Resullar
3 Bir gün Petrus bilen Ýahýa öýlän üç töweregi* doga edilýän wagty ybadathana gitdi. 2 Şol wagt bir dogabitdi agsak adamy Owadan derwezäniň öňüne getirdiler. Ol her gün ybadathananyň derwezesinde oturyp pul dilärdi. 3 Ol Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, pul diledi. 4 Petrus bilen Ýahýa onuň gözüne seredip: «Bize seret» diýdi. 5 Agsak adam bir zatlar bererler öýdüp, olara seretdi. 6 Petrus oňa: «Mende kümüş hem ýok, altyn hem ýok. Ýöne bar zadymdan bereýin: nazaretli Isa Mesihiň adyndan saňa diýýärin, ýöre!»+ diýdi. 7 Petrus agsak adamyň sag elinden tutup, ýerinden galdyrdy+. Onuň aýaklary şol bada sagaldy+. 8 Ol böküp turdy-da+, ýöräp başlady. Soňra olar bilen bile ybadathana girip, ýöräp barşyna bökjekläp, Hudaýy şöhratlandyryp barýardy. 9 Hemmeler onuň ýöreýändigini we Hudaýy şöhratlandyrýandygyny gördüler. 10 Adamlar ybadathananyň Owadan derwezesiniň öňünde pul diläp oturýan adamy+ tanap, aňk-taňk boldular.
11 Sagalan adam Petrus bilen Ýahýanyň ýanyndan aýrylmaýardy. Adamlar haýran galyp, olaryň ýanyna ylgaşyp bardylar. Olar Süleýmanyň sütünleri+ diýilýän ýerde durdylar. 12 Şonda Petrus märekä şeýle diýdi: «Eý ysraýyllar, näme üçin haýran galyp seredýärsiňiz? Biz ony öz güýjümiz ýa-da Hudaýa wepaly bolandygymyz üçin sagaldandyrys öýdýäňizmi? 13 Atalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy+ Guly+ Isany+ şöhratlandyrdy. Pilatus ony azat etjek bolsa-da, siz ondan ýüz öwrüp, ölüme tabşyrdyňyz+. 14 Siz ganhor adamy azat etdirip, mukaddes we dogruçyl adamdan ýüz öwürdiňiz+. 15 Siz ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçyny öldürdiňiz+, Hudaý bolsa ony direltdi, biz muňa şaýatdyrys+. 16 Siziň görüp duran we tanaýan adamyňyzy Isanyň ady bilen sagaltdyk, sebäbi biz onuň adyna iman edýäris. Isa iman edendigimiz üçin, agsak adam hemmeleriň öňünde sag-salamat dur. 17 Doganlar, siz-de, baştutanlaryňyz-da ähli zady düşünmän etdiňiz+. 18 Hudaý Mesihiň görgi görjegi barada aýdan pygamberliklerini ýerine ýetirdi+.
19 Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+, erbet ýoluňyzdan dönüň+. Şonda Ýehowa* ýüregiňize rahatlyk berip*, 20 bellenen Isa Mesihi siziň üçin iberer. 21 Hudaý ähli zady dikeltjekdigini mukaddes pygamberleri arkaly aýdypdy. Şoňa çenli Isa gökde garaşmaly. 22 Musa-da şeýle diýipdi: „Ýehowa* Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar+, şol pygamberiň aýdýanlaryna hökman gulak asyň+. 23 Gulak asmadyk adamy Hudaý ýok eder“+. 24 Şamuwel we ondan soňky pygamberleriň ählisi şu günler hakda wagyz edýärdiler+. 25 Siz pygamberleriň ogullary we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasdüşerleri+. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli halklary seniň nesliň* arkaly bereket alar“+ diýdi. 26 Hudaý Guluny saýlap, ilki bilen size iberdi+, sebäbi ol siziň her biriňiziň erbet ýoluňyzdan dönüp, bereket almagyňyzy isleýär».