygy üçin hak Hudaýa dileg edip, agyz bekledi. Ol uzak gije otagynda bagryny ýere berip ýatdy+. 17 Köşk emeldarlary baryp, Dawudy ýerinden galdyrjak boldular. Emma ol ne ýerinden turdy, ne⁠-⁠de çörek iýdi. 18 Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň hyzmatkärleri çaganyň ölenini aýtmaga gorkdular. Olar: «Çaga dirikä, patyşa gepimize gulak asmady. Indi oňa çaganyň ölenini nädip aýdaly? Ol özüne bir zat edäýmesin» diýişdiler.

19 Dawut hyzmatkärleriniň pyşyrdaşýanyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol: «Çaga öldümi?» diýip sorady. Olar: «Hawa» diýdiler. 20 Şonda Dawut turup, ýuwnup⁠-⁠ardyndy⁠-⁠da, ýakymly ysly ýag çalnyp+, eşigini çalyşdy, Ýehowanyň çadyryna*+ gidip, tagzym etdi. Soňra köşge geldi⁠-⁠de, iýip içdi. 21 Hyzmatkärleri: «Çaga dirikä, agyz bekläp, agladyň, ýogalandan soňam turup, çörek iýdiň. Näme üçin beýdýäň?» diýdiler. 22 Dawut: «Hawa, çaga dirikä, agyz bekledim+, agladym, sebäbi Ýehowa rehim edip, çagany diri galdyrar+ öýtdüm. 23 Çaga ýogalansoň, agyz beklemek nämä gerek? Çagany yzyna getirip bilmerin ahyryn+. Bir gün özümem ölüp giderin+, ýöne ony direldip bilmerin»+ diýip jogap berdi.

24 Soňra Dawut aýaly Batşeba+ göwünlik berdi. Ol aýalynyň ýanyna girip, oňa ýanaşdy*. Birnäçe wagtdan Batşebanyň ogly boldy, adyna Süleýman*+ dakdylar. Ýehowa çagany gowy gördi+. 25 Ol Natan pygamberi+ iberip, oglanjygyň adyna Ýedidýa* goýdurdy, sebäbi Ýehowa çagany eý görýärdi.

26 Ýowap ammonlaryň+ Rapa şäherine+ çozup, paýtagty basyp aldy+. 27 Ol Dawuda: «Men Rapa çozup+, şäheriň çeşmelerini* eýeledim. 28 Sen galan esgerleri alyp gel⁠-⁠de, tutuş şäheri basyp al. Özüm basyp alsam, bar abraý meniň adyma gider*» diýip habar ýollady.

29 Dawut esgerlerini ýygnady⁠-⁠da, Rapa şäherine gitdi. Ol şähere çozup, ony basyp aldy. 30 Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini hem aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden+ birgiden olja aldy+. 31 Ilatyna bolsa şäheriň daşynda daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi, kerpiç guýdurdy. Ol ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Soňra Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş