1 Şamuwel
10 Şamuwel ýagly gaby alyp, Şawulyň başyna ýag guýdy+. Ol Şawulyň ýaňagyndan ogşap: «Ine, Ýehowa seni halkyna*+ baştutan belledi+. 2 Şu gün yzyňa gaýdyp barýarkaň, Benýamin topragyndaky Zelzada, Raheliň mazarynyň golaýynda+ iki adama duşarsyň. Olar saňa: „Gözläp ýören eşekleriň tapyldy. Kakaň indi eşekleri+ däl-de, sizi alada edip başlady. Ol: „Oglum henizem gelenok, nätsemkäm?“ diýip otyr“ diýerler. 3 Tabordaky beýik agaja ýeteniňde, hak Hudaýa sežde etmek üçin Beýtele+ barýan üç adama duşarsyň. Olaryň birinde üç owlak, beýlekisinde üç çörek, birinde bolsa uly küýze şerap bardyr. 4 Olar hal-ýagdaýyňy sorap, iki çörek bererler. Çörekleri hökman algyn. 5 Soňra hak Hudaýyň baýryna bararsyň, şol ýerde piliştlileriň goşun bölümi bardyr. Şähere gireniňde bolsa, seždegähden* düşüp gelýän pygamberleri görersiň. Olar pygamberlik edýärkä, öňlerinde çeň* saz guralynda, deprekde, gargy tüýdükde, arfada saz çalarlar. 6 Şonda üstüňe Ýehowanyň ruhy inip+, senem pygamberlik edip başlarsyň we özüňi başga adam+ ýaly alyp bararsyň. 7 Aýdan zatlarym berjaý bolanda, eliňde baryny et, sebäbi hak Hudaý seniň bilendir. 8 Sen öňümden Gilgala+ bar, menem ýakma we parahatlyk gurbanlyklary bermek üçin ýanyňa bararyn. Barýançam, ýedi gün garaşmaly bolarsyň. Şondan soň näme etmelidigiňi aýdaryn» diýdi.
9 Şawul Şamuwel bilen hoşlaşyp, yzyna öwrülen badyna, Hudaý Şawulyň içki dünýäsini* üýtgedip başlady. Şol gün aýdylan zatlaryň bary berjaý boldy. 10 Baýra tarap barýarkalar, Şawul birgiden pygambere duşdy. Şonda üstüne Hudaýyň ruhy inip+, ol hem pygamberlik edip başlady+. 11 Şawuly tanaýan adamlar beýlekiler bilen pygamberlik edýänini görüp: «Kişiň ogluna näme bolduka? Şawulam pygamber bolupdyrmy?» diýişdiler. 12 Şol ýerdäkileriň biri: «Olaryň atasy hem pygamber däldi» diýdi. Şeýdip, «Şawulam pygamber bolupdyrmy?»+ diýen gürrüň il arasyna ýaýrady.
13 Şawul pygamberlik edip bolansoň, seždegähe gitdi. 14 Biraz wagtdan Şawulyň agasy* ondan we hyzmatkärinden: «Nirä gitdiňiz?» diýip sorady. Şawul: «Eşekleri gözledik+, tapyp bilmän, Şamuweliň ýanyna bardyk» diýdi. 15 Şonda agasy: «Aýtsana, Şamuwel näme diýdi?» diýip sorady. 16 Şawul: «Ol eşekleriň tapylandygyny aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk hakda aýdanlaryny gürrüň bermedi.
17 Soňra Şamuwel halky Mispa, Ýehowanyň huzuryna ýygnap+: 18 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ysraýyllary Müsürden çykaran Hudaýdyryn. Sizi müsürlileriň+, zalym patyşalaryň elinden halas etdim. 19 Siz bolsa azaplaryňyzdan, jebir-jepalaryňyzdan dyndyran Halasgär Hudaýyňyzdan ýüz öwrüp+: „Näme bolsa, şo bolsun, üstümizden patyşa belle“ diýdiňiz. Hany, her kim Ýehowanyň huzurynda taýpasyna we tiresine* görä dursun“» diýdi.
20 Şamuwel ysraýyl taýpalaryny gezekli-gezegine ýanyna çagyrdy+. Şonda benýamin taýpasy saýlandy+. 21 Şamuwel benýamin taýpasyny maşgalalary boýunça çagyrdy, matarlaryň maşgalasy saýlandy. Ahyrynda Kişiň ogly Şawul saýlandy+. Ýöne Şawuly näçe gözleseler-de, hiç ýerden tapmadylar. 22 Olar Ýehowadan: «Ol heniz gelmedimi?» diýip soradylar+. Ýehowa hem: «Hanha, goş-golamlaryň arasynda gizlenip otyr» diýdi. 23 Adamlar ylgap, Şawuly getirdiler. Şawul halkyň arasynda duranda, hemmelerden uzyndy, beýlekiler zordan egnine ýetýärdi+. 24 Şamuwel: «Ýehowanyň kimi saýlanyny görýäňizmi?+ Halkyň içinde oňa taý geljek barmy?!» diýdi. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
25 Şamuwel halka patyşanyň hukugyny düşündirip+, kitaba ýazdy-da, Ýehowanyň çadyrynda goýdy. Soňra halky öýli-öýüne iberdi. 26 Şawul hem Gibeýa öýüne gaýtdy. Batyrgaý ýigitleriň käbiri Şawul bilen gitdi, sebäbi şeýle islegi olaryň ýüregine Ýehowa guýupdy. 27 Päliýaman adamlar bolsa: «Ol bizi nädip halas etsin-aý?!»+ diýip, Şawuly äsgermezçilik etdiler, sowgat-serpaý hem bermediler+. Emma Şawul sesini çykarmady.