Zebur
Dawudyň öwüt-nesihat* aýdymy.
38 Eý Ýehowa, gazap bilen,
Gahar bilen maňa käýeme+.
2 Oklaryň içimden geçdi,
Agyr eliň egnimden basdy+.
3 Beren temmiňden ýaňa bütin bedenim agyrýar,
Günäm sebäpli kalbym aram tapmaýar+.
4 Ýazyklarym başymdan agdy+,
Agyr ýük kimin gerşimden basdy.
5 Akylsyzlygym sebäpli,
Ýaralarym iriňleýär, porsaýar.
6 Gaýgy-aladadan ýaňa bilim bükülýär,
Uzakly gün ýüregim hasrat çekýär.
7 Içim ýanyp barýar,
Endam-janym owram-owram+.
8 Güýçden gaçdym, sustum basylýar,
Bagrym dilim-dilim, gözýaşlarym dynman akýar.
9 Eý Ýehowa, isleg-arzuwymy bilýärsiň,
Ahy-nalamy görýärsiň.
10 Ýüregim ezildi, kuwwatym gaçdy,
Gözlerimiň nury öçdi+.
11 Dost-ýarlarym ýaramy görüp, menden gaçdy,
Tanyş-bilişlerim menden arany açdy.
12 Janymyň kastyna çykanlar duzak gurýar,
Ajysyny pürküp, zyýan ýetirjek bolýar+.
Uzakly gün pyşyrdaşyp hile gurýarlar.
14 Gulagym gapylan ýaly bolýar,
Gaýtargy berere söz tapmaýaryn.
16 «Olar üstümden gülmesin,
Aýagym taýsa, heşelle kakmasyn» diýdim.
17 Aýagym tas taýypdy,
Ýüregim dynman agyrdy+.
19 Duşmanlarym güýçli hem kuwwatly boldy*,
Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany köpeldi.
20 Ýagşylygyma ýamanlyk etdiler,
Ýagşylyk edýändigim üçin azar berdiler.
21 Eý Ýehowa, menden ýüz öwürme!
Ýa Allam, menden uzakda durma!+
22 Eý Ýehowa, halasgärim+,
Tiz ýetiş dadyma!