Nakyllar
26 Tomusda gar, orak döwri ýagyş halanmaz,
Akmaga-da sylag-hormat ýaraşmaz+.
2 Sebäpsiz ýere serçe we garlawaç uçmaz,
Ýersiz-ýere hem gargyş okalmaz*.
4 Akmaga akmaklygyna görä jogap berme,
Ýogsam ondan tapawudyň bolmaz.
5 Akmaga jogap bereniňde, akmaklygyny paş et,
Ýogsa özüni akylly hasaplar+.
6 Işini akmaga ynanan adam
Öz aýagyna palta urýar*.
7 Akmagyň agzyndan çykan nakyl,
Agsagyň ysgynsyz aýagy ýalydyr+.
9 Akmagyň agzyndan çykan nakyl,
Serhoşyň elindäki tiken ýalydyr.
10 Akmagy, öten-geçeni hakyna tutýan adam,
Duş geleni ýaralaýan ýaýçy ýalydyr.
11 It gusugyny iýýär,
Akmak hem akmaklygyny gaýtalaýar+.
12 Özüne akyllydyryn öýdýän adamy gördüňmi?+
Akmak ondan has çalt akyllanar.
13 Ýalta: «Daşarda arslan bar!
Köçede ýolbars bar!» diýýär+.
14 Gapy petlesinde aýlanýar,
Ýalta bolsa düşeginde togalanýar+.
15 Ýalta tabaga uzadan elini,
Agzyna ýetirmäge-de ýaltanýar+.
16 Ýalta özüni ýedi akylly adamdan hem paýhasly saýýar.
18 Däli ölüm bilen oýun edip, ok atýar, naýza zyňýar,
19 Goňşusyna hile gurup:
«Oýun etdim!» diýýän hem şeýledir+.
20 Odun bolmasa, ot söner,
Töhmetçi bolmasa, dawa ýatar+.
21 Kömür köze, odun oda atylýar.
Galmagalçy adam bolsa dawa turuzýar+.
23 Garaýürekli adamyň mähirli sözleri+,
Döwlen küýzä kümüş çaýan ýalydyr.
24 Duşman ýigrenjini dili bilen ýaşyrýar,
Ýüreginde bolsa hile gurýar.
25 Onuň mähirli sözlerine ynanma,
Sebäbi kalbynda ýedi dürli erbet niýet bardyr.
26 Ol mekirlik bilen ýigrenjini ýaşyrsa-da,
Erbet niýeti ulus-ile äşgär bolýar.
27 Adam gazan çukuryna özi düşer,
Daş togalan daş astynda galar+.
28 Ýalançy dil ýigrenýän adamyny ýaralaýar,
Ýaranjaň dil heläkçilige eltýär+.