Rimliler
6 Onda näme, Hudaý has köp ýagşylyk etsin diýip günä edip ýörmelimi? 2 Elbetde, ýok! Biz günä üçin ölen bolsak+, nädip günä edip ýaşap bileris?+ 3 Bilip goýuň, Isa Mesih bilen bolmak üçin çümdürilenler+ onuň ölümine hem çümdürilmelidir+. 4 Biz hem Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilip, onuň bilen jaýlandyk+. Diýmek, Atanyň gudratly güýji arkaly direlen Mesih ýaly, biz hem täze ýaşaýşa başlamaly+. 5 Biz onuň ölşi ýaly ölen bolsak+, onuň direlişi ýaly-da direlip+, onuň bilen birleşeris. 6 Günäli tenimiziň agalyk etmezligi üçin+, biz bedenimiziň* Mesih bilen pürse çüýlenendigini bilýäris+. Mundan beýläk biz günäniň guly bolmaly däl+. 7 Sebäbi ölen adam günäden azat bolýar.
8 Biz Mesih bilen ölen bolsak, onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys. 9 Sebäbi biz Mesihiň direlendigini+, indi ölmejekdigini+, indi ölümiň onuň üstünden agalyk etmejekdigini bilýäris. 10 Mesih günäni bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Indi ol Hudaý üçin ýaşaýar. 11 Şonuň ýaly sizem günäli işler üçin özüňizi öli hasaplaň, emma Isa Mesih arkaly Hudaý üçin diri hasaplaň+.
12 Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň* üstünden patyşa kimin höküm sürmesin+. 13 Bedeniňizi erbet gural* hökmünde ulanyp günä etmäň. Siz direlenler ýaly özüňizi we bedeniňizi dogruçyllygyň guraly* hökmünde ulanyp, Hudaýa tabşyryň+. 14 Günä üstüňizden agalyk etmesin, sebäbi siz kanun astynda däl+, Hudaýyň ýagşylygy astynda+.
15 Indi nähili netije çykarmaly? Biz kanun astynda däl-de, ýagşylyk astynda bolsak, onda günä etsek bolýarmy?+ Ýok! 16 Biler bolsaňyz, siz kime tabyn bolsaňyz, şonuň hem guly bolýarsyňyz+. Siz ýa günäniň+ guly bolup ölersiňiz+, ýa-da tabyn bolup dogruçyl hasaplanarsyňyz. 17 Siz öň günäniň guludyňyz, indi Hudaýyň öwreden zatlaryna ýürekden tabyn bolýarsyňyz. Munuň üçin biz Hudaýa şükür edýäris. 18 Hawa, siz günäden azat bolup+, dogruçyllygyň guly bolduňyz+. 19 Siz ejiz, şonuň üçin sada dilde ýüzlenýärin: siz öň ten höwesleriňize erk etmän, haramlygyň we erbetligiň guludyňyz. Indi bolsa gowy zatlary etmäge jan edip, dogruçyllygyň we mukaddesligiň guly boluň+. 20 Siz öň günäniň guludyňyz, dogruçyl ýaşap bilmeýärdiňiz.
21 Siziň öňki eden işleriňiziň netijesi nähili boldy? Olar ölüme eltýärdi+, häzir eden işleriňize utanýarsyňyz. 22 Indi siz günäden azat bolduňyz. Şonuň üçin Hudaýyň gullary hökmünde mukaddes ýaşap+, ebedi ýaşaýşa gowşuň+. 23 Günäniň haky ölümdir+, emma Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly+ ebedi ýaşaýşy berýändir+.