Nakyllar
27 Ertirki güne buýsanma,
Sebäbi ertir näme boljagyny bilýän dälsiň+.
2 Özüňi öwme, goý, seni il-gün öwsün,
Öz diliň däl, başganyň dili taryplasyn+.
3 Daş-da, çäge-de agyrdyr,
Akmagyň berýän derdi ikisinden hem agyrdyr+.
4 Gahar zalymdyr, gazap sil kimindir,
Emma gabanjaňlyga kim çydap biler?+
5 Gizlin saklanan söýgüden,
Ýüzüňe aýdylan käýinç ýagşydyr+.
7 Dok adam baly depeleýär,
Aç adama ajy zatlar bal ýalydyr.
8 Ýurdundan aýra düşen adam
Höwürtgesini ýitiren guş ýalydyr.
10 Dostuňdan, ataň dostundan ýüz öwürme,
Kyn günüňde doganyň öýüne gitjek bolma,
Sebäbi uzakdaky dogandan golaýdaky goňşy ýagşydyr+.
13 Kesekä kepil geçeniň donuny al,
Ýat aýala kepil geçenden girew al+.
14 Kim säher bilen goňşusyna gygyryp alkyş aýtsa,
Onuň alkyşy gargyş hasaplanar.
15 Igenjeň* aýal ýagyşly gün suw geçirýän üçek ýalydyr+.
16 Ony dymdyran adam ýeli hem ýatyryp biler,
Sag eli bilen ýagy gysymlap biler.
19 Suwa sereden ýüzüni görýär,
Ýürek hem ýüregi duýýar.
22 Akmagy sokuda bugdaý döwýän ýaly döwseň-de,
Ondan akmaklygy aýrylmaz.
23 Süriň ýagdaýyny gowy bil,
Janyňy aýaman* goýunlaryňy bak+.
24 Sebäbi baýlygyň ebedilik däldir+,
Täç hemişe nesilden-nesle geçýän däldir.
25 Ot solýar, ýene-de gögerýär,
Daglaryň oty ýygylýar.
26 Goçlar seni geýindirer,
Tekeler mellek alyp berer.
27 Geçiler köp süýt berer,
Özüňi-de, hojalygyňy-da, gyrnaklaryňy-da doýrar.