Işaýa
55 Teşne adamlar+, geliň, suw içiň!+
Pulsuz adamlar, alyň*, iýiň!
Geliň, şeraby, süýdi mugt+ we pulsuz alyň+.
2 Siz näme üçin çörek däl-de, biderek zat satyn alýarsyňyz?
Gazanjyňyzy näme üçin doýurmaýan zada berýärsiňiz?
3 Meni diňläň, ýanyma geliň!+
Maňa gulak assaňyz, uzak ýaşarsyňyz.
Dawuda bolan söýgime* wepaly bolup+,
Siz bilen hökman ebedilik äht baglaşaryn+.
5 Sen ýat halky çagyrarsyň,
Seni tanamaýan halk ýanyňa ylgap geler.
Olar muny Ýehowa Hudaýyň,
Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň hatyrasyna ederler+.
Sebäbi ol seni şöhratlandyrar+.
6 Wagt barka, Ýehowany agtaryň+,
Ýakyndaka, ony çagyryň+.
7 Erbet adam ýaman ýolundan dänsin+,
Zalym adam pälinden gaýtsyn.
Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder+.
Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar+.
8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar+,
Meniň ýollarym siziň ýollaryňyza meňzemeýär».
Muny Ýehowa aýdýar.
9 «Asmanyň ýerden belent bolşy ýaly,
Meniň ýollarym hem siziň ýollaryňyzdan,
Meniň pikirlerim hem siziň pikirleriňizden beýikdir+.
10 Asmandan ýagýan ýagyş bilen gar,
Ýeri suwarman, hasyl öndürmän,
Daýhana tohum, ynsana çörek bermän yzyna dolanmaz.
Bu öçmejek, ebedilik alamat bolup,
Ýehowa şan-şöhrat getirer»+.