Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 26
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Dawut ýene⁠-⁠de Şawuly öldürmeýär (1—25)

        • Ýehowanyň bellänine hormat goýan Dawut (11)

1 Şamuwel 26:1

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: çölüň.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:20, 55
  • +Ser 19:14; 1Şm 10:26
  • +1Şm 23:14, 19, 24; Zb 54:sözbaşy

1 Şamuwel 26:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:2

1 Şamuwel 26:5

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:50; 17:55; 2Şm 2:8; 3:27

1 Şamuwel 26:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:15
  • +2Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
  • +2Şm 16:9; 18:5; 23:18

1 Şamuwel 26:8

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:4; 26:23

1 Şamuwel 26:9

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:1
  • +1Şm 24:6; 2Şm 1:14; 1Tr 16:22; Zb 20:6

1 Şamuwel 26:10

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:35; 1Şm 24:12; 25:38; Zb 94:1, 23
  • +Zb 37:12, 13
  • +1Şm 31:3, 6

1 Şamuwel 26:11

Parallel aýatlar

  • +3Ms 19:18; 1Şm 24:6; 1Tr 16:22; Zb 105:15

1 Şamuwel 26:12

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:4

1 Şamuwel 26:14

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:50; 17:55; 2Şm 2:8; 3:8

1 Şamuwel 26:15

Parallel aýatlar

  • +1Şm 26:8

1 Şamuwel 26:16

Parallel aýatlar

  • +1Şm 9:16, 17; 10:1
  • +1Şm 26:11

1 Şamuwel 26:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:8, 16

1 Şamuwel 26:18

Parallel aýatlar

  • +Zb 35:7
  • +1Şm 24:9, 11

1 Şamuwel 26:19

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:9
  • +2Ms 19:5; 5Ms 26:18

1 Şamuwel 26:20

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:14

1 Şamuwel 26:21

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:17
  • +1Şm 24:10; 26:11

1 Şamuwel 26:23

Parallel aýatlar

  • +Zb 7:8; 18:20
  • +1Şm 24:6; 26:9

1 Şamuwel 26:24

Parallel aýatlar

  • +Zb 34:19

1 Şamuwel 26:25

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:19
  • +1Şm 24:22; 27:4

Umumy salgylar

1 Şam. 26:1Ýuş 15:20, 55
1 Şam. 26:1Ser 19:14; 1Şm 10:26
1 Şam. 26:11Şm 23:14, 19, 24; Zb 54:sözbaşy
1 Şam. 26:21Şm 24:2
1 Şam. 26:51Şm 14:50; 17:55; 2Şm 2:8; 3:27
1 Şam. 26:61Ms 10:15
1 Şam. 26:62Şm 2:18; 1Tr 2:15, 16
1 Şam. 26:62Şm 16:9; 18:5; 23:18
1 Şam. 26:81Şm 24:4; 26:23
1 Şam. 26:91Şm 10:1
1 Şam. 26:91Şm 24:6; 2Şm 1:14; 1Tr 16:22; Zb 20:6
1 Şam. 26:105Ms 32:35; 1Şm 24:12; 25:38; Zb 94:1, 23
1 Şam. 26:10Zb 37:12, 13
1 Şam. 26:101Şm 31:3, 6
1 Şam. 26:113Ms 19:18; 1Şm 24:6; 1Tr 16:22; Zb 105:15
1 Şam. 26:121Şm 24:4
1 Şam. 26:141Şm 14:50; 17:55; 2Şm 2:8; 3:8
1 Şam. 26:151Şm 26:8
1 Şam. 26:161Şm 9:16, 17; 10:1
1 Şam. 26:161Şm 26:11
1 Şam. 26:171Şm 24:8, 16
1 Şam. 26:18Zb 35:7
1 Şam. 26:181Şm 24:9, 11
1 Şam. 26:191Şm 24:9
1 Şam. 26:192Ms 19:5; 5Ms 26:18
1 Şam. 26:201Şm 24:14
1 Şam. 26:211Şm 24:17
1 Şam. 26:211Şm 24:10; 26:11
1 Şam. 26:23Zb 7:8; 18:20
1 Şam. 26:231Şm 24:6; 26:9
1 Şam. 26:24Zb 34:19
1 Şam. 26:251Şm 24:19
1 Şam. 26:251Şm 24:22; 27:4
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 26:1—25

1 Şamuwel

26 Birnäçe wagtdan Zibiň+ ýaşaýjylary Şawulyň ýanyna Gibeýa+ baryp: «Dawut Ýeşimonyň* garşysyndaky Hakyla baýyrlygynda gizlenip ýör»+ diýdiler. 2 Şonda Şawul Ysraýylyň 3 000 batyr ýigidini alyp, Zip çölüne Dawudyň gözlegine çykdy+. 3 Şawul Ýeşimonyň garşysynda ýerleşýän Hakyla baýyrlygynda, ýoluň ugrunda düşelge gurdy. Şol wagt Dawut çöldedi, ol Şawulyň yzarlap, çöle gelendigini eşitdi. 4 Emma Dawut munuň anygyna ýetmek üçin içaly iberdi. 5 Soňra Dawut Şawulyň düşelgesine bardy. Görse, Şawul we goşunbaşysy Nur ogly Abnur+ uklap ýatyr. Esgerler hem Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken. 6 Dawut hetlerden+ Agamälige we Seruýanyň+ ogly, Ýowabyň dogany Abyşaýa+: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň ýanyna gitjek?» diýdi. Abyşaý: «Men!» diýip jogap berdi. 7 Dawut bilen Abyşaý ýarygije düşelgä girdi. Şawulyň daş-töwereginde esgerler ýatyrdy, başujunda naýzasy sünjülgi durdy. Abnur bilen esgerler Şawulyň daş-töwereginde ýatan eken.

8 Abyşaý Dawuda: «Ine, Hudaý duşmanyňy eliňe berdi+. Rugsat berseň, ony naýza bilen bir gezekde ýere çüýläýin, ikilenç urmaly bolmaryn» diýdi. 9 Emma Dawut: «Ýok, degme. Ýehowanyň bellänine+ el göteren adam günäsiz galmaz»+ diýdi. 10 Soňra ol: «Ýehowa diri şaýatdyr, Şawuly ýa-ha Ýehowanyň özi heläk eder+, ýa ol öz ajalyna öler+, ýa-da uruşda wepat bolar+. 11 Ýehowanyň bellänine el galdyrsam, Ýehowa asla halamaz!+ Bar, başujunda duran naýza bilen küýzäni al, soň bärden gideli» diýdi. 12 Olar Şawulyň başujunda duran naýza bilen küýzäni alyp gaýtdylar. Muny görenem, bilenem bolmady+. Hiç kim oýanmady, hemmeler süýji ukuda ýatyrdy, sebäbi Ýehowa olary agyr uka gidiripdi. 13 Dawut beýleki tarapa geçip, dagyň depesine çykdy. Olaryň aralygy ep-esli bardy.

14 Dawut esgerlere we Nur ogly Abnura+: «Abnur, eşidýäňmi?» diýip gygyrdy. Abnur: «Gykylyklap, patyşany bimaza edýän kim?» diýdi. 15 Şonda Dawut: «Abnur, hany, seniň gaýratyň? Ysraýylda saňa taý geljek ýog-a. Näme üçin şa hezretlerini goramadyň? Esgerleriň biri baryp, patyşany tas öldüripdi+. 16 Munyň-a bolmaýar. Ýehowa diri şaýatdyr, hökümdaryňy, Ýehowanyň bellänini+ goramandygyň üçin, sen ölüme mynasyp! Hany, seret, patyşanyň başujunda duran naýza bilen küýze nirede?»+ diýdi.

17 Şawul Dawudyň sesini tanap: «Dawut, oglum, senmi?»+ diýdi. Dawut: «Hawa, patyşahym» diýip jogap berdi. 18 Soňra ol: «Hökümdarym, meni näme üçin yzarlaýaň?+ Etmişim näme? Saňa näme ýamanlyk etdim?+ 19 Patyşahym, ýalbarýaryn, aýtjak sözümi diňle. Eger seni maňa garşy çykaran Ýehowa bolsa, goý, ol galla sadakamy kabul etsin. Ýöne seni adamlar öjükdirýän bolsa+, Ýehowa olary näletlesin. Sebäbi olar: „Git-de, başga taňrylara sežde et!“ diýip, meni Ýehowanyň mirasyndan+ aýra salýarlar. 20 Ysraýyl patyşasy daga käkilik awlamaga çykan ýaly, bir büräniň+ gözlegine çykypdyr, ýöne meniň ganym Ýehowanyň huzuryndan uzakda dökülmesin» diýdi.

21 Şonda Şawul: «Men günä etdim+. Dawut, oglum, ýör, öýe gaýdaly, saňa hiç zat etmerin, sebäbi sen maňa rehim etdiň+. Men bolsa akylsyzlyk edip, juda ýalňyşypdyryn» diýdi. 22 Dawut: «Patyşahym, ine seniň naýzaň. Ýigitlerden biri gelip äkitsin. 23 Ýehowa adalatly we wepaly adamy sylaglar+. Şu gün Ýehowa seni elime berse-de, Ýehowanyň bellänine el galdyrmak islemedim+. 24 Şu gün janyňy nähili aýap saklan bolsam, goý, Ýehowa-da meniň janymy aýap saklasyn, bela-beterlerden dyndyrsyn»+ diýdi. 25 Şawul: «Dawut, oglum, Hudaý seni ýalkasyn! Sen uly işleri bitirersiň, edeniň ugruna bolar»+ diýdi. Soňra Dawut öz ýoly bilen gitdi, Şawul bolsa öýüne gaýtdy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş