Nehemýa
1 Hakalýanyň ogly Nehemýanyň*+ sözleri: Men 20-nji ýylyň* kislew* aýynda Şuşan*+ galasyndadym. 2 Doganym* Hananýar+ Ýahudadan birnäçe adam bilen ýanyma geldi. Men ýesirlikden boşan ýehudylaryň+ we Iýerusalimiň ýagdaýy hakda soradym. 3 Olar: «Ýesirlikden gelip, Ýahuda etrabynda ýaşaýan adamlar gözgyny ýagdaýda, ile gülki boldular+. Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp ýatyr+, derwezeleri ýanyp kül boldy»+ diýdiler.
4 Muny eşidip, aglap başladym. Birnäçe günläp hasrat çekdim, agyz bekläp+, gökdäki Hudaýa doga etdim. 5 Men şeýle doga etdim: «Gökdäki Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň! 6 Haýyş edýärin, dogamy ünsli diňläp, guluňa jogap ber. Ysraýyl halkyň üçin gije-gündiz edýän dilegimi eşit+. Halk saňa garşy köp günäleri etdi, olaryň günäsi üçin ötünç soraýaryn. Menem, atamyň öý-içerisem öňüňde günäkär+. 7 Biz guluň Musa arkaly beren tabşyryklaryňy, kanunlaryňy we hökümleriňi bozup+, agyr günä etdik+.
8 Haýyş edýärin, guluň Musa aýdan sözleriňi ýada sal. Sen: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna dargadaryn+. 9 Ýöne toba etseňiz*, tabşyryklaryma gulak asyp, olary berjaý etseňiz, ýeriň aňry ujuna çenli dargan bolsaňyz-da, sizi ýygnap+, adym üçin saýlan ýerime getirerin“+ diýipdiň. 10 Olar beýik gudratyň, güýçli goluň bilen azat eden halkyň hem gullaryň+. 11 Ýehowa, ýalbarýaryn, guluň dogasyny ünsli diňle. Adyňa ýürekden hormat goýýanlaryň* dogasyny eşit. Haýyş edýärin, işim oňuna bolar ýaly, patyşanyň ýüregini ýumşat»+.
Şol wagt men patyşanyň şerapçysydym+.