Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 57
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Hudaýhon we wepaly adam dünýäden ötýär (1, 2)

      • Zynahor ysraýyl halky paş edilýär (3—13)

      • Ejizleri berkidiň (14—21)

        • Erbetler möwç urýan deňiz ýaly (20)

        • Erbetler asuda durmuş görmez (21)

Işaýa 57:1

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: betbagtçylykdan gutulmak üçin.

Parallel aýatlar

  • +Mik 7:2

Işaýa 57:2

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: düşekde.

Işaýa 57:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gözbagçy.

Işaýa 57:4

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:4; 30:9

Işaýa 57:5

Parallel aýatlar

  • +Işa 1:29
  • +5Ms 12:2; 1Pa 14:22, 23
  • +2Pa 16:1, 3; Ýer 7:31

Işaýa 57:6

Parallel aýatlar

  • +Ýer 3:9
  • +Ýer 7:18

Işaýa 57:7

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:20; Hyz 16:16; 23:17
  • +Hyz 20:28

Işaýa 57:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Gapyňyzyň we söýeleriňiziň yzynda.

  • *

    Butparazlyk göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 16:25, 33; 23:18

Işaýa 57:9

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Patyşanyň.

Işaýa 57:11

Parallel aýatlar

  • +Işa 30:9, 10; 59:3
  • +Işa 1:3; Ýer 2:32; 9:3
  • +Işa 42:24, 25
  • +Zb 50:21

Işaýa 57:12

Parallel aýatlar

  • +Işa 58:2
  • +Işa 66:3
  • +Ýer 7:4; Mik 3:4

Işaýa 57:13

Parallel aýatlar

  • +Ser 10:14; Işa 42:17
  • +Işa 56:6, 7; 66:20; Hyz 20:40; Ýow 3:17

Işaýa 57:14

Parallel aýatlar

  • +Işa 35:8; 40:3; 62:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    5/2023, sah. 16, 17

Işaýa 57:15

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:11; Luk 1:46, 49
  • +1Ms 21:33; Zb 90:2; Işa 40:28; 1Tm 1:17
  • +1Pa 8:27
  • +Zb 34:18; 147:3; Işa 61:1; 66:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)»,

    2/2017, sah. 2

Işaýa 57:16

Parallel aýatlar

  • +Zb 103:9; Mik 7:18
  • +Eýp 34:14, 15

Işaýa 57:17

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:13; 8:10
  • +Ýer 3:14

Işaýa 57:18

Parallel aýatlar

  • +Ýer 33:6; Hoş 14:4
  • +Işa 49:10
  • +Işa 61:2; Agy 1:4
  • +Işa 12:1

Işaýa 57:19

Parallel aýatlar

  • +Işa 48:18; Efs 2:17

Işaýa 57:21

Parallel aýatlar

  • +Nak 13:9; Işa 3:11

Umumy salgylar

Işa. 57:1Mik 7:2
Işa. 57:4Işa 1:4; 30:9
Işa. 57:5Işa 1:29
Işa. 57:55Ms 12:2; 1Pa 14:22, 23
Işa. 57:52Pa 16:1, 3; Ýer 7:31
Işa. 57:6Ýer 3:9
Işa. 57:6Ýer 7:18
Işa. 57:7Ýer 2:20; Hyz 16:16; 23:17
Işa. 57:7Hyz 20:28
Işa. 57:8Hyz 16:25, 33; 23:18
Işa. 57:11Işa 30:9, 10; 59:3
Işa. 57:11Işa 1:3; Ýer 2:32; 9:3
Işa. 57:11Işa 42:24, 25
Işa. 57:11Zb 50:21
Işa. 57:12Işa 58:2
Işa. 57:12Işa 66:3
Işa. 57:12Ýer 7:4; Mik 3:4
Işa. 57:13Ser 10:14; Işa 42:17
Işa. 57:13Işa 56:6, 7; 66:20; Hyz 20:40; Ýow 3:17
Işa. 57:14Işa 35:8; 40:3; 62:10
Işa. 57:152Ms 15:11; Luk 1:46, 49
Işa. 57:151Ms 21:33; Zb 90:2; Işa 40:28; 1Tm 1:17
Işa. 57:151Pa 8:27
Işa. 57:15Zb 34:18; 147:3; Işa 61:1; 66:2
Işa. 57:16Zb 103:9; Mik 7:18
Işa. 57:16Eýp 34:14, 15
Işa. 57:17Ýer 6:13; 8:10
Işa. 57:17Ýer 3:14
Işa. 57:18Ýer 33:6; Hoş 14:4
Işa. 57:18Işa 49:10
Işa. 57:18Işa 61:2; Agy 1:4
Işa. 57:18Işa 12:1
Işa. 57:19Işa 48:18; Efs 2:17
Işa. 57:21Nak 13:9; Işa 3:11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
Mukaddes Kitap
Işaýa 57:1—21

Işaýa

57 Hudaýhon adam dünýäden ötýär,

Ýöne muňa hiç kim üns bermeýär.

Wepaly adamyň jany alynýar+,

Hudaýhon adam betbagtçylyk sebäpli* ýok bolýar,

Ýöne hiç kim ol hakda pikirlenmeýär.

 2 Ol rahatlyk tapýar.

Halal ýaşan adam mazarda* ýatýar.

 3 «Jadygöý* aýalyň ogullary!

Zynahoryň, ahlaksyz aýalyň ogullary,

Golaýyma geliň!

 4 Siz kimiň üstünden gülýärsiňiz?

Diliňizi çykaryp, kimi kemsidýärsiňiz?

Günäkärleriň, ýalançylaryň çagalary siz dälmi?+

 5 Gür ýaprakly+ we uly agaçlaryň aşagynda+,

Azgyn höwesleri güýjän adamlaryň çagalary siz dälmi?

Jülgelerde, gaýalaryň arasynda,

Çagalarynyň damagyny çalanlaryň nesli siz dälmi?+

 6 Jülgedäki ýylmanak daşlary alýarsyňyz+,

Olara maýyl bolýarsyňyz.

Siz olara şerap sadakalaryny, sowgatlary berýärsiňiz+.

Men muňa razy bolarynmy?

 7 Beýik we belent daglarda ýorgan-düşek saldyňyz+,

Daglara çykyp, gurbanlyk berdiňiz+.

 8 Siz öýüňizde* ýadygärlik dikdiňiz.

Meni taşlap gitdiňiz, eşigiňizi çykaryp ýalaňaçlandyňyz,

Daga çykyp, düşegiňizi giňden ýazdyňyz.

Oýnaşlaryňyz bilen äht baglaşdyňyz,

Bir düşekde ýatmagy haladyňyz+,

Gözüňizi jyns agzasyndan aýyrmadyňyz*.

 9 Siz melhem ýaglary, hoşboý ysly atyrlary alyp,

Mäligiň* ýanyna gitdiňiz.

Çaparlary uzak ülkelere ýolladyňyz,

Abraýdan düşüp, mazara indiňiz.

10 Köp ýollary geçdiňiz, halys tapdan düşdüňiz,

Ýöne: „Bary biderek boldy!“ diýmediňiz.

Täzeden güýç topladyňyz,

Ýadamagyň nämedigini bilmediňiz.

11 Kimden gorkduňyz?

Kimden heder edip, ýalan sözläp başladyňyz?+

Meni ýatlamadyňyz+,

Hiç zat barada oýlanmadyňyz+.

Men ümsüm oturdym, hiç zat etmedim+,

Şonuň üçin menden gorkmadyňyz.

12 Men „dogruçyllygyňyzy“+, eden işleriňizi paş ederin+,

Olaryň size peýdasy bolmaz+.

13 Siz kömek sorap ýalbararsyňyz,

Emma butlaryňyzyň biri-de sizi halas etmez+.

Olar ýele tozap gider,

Bir üfläniňde ýok bolar.

Emma menden pena gözlän ýeri miras alar,

Mukaddes dagymda ýaşar+.

14 Şonda: „Ýol çekiň! Eý adamlar, ýol çekiň! Ýol taýýarlaň!+

Halkymyň öňündäki böwetleri aýryň“ diýerler».

15 Ady mukaddes+, ebedi ýaşaýan Hudaý+,

Allatagala*, Beýik Hudaý şeýle diýýär:

«Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn+.

Ejizleri berkitmek üçin,

Ezilenlere güýç bermek üçin,

Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn+.

16 Olara hemişe temmi berip durmaryn,

Mydama gaharlanyp ýörmerin+.

Sebäbi ynsanlar muňa çydamaz+,

Ýaradan janly-jandarlarym güýçden gaçar.

17 Olar haram gazanjyň yşkyna düşüp günä etdiler+.

Şonda men gahar-gazaba mündüm,

Olary urdum, olardan ýüz öwürdim.

Emma olar dönüklik etdiler+,

Ýüregini diňläp, pälinden gaýtmadylar.

18 Men olaryň ýollaryny görýärin,

Olary sagaldaryn+, elinden tutup ýörederin+.

Men halkyma-da, ýas tutýanlaryna-da+ göwünlik bererin»+.

19 «Men ynsana alkyş aýtmagy öwrederin.

Uzakda we ýakynda ýaşaýanlara bol parahatlyk bererin+.

Men olary sagaldaryn». Muny Ýehowa aýdýar.

20 «Erbetler möwç urýan deňiz ýaly köşeşmäni bilmeýär,

Olar suwotyny, hapany kenara taşlaýar».

21 Hudaýym: «Erbetler asuda durmuş görmezler»+ diýýär.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş