Efesliler
2 Eden etmişiňiz we günäleriňiz sebäpli ölen bolsaňyz-da, Hudaý sizi direltdi+. 2 Siz birmahallar şu dünýädäki* adamlar ýalydyňyz+, olara agalyk edýän howanyň hökümdarynyň islegine görä ýaşaýardyňyz+. Siz Hudaýa gulak asmaýan adamlaryň garaýşyna*+ eýerýärdiňiz. 3 Hawa, biziň ählimiz birwagtlar olaryň arasynda ten höweslerine eýerip ýaşaýardyk+. Tenimiziň we pikirimiziň islegine görä ýaşap+, ähli adamlar ýaly Hudaýyň gazabyna sezewar boljak çagalardyk+. 4 Ýöne Hudaý örän rehimdar+, bizi juda söýýär+. 5 Günälidigimiz sebäpli ölen bolsak-da, bizi Mesih bilen bile direltdi+, ýagşylyk edip halas etdi. 6 Şeýle-de Hudaý bizi Isa Mesih bilen direldip, şägirtleri hökmünde gökde onuň ýanynda oturtdy+. 7 Ol gelejekki döwürde* Mesihiň şägirtleri hökmünde bize çäksiz ýagşylyk edip, köp bereket berer.
8 Siz şol ýagşylyk arkaly iman edip, halas bolduňyz+. Muňa öz tagallaňyz bilen ýetmediňiz, ol Hudaýyň berýän berekedidir*. 9 Siz eden işleriňiz sebäpli halas bolmaýarsyňyz+, şonuň üçin hiç kimiň öwünmäge haky ýokdur. 10 Biz Hudaýyň elleriniň işi we Isa Mesihiň şägirtleri+, ýagşy işleri etmek üçin ýaradyldyk+. Hudaýyň niýeti şeýledir.
11 Unutmaň, siz ýehudy däl-de, başga halkdandyňyz. Ynsan eli bilen sünnetlenen adamlar size «sünnetsiz» diýýärdiler. 12 Şol wagtlar siz Mesihi tanamaýardyňyz, ysraýyl halkyndan däldiňiz, wada edilen ähtler+ size degişli däldi. Siz dünýäde umytsyz ýaşaýardyňyz, Hudaýy tanamaýardyňyz+. 13 Siz öň Hudaýdan uzakda bolsaňyz-da, indi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Mesihiň gany arkaly Hudaýa ýakynlaşdyňyz. 14 Sebäbi Mesih bize parahatlyk berdi+. Ol iki topary birleşdirip+, olaryň arasyndaky diwary ýumurdy+. 15 Öz ölümi* arkaly duşmançylygy aýyrdy we Töwratdaky tabşyryklary ýatyrdy. Şeýdip, iki topary birleşdirip, täze topar*+ döretdi we parahatlyk berdi. 16 Ol jebir pürsi*+ arkaly iki toparyň adamlaryny bir beden etmek üçin Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Öz ölümi arkaly duşmançylygy aradan aýyrdy+. 17 Soňra gelip, size, ýagny Hudaýy tanamaýanlara we tanaýanlara parahatlyk hakdaky hoş habary wagyz etdi. 18 Şonuň üçin iki toparyň adamlary bir ruh arkaly Atamyza arkaýyn doga-dileg edip bilýärler.
19 Indi siz ýat halk we gelmişek däl+, mukaddesler bilen bir raýat+, Hudaýyň maşgalasynyň agzalary+. 20 Siz resullardan we pygamberlerden ybarat düýbüň üstünde guruldyňyz+. Isa Mesih bolsa düýp daşydyr*+. 21 Tutuş bina Mesih bilen birdir, onuň bölekleri özara baglanyşyp+, Ýehowanyň* mukaddes ybadathanasyny gurýandyr+. 22 Siz hem Mesihiň şägirtleri hökmünde bir bina bolduňyz. Şol binada Hudaýyň ruhy ýaşar+.