Işaýa
2 Günä edip, özüňiz Hudaýdan daşlaşdyňyz+.
Ol sizden ýazyklaryňyz sebäpli ýüz öwürdi,
Sizi eşitmek islemedi+.
3 Elleriňiz gana boýaldy+,
Barmaklaryňyz günä bulaşdy.
Agzyňyzdan mekirlik pürkülýär,
Diliňizden ýalançylyk dökülýär+.
4 Adalatyň tarapyny tutýan ýok+,
Kazynyň öňünde hakykaty aýdýan ýok.
Olar boş zatlara bil baglaýar+, biderek gepleýär.
Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,
Adamlara hemişe ýamanlyk edýär+.
5 Zäherli ýylanyň ýumurtgasyny basyrýar,
Möýüň kerebini dokaýar+.
Olaryň ýumurtgasyny iýen adam öler,
Basyran ýumurtgasyndan alahöwren çykar.
6 Dokan kerebinden eşik tikip bolmaz,
Eden işleriniň peýdasy bolmaz+.
Olaryň elleri zalymlyk, gollary zorluk edýär+.
7 Aýaklary erbetlik etmäge ylgaýar,
Bigünä gany dökmäge howlugýar+.
Oý-pikirleri pislikdir,
Ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr+.
8 Olar parahatlyk ýollaryny bilmeýärler,
Ýodalarynda adalatlylyk ýokdur+.
Özlerine egri ýollary çekdiler,
Olardan ýöreýänler parahatlyk görmez+.
9 Şol sebäpli adalatlylyk bizden uzakda,
Dogruçyllyk bizden daşda.
Ýagtylyga garaşdyk, emma daş-töweregimiz garaňkylyk,
Nura garaşdyk, ýöne tümlükde ýöredik+.
10 Körler kimin diwardan ýapyşyp ýöredik,
Gözsüz kimin sermeleşip gezdik+.
Günortan çagy garaňky gijede gezýän ýaly büdreýäris.
Pälwanlaryň ýanynda jesede meňzeýäris.
11 Ählimiz aýy kimin gygyrýarys,
Gumry kimin gurruldap, zaryn-zaryn aglaýarys.
Adalata garaşdyk, ýöne görmedik,
Gutulyşa garaşdyk, emma gelmedi.
Gozgalaň turuzdyk, günä etdik,
Olaryň hijisini unutmadyk+.
13 Günäli işlere baş goşup, Ýehowadan ýüz öwürdik,
Hudaýymyza ýeňsämizi öwürdik.
14 Adalat yza çekildi+,
Dogruçyllyk gaçdy+.
Hakykat şäher meýdançasynda* büdredi,
Dogruçyllyk baryp bilmedi.
15 Hakykat zym-zyýat boldy+,
Ýamanlykdan el çeken talandy.
Ýehowa muny görüp gynandy,
Sebäbi adalat ýokdy+.
16 Ol kömege ýetişýän adamyň ýokdugyny gördi.
Töwellaçynyň ýokdugyna haýran galdy.
Şonda goly bilen halas etdi,
Adalaty* biline berk guşady.
Ar alyş donuny egnine atdy+,
Yhlas lybasyny geýdi.
18 Olara eden işine görä, şeýle paý berer+:
Duşmanlarynyň başyndan gazabyny inderer,
Ýagylaryny jezalandyrar, adalara hakyny berer+.
19 Günbatardakylar Ýehowanyň adyndan,
Gündogardakylar şöhratyndan gorkarlar.
Sebäbi Ýehowa joşup akýan derýa kimin,
Ruhy bilen şarlap akýan derýa kimin geler.
21 Ýehowa şeýle diýýär: «Olar bilen baglaşan ähtim şudur+. Siziň üstüňize inderen ruhum, agzyňyza salan sözlerim häzirem, gelejekde-de siziň diliňizden, ogullaryňyzyň we agtyklaryňyzyň dilinden düşmez». Muny Ýehowa aýdýar.