Zebur
33 Eý dogruçyllar, Ýehowanyň işlerini wasp ediň!+
Adalatly adamlara alkyş aýtmak ýaraşýar.
2 Arfa çalyp, Ýehowa alkyş aýdyň,
Çeň* saz guraly bilen wasp ediň.
3 Onuň şanyna täze aýdym aýdyň+,
Ussatlyk bilen saz çalyň, şatlanyp gygyryň.
4 Ýehowanyň sözi hakykatdyr+,
Ähli eden işleri ynama mynasypdyr.
5 Ýehowa dogruçyllygy hem adalaty söýýär+,
Ýer ýüzüni wepaly söýgüsi* bilen çoýýar+.
8 Goý, bütin dünýä Ýehowadan gorksun+,
Ýer ýüzünde ýaşaýanlar Hudaýa hormat goýsun.
11 Ýehowanyň kararlary ebedi galýar+,
Ýüreginiň niýetleri nesilden-nesle dowam edýär.
13 Ýehowa gökden ser salyp,
Ynsan ogullaryny synlaýar+.
14 Öz mekanyndan
Ýer ýüzünde ýaşaýanlara syn edýär.
15 Ynsan ýüregini ýaradan,
Ähli işlerini barlaýan oldur+.
Ýagşylyk etmegine* garaşýanlara nazar salýar+.
19 Olaryň janyny halas edýär,
Açlyk döwri ölümden gutarýar+.
20 Ýehowa sabyrly garaşarys.
Ol hemaýat eder, galkan kimin gorar+.
21 Hudaýyň işlerine şatlanýarys,
Mukaddes adyna daýanýarys+.