Resullar
2 Pentikost baýramçylygynda+ şägirtleriň ählisi öňki bolýan öýünde ýygnandylar. 2 Birdenkä güýçli ýeliň öwsüşi kimin gökden bir ses geldi, sesi jaýda oturanlaryň hemmesi eşitdi+. 3 Şonda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda boldy-da, bölünip, her şägirdiň üstünde durdy. 4 Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan dolup+, ruhuň kömegi bilen dürli dillerde gepläp başladylar+.
5 Şol wagt Iýerusalime dünýäniň dürli künjeginden hudaýhon ýehudylar gelipdi+. 6 Sesi eşidenleriň köpüsi şol ýere ýygnandylar. Olar şägirtleriň dürli dillerde gepleýändiklerini eşidip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. 7 Olar haýran galyşyp: «Gepleýän adamlar jelileli dälmi?+ 8 Olar nädip biziň ene dilimizde gepläp bilýärler? 9 Biz parfiýalylar, midiýalylar+, elamlar+ we Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda, Aziýada ýaşaýarys+. 10 Aramyzda frigiýalylar, pamfiliýalylar, müsürliler, Kirenanyň golaýynda ýaşaýan liwiýalylar, Rimden gelen ýehudylar bilen ýehudy dinine geçenler+, 11 kritliler we araplar hem bar. Biziň ählimiz olaryň Allanyň gudratly işleri hakda öz ene dilimizde gürrüň berýändiklerini eşidýäris» diýdiler. 12 Olaryň ählisi geň galyp, biri-birine: «Nämeler bolup ýör?» diýişdiler. 13 Başgalar bolsa şägirtleriň üstünden gülüp: «Olar süýji şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýýärdiler.
14 Petrus bolsa 11 resul+ bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Ýahudanyň we Iýerusalimiň halky, meniň sözlerimi ünsli diňläň. 15 Olara serhoşdyr öýtmäň, sebäbi sagat ýaňy dokuz* bolup gelýär. 16 Aslynda, Ýoweliň aýdan pygamberligi ýerine ýetýär: 17 „Hudaý şeýle diýýär: „Soňky günlerde her bir adamyň üstüne ruhumy dökerin. Ogul-gyzlaryňyz pygamberlik ederler, gojalaryňyz düýşler, ýigitleriňiz görnüşler* görerler+. 18 Gullarymyň-da, gyrnaklarymyň-da üstüne ruhumy dökerin, olar hem pygamberlik ederler+. 19 Men asmanda gudratlary, ýer ýüzünde alamatlary: gan, ot we gara tüsse görkezerin. 20 Ýehowanyň* beýik we täsin güni gelmezinden öň, Gün tümlüge, Aý gara gana döner. 21 Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar“+.
22 Eý ysraýyl halky, aýtjak sözlerime gulak asyň. Siz bilýärsiňiz, Hudaý nazaretli Isany iberip, ol arkaly uly işleri etdi, gudrat hem alamat görkezdi+. 23 Siz ony kanuny bozýan adamlaryň eline tabşyryp, pürse çüýläp öldürdiňiz+. Hudaý şeýle boljakdygyny bilýärdi+, şonuň üçin muňa ýol berdi. 24 Emma Hudaý ony direldip+, ölümiň penjesinden* azat etdi, sebäbi ol ölümiň ýesirliginde galmaly däldi+. 25 Dawut pygamber ol hakda: „Hemişe Ýehowa* hakda pikir ederin. Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn. 26 Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn, dilim şatlykdan ýaňa saýrar. Men umyt edip ýaşaryn. 27 Sen meni mazarda* galdyrmarsyň, wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň+. 28 Maňa ýaşaýyş ýollaryny öwretdiň, huzuryňda ýüregimi şatlykdan doldurdyň“+ diýdi.
29 Doganlar, atamyz Dawut hakda batyrgaý geplemäge rugsat beriň. Ol aradan çykyp, jaýlandy+, mazary henize çenli dur. 30 Dawut pygamberdi, Hudaý oňa ant içip, kasam edendigi üçin, öz neslinden* bir adamyň tagtda oturjagyny bilýärdi+. 31 Ol Mesihiň direljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Mesihiň mazarda* galmajagyny we çüýremejegini öňünden aýtdy+. 32 Hudaý Mesihi direltdi, muňa ählimiz şaýatdyrys+. 33 Ol göge galdy-da, Hudaýyň sagynda oturyp+, Atanyň wada beren mukaddes ruhuny aldy+. Siziň görüp-eşidişiňiz ýaly, ol mukaddes ruhy biziň üstümize inderdi. 34 Dawut göge galmady, ýöne şonda-da şeýle diýdi: „Ýehowa* meniň Halypama: 35 „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur“+ diýdi“. 36 Ysraýyl halky, bilip goýuň: pürse çüýlän Isaňyzy+ Hudaý Baştutan+ hem Mesih edip belledi».
37 Şonda diňläp duran adamlaryň ýüregine gylyç sanjylan ýaly boldy. Olar Petrus bilen resullara: «Doganlar, indi biz näme etmeli?» diýişdiler. 38 Petrus: «Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+ we Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň+. Şonda Hudaýyň jomartlyk bilen berýän mukaddes ruhuny alarsyňyz. 39 Ol mukaddes ruhy size, çagalaryňyza, uzakda ýaşaýanlaryň ählisine we Ýehowa* Hudaýymyzyň çagyran adamlaryna berjekdigini wada etdi»+ diýdi. 40 Petrus başga-da köp zatlary gürrüň berip, birkemsiz wagyz etdi. Ol: «Heläk bolmaz ýaly, şu azgyn nesle goşulmaň»+ diýip maslahat berdi. 41 Onuň sözlerini ýürekden kabul eden adamlar suwa çümdürildiler+. Şol gün 3 000-e golaý adam şägirtlere goşuldy+. 42 Olar resullardan bilim alýardylar, biri-biri bilen gatnaşýardylar*, iýip içýärdiler+ we doga edýärdiler+.
43 Resullar köp gudratlary we alamatlary görkezýärdiler+. Olary görenler Hudaýdan gorkup* başladylar. 44 Isanyň şägirdi bolanlaryň hemmesi bilelikde ýygnanyşýardylar we bar zatlaryny biri-biri bilen paýlaşýardylar. 45 Olar melleklerini we zatlaryny satyp+, öz aralarynda mätäçlik çekýänlere paýlaýardylar+. 46 Olar her gün agzybirlikde ybadathanada ýygnanyşýardylar, bir-birleriniň öýüne baryp, uly şatlyk bilen iýip içýärdiler, jomartlyk bilen zatlaryny paýlaşýardylar. 47 Olar Hudaýy şöhratlandyrýardylar, adamlar hem olara hormat goýýardylar. Ýehowa* bolsa her gün halas etjek adamlaryny şägirtleriň arasyna goşýardy+.