Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 28
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Tir patyşasyna garşy pygamberlik (1—10)

        • «Men hudaý» (2, 9)

      • Tiriň patyşasy üçin agy (11—19)

        • «Sen Erem bagyndadyň» (13)

        • «Men seni saýlap, goragçy kerup edip belledim» (14)

        • «Erbetlige baş goşduň» (15)

      • Sidona garşy pygamberlik (20—24)

      • Ysraýyl bir ýere jemlener (25, 26)

Hyzkyl 28:2

Parallel aýatlar

  • +Hyz 28:5
  • +Hyz 27:4

Hyzkyl 28:3

Parallel aýatlar

  • +Dan 2:48

Hyzkyl 28:4

Parallel aýatlar

  • +Zek 9:3

Hyzkyl 28:5

Parallel aýatlar

  • +Işa 23:1, 3; Hyz 27:12

Hyzkyl 28:7

Parallel aýatlar

  • +Hyz 30:10, 11
  • +Işa 23:9

Hyzkyl 28:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: mazara.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 27:26

Hyzkyl 28:12

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: agy aýdymyny.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 28:3
  • +Hyz 27:3

Hyzkyl 28:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 27:16

Hyzkyl 28:14

Parallel aýatlar

  • +Işa 14:13

Hyzkyl 28:15

Parallel aýatlar

  • +Ýow 3:4; Ams 1:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)», 8/2017, sah. 1

Hyzkyl 28:16

Parallel aýatlar

  • +1Pa 10:11; 2Tr 9:21; Hyz 27:12
  • +Ýow 3:6
  • +Işa 23:9; Ýer 25:17, 22; 47:4; Ýow 3:8

Hyzkyl 28:17

Parallel aýatlar

  • +Hyz 27:3
  • +Işa 14:14
  • +Işa 14:15

Hyzkyl 28:18

Parallel aýatlar

  • +Ams 1:9, 10

Hyzkyl 28:19

Parallel aýatlar

  • +Hyz 27:35
  • +Hyz 27:36

Hyzkyl 28:21

Parallel aýatlar

  • +Işa 23:4; Ýer 25:17, 22; Hyz 32:30

Hyzkyl 28:23

Parallel aýatlar

  • +Hyz 26:6

Hyzkyl 28:24

Parallel aýatlar

  • +4Ms 33:55; Ýuş 23:12, 13

Hyzkyl 28:25

Parallel aýatlar

  • +5Ms 30:3; Işa 11:12; Ýer 30:18; Hoş 1:11
  • +Işa 5:16
  • +1Ms 28:13
  • +Ýer 23:8

Hyzkyl 28:26

Parallel aýatlar

  • +Işa 32:18; Ýer 23:6; Hoş 2:18
  • +Işa 65:21, 22; Ýer 31:5; Ams 9:14
  • +Ýer 30:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 110

Umumy salgylar

Hyz. 28:2Hyz 28:5
Hyz. 28:2Hyz 27:4
Hyz. 28:3Dan 2:48
Hyz. 28:4Zek 9:3
Hyz. 28:5Işa 23:1, 3; Hyz 27:12
Hyz. 28:7Hyz 30:10, 11
Hyz. 28:7Işa 23:9
Hyz. 28:8Hyz 27:26
Hyz. 28:12Hyz 28:3
Hyz. 28:12Hyz 27:3
Hyz. 28:13Hyz 27:16
Hyz. 28:14Işa 14:13
Hyz. 28:15Ýow 3:4; Ams 1:9
Hyz. 28:161Pa 10:11; 2Tr 9:21; Hyz 27:12
Hyz. 28:16Ýow 3:6
Hyz. 28:16Işa 23:9; Ýer 25:17, 22; 47:4; Ýow 3:8
Hyz. 28:17Hyz 27:3
Hyz. 28:17Işa 14:14
Hyz. 28:17Işa 14:15
Hyz. 28:18Ams 1:9, 10
Hyz. 28:19Hyz 27:35
Hyz. 28:19Hyz 27:36
Hyz. 28:21Işa 23:4; Ýer 25:17, 22; Hyz 32:30
Hyz. 28:23Hyz 26:6
Hyz. 28:244Ms 33:55; Ýuş 23:12, 13
Hyz. 28:255Ms 30:3; Işa 11:12; Ýer 30:18; Hoş 1:11
Hyz. 28:25Işa 5:16
Hyz. 28:251Ms 28:13
Hyz. 28:25Ýer 23:8
Hyz. 28:26Işa 32:18; Ýer 23:6; Hoş 2:18
Hyz. 28:26Işa 65:21, 22; Ýer 31:5; Ams 9:14
Hyz. 28:26Ýer 30:16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 28:1—26

Hyzkyl

28 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, Tiriň baştutanyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Sen ýüregiňde gedemlik bilen+: „Men hudaý.

Deňziň ortasynda hudaýyň tagtynda otyryn“+ diýýärsiň.

Emma sen özüňi hudaý hasaplasaň-da,

Hudaý dälsiň, ýönekeý bir adamsyň.

 3 Sen Danyýardan hem akyllydyryn öýdýärsiň+.

Bilmeýän syryň ýokdur öýdýärsiň.

 4 Akyldarlygyň we düşünjäň bilen baýlyk topladyň.

Hazynaňy altyn-kümüşden doldurdyň+.

 5 Ussatlyk bilen söwda edip, genji-hazyna topladyň+.

Baýlykdan ýaňa tekepbir ýüregiň has-da gatady“.

6 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Özüňi hudaý hasaplanyň üçin,

 7 Ýat halklaryň iň zalymyny üstüňe çozduraryn+.

Olar akyldarlyk bilen toplan owadan zatlaryňy gylyç bilen parça-parça ederler.

Şan-şöhratyňy gara guma gararlar+.

 8 Olar seni çukura* taşlarlar;

Deňziň ortasynda seni rehimsizlik bilen öldürerler+.

 9 Sen jellada: „Men hudaý“ diýersiňmi?

Seni haram etjekleriň elinde hudaý däl-de,

Ýöne bir adam bolarsyň“.

10 „Sen kesekileriň elinden sünnetsizler kimin ölersiň,

Sebäbi muny men aýdýaryn“.

Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

11 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 12 «Ynsan ogly, Tir patyşasy üçin agy* aýdyp, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Sen kämilligiň nusgasydyň,

Akyldarlygyňa+ we görküňe taý geljek ýokdy+.

13 Sen Erem bagyndadyň, Hudaýyň bagyndadyň.

Sen dürli gymmatbaha daşlar:

Lagyl, topaz, ýaşma,

Zeberjet*, oniks, nefrit, ýakut,

Pöwrize+ we zümerret bilen bezelendiň.

Daşlaryň ählisi guýma altyna oturdylandy.

Olaryň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.

14 Men seni saýlap, goragçy kerup edip belledim.

Sen Allanyň mukaddes dagyndadyň+,

Otly daşlaryň arasynda ýörärdiň.

15 Ýaradylan günüňden bäri, sen ýazyksyzdyň,

Emma soňra erbetlige baş goşduň+.

16 Söwdanyň merkezi bolandygyň üçin+,

Zalymlykdan dolup, günä işlere baş goşduň+.

Şonuň üçin sen haram bolduň.

Indi seni Hudaýyň dagyndan zyňaryn, ýok ederin+.

Eý goragçy kerup, seni otly daşlaryň arasyndan kowaryn.

17 Owadanlygyň sebäpli ýüregiň tekepbirlikden doldy+,

Şan-şöhratyňa buýsanyp, akylyňy ýitirdiň+.

Seni ýere taşlaryn+.

Şonda patyşalar saňa tomaşa ederler.

18 Sen agyr günäň we haram gazanjyň bilen

Mukaddes ýerleriňi haram etdiň.

Seniň içiňde ot tutaşdyraryn; ol seni ýakyp ýandyrar+.

Saňa seredýänleriň öňünde seni kül edip,

Gara topraga gararyn.

19 Seni tanaýan halklaryň ählisi aňk bolup serederler+.

Seniň soňuň duýdansyz geler we gorkunç bolar;

Sen ebedilik ýok bolarsyň“»+.

20 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 21 «Ynsan ogly, Sidona+ seredip, oňa garşy pygamberlik et. 22 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý:

„Eý Sidon, saňa garşy çykyp, seniň içiňde şöhratlanaryn.

Saňa höküm çykaryp, mukaddes Hudaýdygymy yglan ederin, halklar meniň Ýehowadygymy bilerler.

23 Seniň üstüňe mergi indererin,

Köçeleriňden gan sil deý akar.

Dumly-duşdan gylyçly hüjüm ederler,

Jesetler seniň içiňde çaşyp ýatar.

Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler+.

24 Mundan beýläk ysraýyllary kemsidýän goňşy halklar awuly tikenekler we ýandaklar kimin+ ýara salmazlar. Şonda halklar meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilerler“.

25 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Milletleriň arasyna dargap giden ysraýyl halkymy bir ýere jemlärin+ we olar arkaly mukaddes Hudaýdygymy hemmelere ykrar ederin+. Şonda olar öz ýurdunda, gulum Ýakuba beren+ ýurdumda ýaşarlar+. 26 Olar asuda we parahat ýaşap+, jaýlar salarlar, üzüm ekerler+. Olary ýaňsylan goňşy halklaryň üstünden höküm çykaranymda, olar asuda ýaşarlar+. Şonda olar meniň Hudaýlary Ýehowadygymy bilerler“».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş