Hyzkyl
2 Ol maňa: «Ynsan ogly*, ýeriňden tur, seniň bilen gürleşjekdim»+ diýdi. 2 Ol şu sözleri aýdanda, Hudaýyň ruhy maňa inip, ýerimden turuzdy+. Men gepleýäniň sesini eşitdim.
3 Ol maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, seni ysraýyl halkynyň, gozgalaň turzan kesir halklaryň*+ ýanyna iberýärin+. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary maňa garşy günä edip gelýärler+. 4 Seni özdiýenli we doňýürek+ halkyň ýanyna iberýärin. Olara: „Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“ diý. 5 Olar seni diňlesin, diňlemesin (sebäbi olar gozgalaňçy halk)+, barybir aralarynda pygamberiň bolandygyny bilerler+.
6 Ynsan ogly, sen olardan, haýbatly sözlerinden gorkma+. Daşyňy tikenekler, ýandaklar gurşap alsa-da*+, içýanlaryň arasynda ýaşasaň-da, gorkma. Olaryň haýbatly sözlerinden+, ýüz-gözünden heder etme+, sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr. 7 Seni diňleseler-de, diňlemeseler-de, sözlerimi hökman ýetir, sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+.
8 Ynsan ogly, aýdýanlarymy diňle. Olar ýaly gozgalaňçy bolaýma. Agzyňy aç, berjek zadymy iý»+.
9 Bir seretsem, biri maňa elini uzadyp durdy+, elinde golýazma+ bardy. 10 Ol golýazmany açanda, onuň iki tarapy hem ýazgydan doly eken+. Golýazmada agy aýdymy, dady-perýat we ahy-nala sözleri ýazylandy+.