Zebur
3-NJI BÖLÜM
(73—89-njy aýdymlar)
Asafyň aýdymy+.
73 Hudaý Ysraýyla, akýürekli adamlara ýagşylyk edýär+.
2 Men bolsa dogry ýoldan tas sowlupdym,
Aýaklarym taýypdy+.
3 Erbetleriň döwran sürýändigini gördüm,
Tekepbirlere göriplik etdim+.
4 Janlary tut ýaly sagdyn,
Kösenmän dünýäden ötýärler+.
6 Gopbamsylygy monjuk kimin boýnuna dakýarlar+,
Zalymlygy don deý egnine atýarlar.
7 Semizlikden ýaňa gözleri zordan açylýar,
Ähli ýürek arzuwy hasyl bolýar.
8 Adamlary kemsidip, erbet sözleri aýdýarlar+,
Ulumsylyk bilen haýbat atýarlar+.
9 Tumşugyny göge tutup gepleýärler,
Agyzlaryny dolduryp gürleýärler.
10 Hudaýyň halky hem olaryň yzyna eýerýär,
Suwdan doly käsesinden içýär.
11 Olar: «Hudaý nädip bilsin?+
Allatagala* näme bilýär?» diýýärler.
12 Erbetleriň eden işi ugrunadyr+,
Mal-garasy dünýä sygýan däldir+.
13 Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn,
Elimi arassa saklapdyryn+.
15 Oý-pikirimi daşyma çykaran bolsam,
Seniň halkyňa dönüklik etdigim bolardy.
16 Muňa düşünjek bolup jan etsem-de,
Beter howsala düşdüm.
17 Emma Hudaýyň mukaddes mekanyna girenimde,
Zalymlaryň gelejeginiň ýokdugyna düşündim.
18 Olary typançak ýerde durzarsyň+,
Hemmesini ýykyp, heläk edersiň+.
19 Zalymlaryň başyna duýdansyz heläkçilik iner+,
Olar derrew ýok bolar, soňy gorkunç bolar.
20 Ukudan oýanan adamyň düýşüni unudyşy ýaly,
Eý Ýehowa, aýaga galanyňda, zalymlar zym-zyýat bolar.
22 Men düşünjesiz, akmak ekenim,
Seniň öňüňde haýwan ýaly akylsyz bolupdyryn.
25 Gökde senden başga kimim bar?
Sen ýanymda bolsaň, başga hiç zat gerek däl+.
27 Senden daşlaşan adamlar heläk bolar,
Seni terk eden biwepalar ýok bolar*+.
28 Men bolsa Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym*+.
Älemiň Hökümdary Ýehowany pena edindim,
Onuň ähli işlerini jar ederin+.